Habarlar 15 fewral 2018

Sport

Milli boks çempionatynyň finalçylarynyň atlary belli boldy

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Oýun güni 48 kilograma çenli iň ýeňil agram derejesinde zenanlaryň ýarym final duşuşyklary bilen açyldy. Duşuşygyň birinji raundy deňeçer geçip, onda Balkan welaýatynyň toparyna wekilçilik edýän Göwher Begjanowa tiz urgulary—göni jebleri ulandy, Aşgabatdan Gülşat Poladowa bolsa garşylyklaýyn takyk urgular bilen jogap berdi. Bäsleşigitň ikinji raundy özara birmeňzeş hüjümler bilen geçdi. Üçünji jemleýji raundy paýtagtly türgen gyz işjeň geçirip, takyk urgularyň birnäçesini ýerine ýetirdi, bu bolsa, jemleýji netijäni onuň peýdasyna kesgitledi. G.Poladowa ýaryşyň ilkinji finalçysy bolup, altyn ugrunda göreşmegi dowam etmäge mümkinçilik gazandy.

Ykdysadyýet

2017-nji ýylyň ýylýazgysy: Senagat

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Olar himiýa we dokma senagaty, gurluşyk, materiallary ýaly ulgamy düzýän ugurlar bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gaýtadan işleýän pudaklary innowasion esasda toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmagy, olary ösüşiň çig mal däl ugruna geçirilmegini göz öňünde tutýan ykdysady strategiýasyna laýyklykda, ýokary tehnologiýaly önümçilik düzümini döretmek, baý tebigy serişdelerimiziň binýadynda köp dürli we bäsdeşlige ukyply önümleriň möçberini artdyrmak wezipeleri çözülýär.

Resmi habar

Döwlet Baştutanymyz Daniýanyň Şazenanyna ýanýoldaşynyň aradan çykmagy zerarly gynanç bildirdi

Türkmen döwletiniň Baştutany şu agyr pursatda, Daniýanyň Şazenanyna ruhy durnuklylyk diläp, onuň maşgalasynyň ähli agzalaryna ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi.

Resmi habar

Paýtagtymyzyň häkimligi we Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş Dolandyryş Müdirligi täze desgalary gurmaga şertnamalary baglaşar

Gurluşyk işlerine 2018-nji ýylyň sentýabr aýynda başlamak we binany 2020-nji ýylyň awgust aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi. *** Döwlet Baştutanymyz Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş Dolandyryş Müdirligine Aşgabat şäheriniň Çandybil şaýolunyň ugrunda Türkmenistanyň Halkara maslahatlar merkeziniň binalar toplumynyň taslamasyny düzmek we ony häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edip, ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada “Bouygues Batiment International” fransuz kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

Resmi habar

“Buig” kompaniýasy Aşgabatda “Türkmenbaşy” we “Senagat” banklarynyň edara binalaryny gurar

Gurluşyk işlerine 2018-nji ýylyň mart aýynda başlamak we binalary 2019-njy ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

Wakalaryň jümmüşinde

“Rohde & Schwarz” kompaniýasy türkmen bazarynda tutýan ornuny berkitmäge ymtylýar

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Myhman wagt tapyp kabul edendigi hem-de hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Ýewropanyň hem-de tutuş halkara işewürler toparlarynyň oňyn özgertmeler ugruny yzygiderli amala aşyrýan Türkmenistan bilen işewür gatnaşyklary giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.

Jemgyýet

Ýakyn geljekde nobatdaky täze gurluşyklar Aşgabadyň binagärlik keşbini bezär

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Soňky ýyllarda türkmen paýtagtynyň okgunly özgerýän binagärlik keşbini ajaýyp binalaryň we desgalaryň tutuş toplumlary bezedi. Olar täze taryhy eýýamyň hem-de milli Liderimiziň durmuşa geçirýän oňyn döwlet syýasatynyň üstünlige eýe bolýandygynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Paýtagtymyzyň desgalarynyň ençemesi, şeýle hem dünýäde ak mermerli binalaryň iň köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Munuň özi türkmenistanlylaryň hakyky buýsanjy bolup durýar. Ýakyn geljekde ýurdumyzyň baş şäherini nobatdaky täze desgalar bezär. Milli Liderimiziň gol çeken degişli kararlaryna laýyklykda, olaryň taslamasyny düzmek we gurmak Türkmenistanyň öňden gelýän işewür hyzmatdaşy—“Buig Batiman ...