Habarlar 23 fewral 2018

Wakalaryň jümmüşinde

Täze transmilli desgalaryň gurluşygyna taryhy badalga berildi

Giň gerimli düzümleýin taslamalaryň başyny başlaýan milli Liderimiz tarapyndan yzygiderli amala aşyrylýan Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň döredijilikli daşary syýasy strategiýasy bu taryhy ähmiýetli wakalarda anyk beýanyny tapýar. Şol taslamalar sebitde we dünýäde parahatçylygy we durnuklylygy berkitmäge, dostlukly gatnaşyklary, hoşniýetli goňşuçylygy hem-de giň netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam edýär.

Jemgyýet

Türkmenistanyň Merkezi banky TOPH taslamasyna bagyşlanylan ýadygärlik şaýy pullary çykardy

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Şaýy pullaryň ikisiniň hem ýüz tarapynyň merkezinde içki tegelekde çäge aňňatlarynyň fonunda TOPH taslamasyna gatnaşyjy döwletleriň kartalary şekillendirilen. Bu kartalarda TÜRKMENISTAN, OWGANYSTAN, PAKISTAN, HINDISTAN diýlip degişlilikde her ýurduň türkmen dilinde öz ady ýazylan. Şol ýerde gaz geçirijiniň her ýurtdaky kesgitlenen nokady we gaz geçirijiniň ugry görkezilen. Bu ugruň ýoly bilen, Beýik Ýüpek ýoluny alamatlandyrýan düýeli kerwen şekillendirilen. Içki tegelegiň ýokarky böleginde, gaz geçirijiniň ýoly bilen çekilmegi meýilleşdirilýän elektrik geçiriji ulgamy ýerleşdirilen. Içki tegelegiň aşaky böleginde uly diametrli turba görnüşinde gaz geçiriji şekillendirilen. Çep tarapda esasy turbanyň şahasyndan çykyp ...

Ykdysadyýet

Azyk senagaty döwlet birleşiginiň “Ruhubelent” ÝGPJ-niň hojalyklarynda pomidor tohumy ekilýär

Ýelena DOLGOWA

Mart aýynyň ahyrynda howa şertleri amatly bolsa “Ruhubelendiň” gök ekarançylary nahallaryň millionlarçasyny oturdyp, hasyly ýetişýänçä dört gezek hatarara bejergi geçip, suwaryp, ekinnlere dökün bererler. Tomsuň ilkinji aýyndan başlap bişen pomidorlar gaýtadan işlenilip ugrar. Kärhanada pomidoryň ýurdumyzyň toprak-howa şertlerine has gowy uýgunlaşan, miweleri gaplamaga amatly ýokary hasylly çaknyşdyrylan golland görnüşleri ýetişdirilýär. Paýdalar jemgyýetiniň ýyladyş toplumynda pomidoryň beýleki, şol sanda seçgi esasynda alnan ýerli görnüşleri-de synag edilýär.

Ykdysadyýet

Daşoguzly telekeçiler oba senagat toplumyny ösdürmäge işjeň ganaşýarlar

Batyr ÖRÄÝEW

“Ýüpek ýoly gurluşyk” Hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri 1200 baş gara mal saklamaga niýetlenen has uly maldarçylyk fermasyny gurarlar. Munuň üçin döwlet tarapyndan uzak möhletleýin peýdanlanmaga 600 gektar ýer bölünip berildi. Onuň 17 gektarynda ferma we kömekçi binalr gurlar, galan ýerde bolsa, tapgyrlaýyn ot-iým ýetişdiriler. Bu ýerde ýylda 100 tonna süýt we 300 tonna et öndürmek göz öňünde tutulýar.

Wakalaryň jümmüşinde

TOP we TOPH taslamalary boýunça resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Hökümetiniň, Owganystan Yslam Respublikasynyň Hökümetiniň hem-de Pakistan Yslam Respublikasynyň hökümetiniň arasynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik geçirijisi barada hökümetara Ylalaşygyna hem-de Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisinniň taslamasy boýunça kabul ediji döwletiň Hökümeti bilen Ylalaşygyň baş şertlerine gol çekildi.

Wakalaryň jümmüşinde

Mobaşar Jawed Akbar: Hindistan Türkmenistanyň Prezidentiniň öňdengörüjilikli syýasatyny goldaýar

Şunuň bilen baglylykda, Hindistanyň wekili öz ýurdunda görnükli türkmen serkerdesi Baýramhan Türkmeniň ogly Abdyrahym hanyň kümmetiniň ýerleşýändigini ýatlatdy. Jenap Mobaşar Jawed Akbar Baýramhan Türkmeniň beýik işleri barada aýdyp, öz baýlygyny paýlaşmaga we asylly işlere ruhlandyrmaga ukyply adamyň belent mertebesini wasp edýän goşgy setirlerini getirdi we olary türkmen Lideri - hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ählumumy parahatçylygyň we abadançylygyň bähbidine Türkmenistanyň eýe bolan baýlyklaryndan peýdalanmaga gönükdirilen häzirki başlangyçlary bilen baglanyşdyrdy. Hindistanyň daşary işler döwlet ministri bu pikiri: “Bilimler wagtyň geçmegi bilen ösýär, rowaçlygy paýlaşsaň, ol köpelýär” ...

Wakalaryň jümmüşinde

Pakistan täze energiýa geçirijisine aýratyn gyzyklanma bildirýär

Pakistanyň lideri Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa halkara energetika hyzmatdaşlygy meselelerine oýlanyşykly çemeleşýändigi hem-de bu strategiki ulgamda öňe süren oňyn başlangyçlary üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Wakalaryň jümmüşinde

Mohammad Aşraf Gani TOPH taslamasynyň durmuşa geçirilmegi ugrundaky tagallalary üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirdi

Owgan lideri sebit ösüşi nukdaýnazaryndan şu günki wakanyň ägirt uly ähmiýetini belledi: «Hindistandan, Pakistandan we beýleki ýurtlardan başlap, Günorta Aziýa döwletleri ähli ugurlarda döwletara gatnaşyklaryny işjeň ösdürýärler. Şol bir wagtyň özünde Merkezi Aziýa Günorta Aziýanyň döwletleri bilen hyzmatdaşlygy giňeldýär. Merkezi Aziýa sebiti netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda köpri bolup hyzmat edýär».

Wakalaryň jümmüşinde

Serhetabat-Turgundy demir ýoly ulanmaga berildi

Dabaralara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de ýurdumyza gelen Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani, Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Şahid Hakan Abbasi hem-de Hindistan Respublikasynyň Daşary işler döwlet ministri Mobaşar Jawed Akbar gatnaşdylar.

Wakalaryň jümmüşinde

Gurbanguly Berdimuhamedow: Türkmenistan bilen Owganystanyň arasynda özara hyzmatdaşlyk barha giň gerime eýe bolýar

Gorlary boýunça dünýäde ikinji orunda durýan «Galkynyş» käninden gözbaş aljak TOPH taslamasynyň durmuşa geçirilmegi sebitde möhüm durmuş meselelerini çözmekden başga-da, parahat we durnukly ösüşi berkitmäge hem ýardam eder. Müňlerçe täze iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berer.

Wakalaryň jümmüşinde

Mary welaýatynda TOPH gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyna badalga berildi

Dabaralara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani, Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Şahid Hakan Abbasi hem-de Hindistan Respublikasynyň Daşary işler döwlet ministri Mobaşar Jawed Akbar gatnaşdylar.