Habarlar 12 march 2018

Sport

Marokkodaky turnirde dzýudoçylaryň ýene bir medaly

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Deslapky tapgyrda B.Hojamuhammedow ussatlyk görkezip, ýaryşyň 18-nji sekundynda möhletinden öň ukrain türgeninden üstün çykdy. Ol çärýek finalda turniriň geljekki ýeňijisi russiýaly Kirill Denisowdan ýeňlendigine garamazdan, hormat münberine çykmagy başardy.

Hyzmatdaşlyk

Türkmenistanda Hazarýaka döwletleriniň wekilleriniň duşuşygy geçirilýär

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Iki günlük forumyň dowamynda Russiýanyň, Eýranyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň we Türkmenistanyň wekilleri uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk üçin hukuk binýadyny taýýarlamagy dowam ederler. Hususan-da, taraplar Hazarýaka döwletleriniň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hakyndaky ylalaşygyň taslamasynyň tehniki ugurlaryny ylalaşarlar.

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkyna ýüzlenmesi

Biz ýurdumyzda 2018-nji ýyly «Türkmenistan - Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýip yglan etdik. Bu ýyl ykdysady, durmuş ulgamlarynda we türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň durmuşynyň beýleki möhüm ugurlarynda biziň kabul eden milli maksatnamalarymyzyň üstünlikli amala aşyrylan döwri bolar.

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmenistanyň Prezidentiniň Kuweýt Döwletine we Birleşen Arap Emirliklerine resmi saparlaryna

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

9-njy martda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde bellenilişi ýaly, dünýäniň ähli döwletleri, şol sanda Ýakyn Gündogaryň ýurtlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we giňeltmek Bitarap Watanymyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.

Hyzmatdaşlyk

Hökümetara türkmen-eýran toparynyň mejlisi

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Mejlise gatnaşyjylar iş toparynyň öňki mejlisinde kabul edilen çözgütleriniň ýerine ýetirilişine garadylar we olaryň esasy böleginiň durmuşa geçirilendigini belläp geçdiler.

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Ilki bilen, göni aragatnaşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow çagyryldy. Wise-premýer Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2018-nji ýylyň 8-nji martyndaky 8199-njy mejlisinde Owganystanda halkara tagallalaryny goldamak barada Rezolýusiýanyň biragyzdan kabul edilendigi hakynda hasabat berdi.

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentleriniň telefon arkaly söhbetdeşligi

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, iki ýurduň döwlet Baştutanlary deňhukukly esasda ýola goýulýan we birek-birege hormat goýmak, uzak möhletleýin hem-de möhüm hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda ösdürilýän türkmen-rus gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler.

Hyzmatdaşlyk

Aşgabatda «Nexus» sebit maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy

Ýelena DOLGOWA

Merkezi Aziýada bu işi Ýewropa Bileleşiginiň maliýe taýdan goldaw bermeginde sebit ekologiýa merkezi (MAESM) we tebigaty goramak halkara bileleşigi (TGHB) utgaşdyrýarlar. Taslamanyň maksady--suw serişdelerini, ekoulgamy, energetikany, oba hojalygyny dolandyrýan milli ministrlikler bilen hyzmatdaşlykda degişli maksatnamalary işläp taýýarlamakdyr. Türkmenistanda, Özbegistanda, Gazagystanda, Gyrgyzystanda we Täjigistanda pudagara iş toparlary döredildi. AHEHG-nyň Ýerine ýetiriji komiteti biziň ýurdumyzda maksatnamanyň milli hyzmatdaşy bolup çykyş edýär.