Habarlar 24 fewral 2018

Ykdysadyýet

Nebitiň we pagtanyň gaýtadan işlenen önümleri DHÇMB söwdalarynyň esasy harydy boldy

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Daşary ýurt walýutasyna Hytaýdan, ABŞ-den, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzin, hidro arassalanan dizel ýangyjyny, gyzdyrylan nebit koksy we ýagy satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt walýutasyna jins önümleri, hojalyk pamygy, arassalanan pagta ýagy, armatur, aýna önümleri, nah ýüplük we pagta-süýümi ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Russiýa, Şweýsariýa, BAE, Türkiýe, Owganystan we beýlekiler. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 111 million 52 müň dollaryndan gowrak boldy.

Wakalaryň jümmüşinde

Döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda täze serhet galasynyň toplumy ulanyşa girizildi

Ir säher bilen döwlet Baştutanymyzyň awtoulagy serhet galasynyň ýanyndaky meýdança gelýär.