Habarlar 13 fewral 2018

Ykdysadyýet

2017-nji ýylyň ýyl ýazgysy: Gurluşyk we elektroenergetika

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Şol birwagtda ýurdumyzyň gurluşyk senagatynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, önümçilik we ylmy-tehniki kuwwatyny güýçlendirmek, ýerli çig maldan taýýarlanylýan, daşary ýurtlardan getirilýän görnüşlerinden pes bolmadyk gurluşyk serişdeleriniň sanawyny artdyrmak, hojalygy dolandyrmagyň, şol sanda hususy işewürleriň gatnaşmagynda dolandyrmagyň netijeli usullaryny ornaşdyrmak ýaly möhüm wezipeler çözülýär.

Wakalaryň jümmüşinde

Türk kompaniýalary TOPH gaz geçirijisiniň taslamasynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşmaga taýýar

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, türkiýeli işewürleriň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmäge buýsanýandygyny belledi. Dürli ulgamlarda üstünlikli durmuşa geçirilen we häzirki wagtda amala aşyrylýan bilelikdäki taslamalar bu hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigine şaýatlyk edýär. Şunda Türkiýäniň işewür toparlary geljegi uly türkmen bazarynda eýeleýän orunlaryny berkitmäge gyzyklanma bildirýärler. Ýurdumyzda netijeli gatnaşyklar üçin ähli şertler, şol sanda amatly maýa goýum ýagdaýy döredildi.

Ylym

Gyşda Bathyz goraghanasynyň işgärleri keýikleriň we aýraklaryň toplanýan ýerlerine ot –iým daşaýarlar

Atageldi PIRNYÝAZOW, Bathyz goraghanasy

ХIII asyr syýahatçylarynyň bellemegine görä, bu ýeriň sümme tokaýyndan birnäçe günläp ýol aşylýan eken. Gynansagam, häzir orta asyrlar tokaýynyň ösümlikleri ýok. ХIХ asyryň ahyrynda bu ýerde işlän botanikaçylar hem Bathyzyň ösümliklerine biziň häzirki görýän durkumyzda duşupdyrlar. Bu ýeriniň howasy has tapawutly iki hilli—gurak we ygally bolup, ol Orta deňiz tipine degişlidir. Birinji möwsüm maýdan oktýabra, ikinjisi oktýabrdan maý aýyna çenli dowam edýär. Bu ýeriň tomsy Garagumyň golaýdaky sebitlerindäkiden has maýyl, gyşy gazaply bolýar. Birnäçe ýyldan bir gezek ýigrimi gradus aýaz bolýar. Ýerde gar 10 günden artyk ýatmaýar, ýöne kä ýyllarda ol bir aýa çenli eremeýär.

Jemgyýet

Türkmenabadyň halkara aeroportunyň gurluşygy tamamlandy

Wladimir KOMAROW

Gündogar sebitiň administratiw merkeziniň täze awiaulag toplumyny “Gündogdy” hojalyk jemgyýeti bina etdi, ol şäherden 13 kilometr uzaklykda Aşgabat-Türkmenabat gara ýolunyň we Aşgabat-Kerki demir ýolunyň golaýynda ýerleşýär. Şeýlelikde, Lebap welaýatynda iri ulag ulgamy kemala geldi, ol sebitiň ilatyna hyzmatyň derejesini has-da ýokarlandyrar hem-de halkara we ýerli ugurlarda ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň mümkinçiliklerini giňelder.

Sport

Olimpiýa şäherjiginde boks boýunça Türkmenistanyň çempionaty badalga aldy

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Ýaryşlara erkekleriň we zenanlaryň arasynda on agram derejesinde paýtagtymyzdan we welaýatlardan türgenleriň jemi ýüze golaýy gatnaşýar.

Sport

AFK-2018 Kubogy ugrundaky 2-nji saýlama tapgyrynyň çäklerinde «Ahal» Täjigistanyň «Hujand» toparyny ýeňdi

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Duşuşygyň başyndan biziň futbolçylarymyz artykmaçlygy öz eline alyp, garşydaşyň derwezesiniň alkymynda yzygiderli hüjümleri alyp bardylar. Ahallylaryň ýiti hüjümleri täjigistanly futbolçylaryň howply pursatlary sowmaga synanyşmaklary bilen, yzygiderli ýalňyşmagyna alyp bardy. Oýnuň 17-nji minutynda myhmanlaryň goragçysynyň ýalňyşlygy netijesinde on bir metrlik jerime urgusy bellenildi. Myrat Annaýew dürs urgy bilen pökgini derwezäniň burçuna salmagy başardy.