Habarlar 5 fewral 2018

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Iş maslahatynda ilki bilen Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew ýurdumyzyň baş şäherini abadanlaşdyrmak, paýtagtymyzyň etraplarynyň çäklerinde degişli arassaçylyk ýagdaýyny saklamak boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem hasabatyň çäklerinde “Täze zaman” ýaşaýyş toplumynyň nobatdaky tapgyryny açyp, ulanmaga bermek boýunça görlen taýýarlyk işleri barada habar berildi.

Resmi habar

Döwlet Baştutanymyz Pakistanyň Swat raýonynda bolup geçen terrorçylyk zerarly gynanç bildirdi

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

“Türkmenistan terrorçylygyň we ekstremizmiň islendik ýüze çykmalaryny aýgytly ýagdaýda ýazgarmak bilen, bu apata garşy göreşmek we ony ýok etmek işinde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny doly goldaýar” diýlip, hatda aýdylýar.