Habarlar 17 fewral 2018

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: ýurdumyzyň içerki we daşarky syýasatynyň ösmeginde diplomatlara uly orun degişlidir

Özüniň hemişelik bitaraplyk ýörelgelerine eýerýän Türkmenistan halkara giňişliginde syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmäge uly goşant goşýar. Biziň döwletimiz dünýä taryhynyň aýrylmaz bölegi bolan Beýik Ýüpek ýolunyň mirasynyň täze müňýyllygyň şertlerinde döredijilikli ulanylmagyna, ony parahatçylygyň we halkara hyzmatdaşlygynyň bähbitlerine gönükdirmäge uly üns berýär.

Hyzmatdaşlyk

Maslahata gatnaşyjylar Beýik Ýüpek ýolunyň täze şertlerde dikeldilmeginde Türkmenistanyň orny barada pikir alyşdylar

Ýuriý Şkurin

Maslahata Türkmenistanyň diplomatik toparynyň wekilleri, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalarynyň wekilleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Ykdysadyýet

DHÇMB söwdalarynda geleşikleriň bahasy ABŞ-niň 45 million dollaryna barabar boldy

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirliklerinden gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awiakerosini satyn aldylar. Şeýle hem daşary ýurt walýutasyna Russiýadan, Beýik Britaniýadan, BAE-den, Şweýsariýadan, Türkiýeden we beýleki ýurtlardan gelen telekeçilere portlandsement, nah ýüplük, pagta süýümi ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 44 million 860 müň dollaryndan gowrak boldy.