Habarlar 31 ýanwar 2018

Ykdysadyýet

Döwrebap tehnologiýalaryň ýöriteleşdirilen Halkara sergisi öz işine başlady

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Türkmenistan ykdysadyýetiň ähli ulgamlaryny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak, dünýä ylmynyň gazananlaryny we iň täze tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça syýasaty üstünlikli durmuşa geçirmek bilen, görlüp-eşidilmedik ösüşlere eýe bolýar. Köp pudakly senagat tiz depginlerde kemala getirilýär, bu pudak iň täze enjamlar bilen üpjün edilendir we ýokary goşmaça bahaly bäsleşige ukyply önümçiligiň giňeldilmegini ugur edinýän öňdebaryjy tehnologiýalary we dünýä nou-haulary peýdalanmak bilen hereket edýär.

Jemgyýet

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Dabara welýat we etrap häkimlikleriniň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, kärendeçiler, ýaşlar, etrabyň köpsanly ýaşaýjylary gatnaşdylar.

Medeniýet

2017-nji ýylyň ýylýazgysy: Medeniýet ulgamy

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Döredijilik esasy Sagdynlyk we ruhubelentlik ýylynda geçirilen çäreleriň möhüm bölegi boldy. Şunuň bilen baglylykda, medeniýet sagdyn jemgyýetiň aýrylmaz bölegine öwrülip, durmuş we etiki şertleriň birnäçesi onuň görkezijisi bolup durýar, olaryň arasynda adamyň medeni durmuşyna aýratyn orun berilýär.

Hyzmatdaşlyk

“Çalyk Holding A.Ş.” Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik geçiriji ulgamynyň gurluşygyna gatnaşar

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Bellenilişi ýaly, bu gezekki duşuşyk hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Energetika ministrligi tarapyndan Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan halkara gaz geçirijisiniň ugry boýunça güýjenmesi 500 kilowolta deň bolan elektrik geçirijiler ulgamyny çekmekde özara hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny işläp taýýarlamak maksady bilen geçirilýär. Nygtalyşy ýaly, bilelikde işlenilip taýýarlanylan maksatnama netijeli gatnaşyklaryň ygtybarly binýady bolup hyzmat eder, ol “Çalyk Holding A.Ş.” türk kompaniýasy bilen energetika pudagynda netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça anyk teklipleri özünde jemleýär.

Hyzmatdaşlyk

Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň wekiliýeti möhüm pudaklar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegiň esasy ugurlaryny kesgitlediler

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan we Azerbaýjan kuwwatly serişde, ykdysady we ulag-aragatnaşyk mümkinçiliklerine eýedir. Olaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi ikitaraplaýyn bähbitlere, şeýle hem sebit we ählumumy derejelerde abadançylygyň we durnukly ösüşiň maksatlaryna laýyk gelýär. Şunuň bilen baglylykda, ýangyç-energetika pudagy we ulag ýaly strategik ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň mümkinçilikleri gyzyklanma bilen ara alnyp maslahatlaşyldy.

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Azerbaýjanyň DIM-niň ýolbaşçysy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meseleleri boýunça pikir alyşdylar

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Azerbaýjanyň DIM-niň ýolbaşçysy wagt tapyp kabul edenligi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Milli Liderimize Azerbaýjanyň umumy bähbitlere gabat gelýän netijeli döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmäge azerbaýjan tarapynyň gyzyklanýandygyny tassyklaýan Prezident Ilham Alyýewiň mähirli salamyny we iň oňat arzuwlaryny ýetirdi.

Wakalaryň jümmüşinde

“Çalyk Holdingiň” ýolbaşçysy hormatly Prezidentimize Halkara deňiz menziliniň gurluşygynyň barşy barada habar berdi

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Işewür wagt tapyp kabul edendigi üçin milli Liderimize hoşallygyny bildirip, özüniň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasy üçin okgunly ösüş derejesini görkezýän ýurdumyz bilen hyzmatdaşlyk etmegiň uly hormatdygyny nygtady. Bellenilişi ýaly, Türkiýäniň işewür toparlary Türkmenistan bilen köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge hem-de bu ýerde ýaýbaňlandyrylan giň mösberli özgertmeler maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge ýokary gyzyklanma bildirýärler.

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmenistanyň Prezidenti Senagat önümleriniň, enjamlarynyň we döwrebap tehnologiýalaryň halkara sergisine gatnaşyjylara gutlag bilen ýüzlendi

Döwletimiziň ykdysady strategiýasyna laýyklykda, Türkmenistanda bazar gatnaşyklaryna ulgamlaýyn we tapgyrlaýyn geçilmegi ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmek boýunça toplumlaýyn wezipeleriň çözgüdi bilen utgaşdyrylýar. Senagat pudaklarynda amala aşyrylýan özgertmeler ýokary tehnologiýaly önümçilik düzüminiň döredilmeginden, bay tebigy serişdelerimiziň binýadynda bäsdeşlige ukyply önümleriň möçberleriniň artdyrylmagyndan hem-de milli ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekden ugur alýar. Ýurdumyzyň halk hojalygyny toplumlaýyn senagatlaşdyrmak strategiýasy, bu ugurda gazanylan üstünlikler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň okgunly ösüşiniň aýdyň ...