Habarlar 10 march 2018

Ykdysadyýet

Birža söwdalarynda nebiti we pagtany gaýtadan işlemekden alynýan önümler öňdeligi eýelediler

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Daşary ýurt walýutasyna Beýik Britaniýadan, Türkiýeden we Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini we nebit bitumyny satyn aldylar. Bulardan başga-da daşary ýurt walýutasyna reňksiz aýna, portlantsement, nah ýüplük we gyzyl noýba ýerlenildi.Satyn alan ýurtlar: Pakistan, Owganystan, Gyrgyzystan, Özbegistan. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 27 million 500 müň dollaryndan gowrak boldy.