Habarlar 24 ýanwar 2018

Wakalaryň jümmüşinde

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze guruljak desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan düýpli özgertmeleriň çäklerinde ak mermerli paýtagtymyz täze gurlan desgalarynyň gerimi we ajaýyplygy bilen uly täsir galdyrýar. Soňky ýyllarda onuň binagärlik toplumyna täze taryhy döwrüň hem-de milli Liderimiziň ýöredýän döwlet syýasatynyň aýdyň nyşanlaryna öwrülen özboluşly binalaryň we desgalaryň tutuş toplumlary sazlaşykly goşuldy.

Medeniýet

Aşgabatda Belarus Respublikasynyň Medeniýet günleri dabaraly ýagdaýda açyldy

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Türkmen-belarus gatnaşyklary dostlukly ýurtlaryň ynama we açyklyga esaslanýan hyzmatdaşlygynyň aýdyň nusgasydyr, çuňňur özara hormat goýmak, hyzmatdaşlygyň geljegine umumy garaýyşlar, iki ýurduň düýpli bähbitlerine laýyk gelýän çemeleşmeler gatnaşyklaryň tapawutly aýratynlyklarydyr.

Resmi habar

Türkmen-belarus diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Prezident Aleksandr Lukaşenko gutlady

Biziň bilelikdäki tagallalarymyzyň geljekde hem döwletara gatnaşyklarynyň çuňlaşdyrylmagyna ýardam etjekdigine, belarus-türkmen hyzmatdaşlygynyň täze sepgitlere ýetiljekdigine ynanýaryn.

Resmi habar

Diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli milli Liderimizi täjik kärdeşi gutlady

Gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn şertnama-hukuk binýady işlenip taýýarlanyldy, olary netijeli öňe ilerletmegiň gurallary döredildi, halkara we sebit gün tertibiniň möhüm meseleleriniň giň toplumy boýunça ýurtlarymyzyň arasynda köp derejeli syýasy gatnaşyklar ýola goýuldy.