Habarlar 11 fewral 2018

Wakalaryň jümmüşinde

Döwlet Baştutanymyz harby-howa güýçleriniň tehniki enjamlaşdyrylyşy we mümkinçilikleri bilen tanyşdy

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Türkmenistan döwrüň talaplaryna hem-de diňe goranyş häsiýete eýe bolan Harby doktrina laýyklykda Milli Goşunymyzyň ösüşini üpjün edip, öz Bitaraplyk derejesine yzygiderli ygrarlydyr. Döwletimiziň netijeli daşary syýasaty, onuň halkara giňişliginde tutýan parahatçylykly, döredijilikli orny Bitaraplyk derejesiniň düzgünlerinden ugur alýar. Türkmen Lideriniň başyny başlan we yzygiderli durmuşa geçirýän hut şu parahatçylyk söýüji, hoşniýetli goňşuçylyk syýasaty hem Merkezi Aziýa sebitinde durnuklylygy saklamagyň işjeň guraly boldy.

Medeniýet

Karawajonyň eserleri Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky ýurtlarda görkezilýär

Tamara GLAZUNOWA

Italiýanyň diplomatik wekilhanasynyň medeniýet boýunça attaşesi Mikela Sandininiň söhbetdeşligimizde belleýşi ýaly, eýýäm Bakuwyň we Tbilisiniň ýaşaýjylary Karawajonyň işleri bilen tanyşdylar, indi sergi Aşgabatdan soň Daşkentde görkeziler. “Serginiň guramaçylary şu ýoly saýlap, Beýik Ýüpek ýolunyň bir bölegini täzeden dikeltmegi niýet edindiler. Sanly tehnologiýalaryň giňden ulanylmagy Karawajonyň eserleriniň her bir detalyny ýokary derejede jikme-jik takyk görkezmäge mümkinçilik berdi. Şunuň netijesinde sergä gelip, eserler bilen tanyşýanlar edil olaryň asyl nusgasyna syn edýän ýaly bolýarlar. Aşgabatlylar Karawajonyň eserleriniň 19-syny Çeperçilik sungaty muzeýinde, 14-sini bolsa Çeperçilik akademiýasynyň ...

Medeniýet

“Şu gün we her gün manežde...”: türkmen sirk sungatynyň taryhyndan

Wladimir ZAREMBO

1905-nji ýyldan başlap, «Асхабадъ» gazetiniň sahypalarynda “dürli ýurtlardan we şäherlerden” sirk artistleriniň çykyşlary barada bildirişler peýda bolýar. Sirk artistleri Merw şaýoly bilen Stawropol köçesiniň (häzirki Magtymguly şaýoly bilen B. Kerbabaýew köçesiniň) burçunda, häzirki “Parahat” kinokonsert zalynyň (ozalky “Mir” kinoteatrynyň) töwereginde düýpli gurlan binada çykyş edipdirler. Binanyň eýesi Regina Dobržanskaýa bolansoň, ol “Dobržanskaýanyň sirk-teatry” diýlip atlandyrylypdyr. Näme üçin teatr diýildikä? Sebäbi sirk tomaşalary bilen birlikde Zakaspiý oblastynyň Naçalniginiň resminamalarynda bellenilen “tomaşa jaýynda” sahna oýunlary-da görkezilipdir. 1901-nji ýylda bu ýede ajaýyp rus ...

Medeniýet

Daňdanakandan tapylan täsin zatlar gündogar lukmançylygynyň şol döwürde pajarlap ösendigine şaýatlyk edýär

Ruslan MYRADOW

Gadymy türkmen şäheri Köneürgençde deň-duş bolan bu alymlaryň ikisi hem Horezm şasy Mamun II köşgünde işläpdirler, bu şäherde XI asyryň ähli gündogar ylmynyň meşhur alymlary ýygnanan köşk akademiýasy 1017-nji ýyla çenli işläpdir. Ondan bäri tutuş müň ýyl geçen hem bolsa, olaryň işleri häzire çenli gaýta-gaýtadan neşir edilýär. Meselem, “Farmakognoziýa” ylmy işi özünde dermanlyk ösümlikleriň sanawyny saklaýar. Bu işiň çeşmeleri iki ýarym müňe golaý pars, grek, siriýa we hindi golýazmalary boldular. Beýik ensiklopedik alym Ibn Sinanyň Köneürgençde ýaşan döwürleri ýazan “Lukmançylyk ylymlarynyň kanunlary” atly bäş tomluk zähmeti dünýäde aýratyn bellidir. Bu ylmy işde lukmançylygyň arassaçylygy ...

Jemgyýet

Gurluşyk we binagärlik žurnaly pudaklaýyn ösüşiň konsepsiýalary barada

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Žurnalyň her sanynda Türkmenistanyň binagärlik-gurluşyk toplumynyň üstünlikleri we ýeten sepgitleri, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan pudagyň öňünde goýlan iri möçberli wezipeleriň ýerine ýetirilişi barada gürrüň berilýär. Türkmen, iňlis we rus dillerinde çykýan neşir bu ulgamda halkara maglumatlary alyşmagyň ösdürilmegine, maýadarlaryň, buýrujylaryň, taslama düzüjileriň, gurluşykçylaryň serişdeleri we enjamlary öndürijileriň hem-de olary iberijileriň arasynda hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine, öňdebaryjy tehniki çözgütleriň hem-de täze döredijilik teklipleriň, innowasiýa häsiýetli ylmy işläp taýýarlamalaryň önümçilige ornaşdyrylmagyna ýardam berýär.