Habarlar 26 ýanwar 2018

Ykdysadyýet

2017-nji ýylda Türkmenistanyň JIÖ-niň ösüş depgini 6,5 göterime deň boldy

2016-njy ýylyň görkezijileri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 6,4 göterim artdy.

Ykdysadyýet

Mary welaýatynyň Wekilbazar etraby - 2017-nji ýylyň jemleri boýunça iň gowy etrap pul baýragyny alar

Ministrlikleriň we pudak edaralarynyň beren maglumatlarynyň seljerilmegini, şeýle hem bilermenleriň bahalaryny nazara almak bilen, ilki bilen her welaýatda iň ýokary netijeleri gazanan etrap ýa-da etrap hukukly şäher kesgitlenildi, soňra welaýat tapgyrynyň ýeňijileriniň arasynda 2017-nji ýylda ýurdumyzyň iň gowy etraby saýlanyp alyndy. Netijede, Mary welaýatynyň Wekilbazar etraby ýeňiji boldy.

Hyzmatdaşlyk

Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirýär

Hasabat döwründe milli Liderimiziň daşary ýurtlara amala aşyran saparlarynyň, şeýle hem daşary ýurt döwletleriniň birnäçesiniň hem-de abraýly halkara guramalarynyň ýolbaşçylarynyň, şol sanda BMG-niň Baş sekretarynyň Türkmenistana saparlarynyň netijeleri munuň aýdyň subutnamasydyr, diýip hökümetiň 2017-nji ýylyň jemlerine bagyşlanan giňişleýin mejlisinde DIM-niň ýolbaşçysy R.Meredow belledi.

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinden

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisine ýurdumyzyň Mejlisiniň, welaýatlaryň, şäherleriň we etraplaryň häkimlikleriniň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we beýleki ýolbaşçylar çagyryldy.

Resmi habar

Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň Prezidentine Mirýan şäherinde bolup geçen ýangyn zerarly gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti şu agyr pursatda, Türkmenistanyň halkynyň hem-de Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň maşgalalaryna, dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi, ejir çekenlere bolsa, tiz wagtda sagalmaklary baradaky arzuwlaryny aýtdy.

Resmi habar

2018-nji ýylda Türkmenistanyň iň gowy etraby ady ugrunda bäsleşik yglan edildi

Şeýle hem resminama bilen 2018-nji ýylyň jemleri boýunça welaýatlarda durmuş, ykdysady we medeni taýdan ähli görkezijiler boýunça iň ýokary netijeleri gazanyp, ýeňiji bolan etraby ýa-da etrap hukukly şäheri kesgitlemek boýunça Topar döredildi hem-de onuň düzümi tassyklanyldy.

Resmi habar

Döwlet Baştutanymyz uç wise-premýeri wezipä belledi

ozal senagat ministri wezipesinde işlän Kerim Hajiýewiç Durdymyradow;

Resmi habar

Türkmenistanyň Prezidenti guramaçylyk meseleleri boýunça çözgütleri kabul etdi

Muhammetmyrat Hojalyýewiç Aýdogdyýew “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň Garlyk kaliý dag-magdan toplumynyň baş direktory wezipesine;

Hyzmatdaşlyk

Milli we halkara bilermenleri sebitde senagat howpsuzlygynyň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar

Ýelena DOLGOWA

Çäre BMG-nyň Ýewropa ykdysady toparynyň we BMG-nyň Türkmenistandaky Ösüş Maksatnamsynyň goldaw bermeginde Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdelri baradaky döwlet komiteti tarapyndan gurnaldy. Oňa ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, şol sanda Goranmak ministrliginiň Halas ediş işleri we raýat goranyşy baş müdirliginiň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Gidrometeorologiýa baradaky milli komityetiniň, Deňiz we derýa ulaglary döwlet komitetiniň, “Türkmengaz” DK-nyň, “Türkmenhimiýa” DK-nyň, “Türkmenhowaýolary” Döwlet milli gullugynyň wekilleri gatnaşdylar. Duşuşygň maksady- BMG-nyň ÝeYT-nyň serhetüsti senagat heläkçilikleri barada konwensiýasynyň düzgünleri bilen tanyşdyrmakdyr.