Habarlar 25 ýanwar 2018

Resmi habar

Sapardurdy Toýlyýew wise-premýer hem-de Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň başlygy wezipelerinden boşadyldy

* * * Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Sapardurdy Toýlyýew Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň başlygy wezipesinden boşadyldy.

Ykdysadyýet

Ekizek ýatagyndaky täze gözleg skwažinasyndan nebtiň we gazyň senagat akymy alyndy

Toýjan BORJAKOW

Häzirki wagtda ygtyýarynda ýokary öndürijilikli enjamlar bolan müdirligiň işgärleri Ekerem-Gögerendag zolagynda gözleg-agtaryş işleriniň çägini giňeldýärtler, ol ýerde geologlaryň çaklamasyna görä, nebitdir gazyň baý ýataklary bar. Ekizek ýatagyndaky taslama çuňlugy 3600 metr 16-njy gözleg skwažinasy munuň aýdyň subutnamasy boldy. Burawlaýyş döwri 3400 metr çuňlukdan nebitiň we gazyň senagat akymy alyndy.

Hyzmatdaşlyk

Aşgabatda Halkara talyp sporty federasiýasy bilen hyzmatdaşlygyň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy

Daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berlişi ýaly, duşuşygyň barşynda talyp sporty ulgamynda hyzmatdaşlygyň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar ýurdumyzyň degişli sport gurluşlarynyň FISU bilen gönüden-göni gatnaşyklary ýola goýmalydygy barada pikir aýtdylar. DIM-niň wekilleri bu meselede ýardam etmäge taýýardyklaryny bellediler.

Wakalaryň jümmüşinde

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ýur­du­my­zyň Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň umu­my ýyg­na­gy­na gat­naş­dy

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Ylym ul­ga­my­na Türk­me­nis­tan­da ýur­du­my­zyň yl­my-teh­ni­ki kuw­wa­ty­ny art­dyr­ma­gyň we döw­re­bap­laş­dyr­ma­gyň mö­hüm şer­ti hök­mün­de ga­ral­ýar. Mä­lim bol­şy ýa­ly, döw­le­ti­mi­zi ös­dür­me­giň dur­muş-yk­dy­sa­dy kon­sep­si­ýa­syn­da çuň­ňur yl­my-usu­ly­ýet bi­lim­le­ri­ne hem-de giň tej­ri­bä esas­lan­ýan in­no­wa­sion yk­dy­sa­dy­ýe­te mö­hüm orun be­ril­ýär.