Habarlar 29 ýanwar 2018

Wakalaryň jümmüşinde

Döwlet Baştutanymyz iş sapary bilen Balkan welaýatyna ugrady

Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar garşyladylar, bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýtda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işleriň häzirki döwürüň talaplaryna laýyklykda geçirilmelidigini belledi.

Resmi habar

Türkmenistanyň Prezidenti Miloş Zemany Çehiýa Respublikasynyň Prezidentilige gaýtadan saýlanmagy mynasybetli gutlady

Ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentine tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk hem-de dostlukly ýurduň mundan beýläk-de öňe gitmeginiň we gülläp ösmeginiň hatyrasyna iň ýokary döwlet wezipesinde üstünlikler gazanmagyny arzuw etdi.

Sport

Türkmen kikboksing türgenleri Finlýandiýanyň açyk çempionatynda 12 medal gazandylar

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Kikboksing boýunça biziň ýygyndy toparymyz Helsinki şäherinde geçirilen Finlýandiýanyň açyk çempionatyna gatnaşdylar. Sylaglar ugrunda ýüzden gowrak türgen, şol sanda Şwesiýadan, Litwadan, Estoniýadan we beýleki ýurtlardan türgenler bäsleşdiler.

Hyzmatdaşlyk

Berkararlyk we bagtyýarlyk döwrüniň ýylýazgysy—2017-nji ýyl

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Bu üstünlikler döwlet Baştutanymyzyň öňdengörüjilikli ýolbaşçylygyndan we ähli derejelerde netijeli dolandyrmakdan başlap, ýerlerde işleri göwnejaý guramaga hem-de batyrgaý çözgütleri iş ýüzünde durmuşa geçirmäge çenli köp ugurlary öz içine alýar.