Habarlar 1 march 2018

Sport

Türk­me­nis­ta­nyň ýy­gyn­dy­sy hok­keý bo­ýun­ça dün­ýä çem­pio­na­ty­nyň üçün­ji di­wi­zio­nyn­da üs­tün­lik ga­zan­dy

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Bi­ziň ýy­gyn­dy­myz we ýer eýe­le­ri soň­ky oý­na iň go­wy gör­ke­zi­ji­ler bi­len gel­di­ler – ola­ryň her bi­ri BAE-niň we Ka­ta­ryň to­par­la­ryn­dan üs­tün çy­kyp, 6 utuk ga­zan­dy­lar.

Ykdysadyýet

Aş­ga­bat­da Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň önüm­le­ri­niň ser­gi­si açyl­dy

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Şu ge­zek­ki fo­ru­ma gat­naş­mak üçin Aş­ga­ba­da EYR-nyň se­na­gat, mag­dan­lar we söw­da mi­nist­ri Mo­ham­mad Şa­riat­ma­da­ri­niň baş­tu­tan­ly­gyn­da ýol­baş­çy­lar­dan we 60-dan gow­rak kom­pa­ni­ýa­la­ryň we­kil­le­rin­den yba­rat we­kil­çi­lik­li to­par Aş­ga­ba­da gel­di. Ola­ryň ha­ta­ryn­da Türk­me­nis­ta­nyň öň­den gel­ýän hyz­mat­daş­la­ry, dür­li ugur­lar­da ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gyň köp­ýyl­lyk tej­ri­be­si­ne eýe bo­lan işe­wür­ler bar. Ser­gä gat­na­şy­jy­la­ryň ag­la­ba bö­le­gi üçin bu ser­gi ýur­du­myz­da öz önüm­le­ri­ni gör­kez­mek, türk­men kär­deş­le­ri bi­len gel­jek­de bi­le­lik­de iş­le­me­giň ...

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geneşiniň mejlisi

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Il­ki bi­len Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň sek­re­ta­ry, go­ran­mak mi­nist­ri Ý.Ber­di­ýe­we söz be­ril­di. Ý.Ber­di­ýew ga­ral­ýan dö­wür­de ýur­du­my­zyň go­ra­nyş uky­by­ny pug­ta­lan­dyr­ma­ga we Mil­li go­şu­nyň kuw­wa­ty­ny güýç­len­dir­mä­ge gö­nük­di­ri­len top­lum­la­ýyn har­by öz­gert­me­le­riň çäk­le­rin­de dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän anyk çä­re­ler, şeý­le hem Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­my­zyň ozal be­ren tab­şy­ryk­la­ry­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.

Resmi habar

Birnäçe döwletler bilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparlarynyň düzümi tassyklanyldy

Türkmenistan bilen Fransiýa Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň we Fransiýa Respublikasynyň arasyndaky Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-fransuz toparynyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.

Resmi habar

5-16-njy martda Awazada “Hazar deňzi – durnukly ösüş we dolandyryş” atly okuw maslahaty geçirler

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine we Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasyna okuw maslahatyny talaba laýyk guramagy we geçirmegi üpjün etmek tabşyryldy.

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmenistanyň Prezidenti Eýranyň senagat, magdanlar we söwda ministrini kabul etdi

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, ähli türkmen halkyna abadançylyk we gülläp ösüş baradaky arzuwlaryny beýan eden Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň döwlet Baştutanymyza aýdan mähirli salamyny ýetirdi. Nygtalyşy ýaly, Eýranda ägirt uly kuwwata eýe bolan depginli ösýän Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berilýär.

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň XIV ýöriteleşdirilen sergisine we türkmen-eýran işewürler maslahatyna gatnaşyjylara gutlagyny iberdi

Öz göz­ba­şy­ny müň­ýyl­lyk­lar­dan alyp gaýd­ýan do­gan­lyk türk­men-eý­ran gat­na­şyk­la­ry­nyň ta­ry­hy iki ýur­duň öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gy üçin yg­ty­bar­ly esas bo­lup hyz­mat ed­ýär. Hä­zir­ki dö­wür­de Türk­me­nis­tan­da ama­la aşy­ryl­ýan yk­dy­sa­dy öz­gert­me­le­riň ne­ti­je­sin­de, kuw­wat­ly pu­dak­lar ke­ma­la gel­ýär we döw­re­bap kär­ha­na­lar gu­rul­ýar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Türk­me­nis­tan öz ha­ryt­la­ry­ny dün­ýä we se­bit ba­zar­la­ry­na iber­mek­de eý­ran­ly işe­wür­ler bi­len hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk hem ös­dür­mä­ge gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýär.