Habarlar 8 ýanwar 2018

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Iş maslahatynyň barşynda ilki bilen Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew ýurdumyzyň baş şäherini abadanlaşdyrmak, gök zolaklary döretmek boýunça ýaýbaňlandyrylan giňişleýin çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem iş maslahatynda Aşgabatda gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy, paýtagtymyzy ösdürmegiň geljekki ugurlary bilen baglanyşykly meseleler barada durlup geçildi.

Resmi habar

Hormatly Prezidentimiz wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda Permana gol çekdi

Atamyrat Gurbandurdyýewiç Rejepalyýew Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň häkimi wezipesine bellenildi;

Jemgyýet

Türkmen alabaýy-milli baýlyk, wepadar dost we tapylgysyz kömekçidir

Galina KAMAHINA, biologiýa ylymlarynyň kandidaty

Adamlar gadymy döwürlerde mallaryny öýleriniň golaýynda bakan döwründe itler esasan obalaryň goragçysy hökmünde ulanylypdyr. Miladydan öňki I asyryň başynda göçegçi dowardarlar eýýamy başlanýar. Olar sürülerini sürüp, alys ýerlerde mal bakanda it ýaly wepadar goragçysyz oňmak kyn bolupdyr. Häzirki türkmen itleriniň asly hem dowar bakmaga kömek edip, eýelerini we mallary ýyrtyjy haýwanlardan gorap gezipdirler. Türkmen alabaýy çydamlydyr, ol iýmit dannamaýar, köp wagtlap sürüni ýyrtyjy haýwanlardan goranda-da, bir döwüm çörek bilen oňňut edýär.

Hyzmatdaşlyk

Türkmenistan Beýik Ýüpek ýoluny polat görnüşinde dikeldýär

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Türkmenistanyň üstaşyr geçelgelerini hasaba almak bilen, ägirt uly Aziýa sebitiniň ýurtlaryny birleşdirýän has amatly ýollary gözläp tapmak ýurdumyzyň geografiki ýagdaýynyň artykmaçlyklaryny nazara almak bilen, onuň logistika ulgamyny ösdürmegiň wezipelerine laýyk gelýär. Multimodal düzümi döretmäge gönükdirilen iri möçberli ulag taslamalarynyň başyny başlan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletimiziň üstaşyr mümkinçiliklerini artdyrmagyň Türkmenistanyň durmuş-ykdysady we tehnologiki taýdan ösmeginiň, dünýä hojalyk gatnaşyklar ulgamyna goşulyşmagynyň möhüm şertleriniň biridigini belleýär.