Habarlar 27 ýanwar 2018

Jemgyýet

Türkmenistan adam hukuklary boýunça halkara hyzmatdaşlygyna işjeň gatnaşýar

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Duşuşygyň dowamynda toparyň 2017-nji ýylda ýerine ýetiren işleriniň jemleri jemlenildi we bu düzümiň işiniň esasy ugurlary bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp masllahatlaşyldy.

Ykdysadyýet

Birža söwdalarynda nebit we dokma önümleri öňdeligi eýeledi

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Daşary ýurt walýutasyna Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini we gidroarassalanan dizel ýangyjyny satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt walýutasyna dürli görnüşli dokma önümleri, nah ýüplük, hojalyk pamygy we pagta süýümi ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Russiýa, Şweýsariýa, Birleşen Arap Emirlikleri, Türkiýe, Gyrgyzystan, Ukraina. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 38 million 316 müň dollaryndan gowrak boldy.

Resmi habar

Prezident Mun Çže In türkmen-koreý gatnaşyklarynyň has ýokary derejä çykjakdygyna ynam bildirýär

“1992-nji ýylda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan pursadyndan başlap, biziň hoşniýetli gatnaşyklarymyzyň yzygiderli ösdürilýändigine örän şatdyryn. Koreýa Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy arkaly gatnaşyklarymyzyň ýene has ýokary derejä çykjakdygyna umyt edýärin.

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmenistanyň Prezidenti harby gullukçylary Watan goragçylarynyň guni bilen gutlady

Sizi “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip yglan edilen ýylyň ilkinji günlerinde bellenilýän Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň döredilmeginiň 26 ýyllygy we Watan goragçylarynyň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!