Habarlar 19 fewral 2018

Wakalaryň jümmüşinde

Hökümet maslahatynda döwlet durmuşyna degişli möhüm meselelere garaldy

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Hormatly Prezidentimiz ilki bilen göni aragatnaşyga Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewi çagyrdy, ol paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň ýylylyk we energiýa üpjünçiligi ýerine ýetirilişi boýunça geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem paýtagtmyzyň etraplaryny abadanlaşdyrmak bilen bagly alnyp barylýan işler barada habar berildi.

Resmi habar

“Cotam Enterprises Ltd.” kompaniýasy Kaka etrabynda dokma toplumyny gurar

Gurluşyk işlerine 2018-nji ýylyň mart aýynda başlamak we dokma toplumyny 2021-nji ýylyň mart aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

Sport

Aşgabatda diplomatik wekilhanalaryň toparlarynyň arasynda sport ýaryşy geçirildi

Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berlişi ýaly, 3х3 görnüşde basketbol ýaryşy Halkara gatnaşyklary institutynyň spor t toplumynda; 400 metre köpçülikleýin ylgaw Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň stadionynda; aň-paýhas bäsleşikleri Aşgabadyň ýörüteleşdirilen küşt mekdebinde geçirildi.

Jemgyýet

Türkmen ekologlary Menzbir ornitologiýa jemgyýetiniň döredilmeginiň 35 ýyllygyna bagyşlanan çärelere gatnaşdylar

Ýelena DOLGOWA

Türkmen alymlary E. K. Rustamow, Ö. S. Sopyýew we M. B. Amanowa dagy hem jemgyýeti döretmegiň gözbaşynda duranlardyr. Şu hereketiň çäklerinde biziň ýurdumyzda-da—dekabrda “Durnalar güni”, aprelde “Guşlar güni” we maý aýynda bolsa “Ötegçi guşlaryň güni” bellenilýär. Ýurdumyzyň ornitologlary Daşky gurşawy goramak we ýer serişdelri baradaky döwlet komitetiniň ýardam bermeginde awçylaryň arasynda leksiýalar okaýarlar we Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary hem-de mekdep okuwçylary bilen ekskursiýalar, şeýle hem MOJ-yň weteranlary bilen duşuşyklar gurnaýarlar. Russiýaly, azerbaýjanly, belarusly, gazagystanly, gyrgyzystanly, özbegistanly, ukrainaly ornitologlar bilen hyzmatdaşlyk ýola goýuldy, ...

Medeniýet

Umarowlaryň maşgalasynda zehinli-ukyply dört nakgaş bar

Tamara GLAZUNOWA

Rahman Umarowyň eserleri goýlan bölüm nakgaşyň döredijiliginiň dürli tapgyrlary bilen tanyşdyrýar, bu bolsa onuň özüne mahsus tilsimleriniň kemala gelşine, onuň sungatda we sungatyň onda ösüşine syn etmäge mümkinçilik berdi.

Resmi habar

Döwlet Baştutanymyz Eýrandaky ýolagçy uçarynyň heläkçilige uçramagy zerarly gynanç bildirdi

Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi.