Habarlar 2 march 2018

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz mej­li­siň gün ter­ti­bi­ne ge­çip, il­ki bi­len Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry G.My­ra­do­wa söz ber­di. Wi­se-prem­ýer 2018-nji ýy­lyň iki aýy­nyň mak­royk­dy­sa­dy gör­ke­zi­ji­le­ri ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Ha­sa­bat döw­rün­de je­mi içer­ki önüm 6,2 gö­te­rim art­dy, şol san­da ösüş dep­gi­ni se­na­gat pu­da­gyn­da 4,8 gö­te­rim, ulag we ara­gat­na­şyk top­lu­myn­da 10,4 gö­te­rim, söw­da­da 8,4 gö­te­rim, oba ho­ja­ly­gyn­da 3,4 gö­te­rim we hyz­mat­lar ul­ga­myn­da 10,1 gö­te­rim ýo­kar­lan­dy.

Hyzmatdaşlyk

Türkmenistanyň we Eýranyň işewürler toparlary bähbitleri birleşdirmegiň ugurlaryny kesgitlediler

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Eý­ra­nyň se­na­gat top­lu­my­nyň ga­za­nan­la­ry­nyň her ýyl ge­çi­ril­ýän göz­den ge­çi­ri­li­şi­ne gat­naş­mak üçin Türk­me­nis­ta­na Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň se­na­gat, mag­dan­lar we söw­da mi­nist­ri Mo­ham­mad Şa­riat­ma­da­ri­niň ýol­baş­çy­ly­gyn­da uly işe­wür­ler to­pa­ry gel­di.

Resmi habar

Paýtagtymyzyň Taslama we Tähran köçeleriniň aralygynda döwrebap binalar gurlar

Resminama laýyklykda gurluşyk işlerine 2018-nji ýylyň mart aýynda başlamak we binalary hem-de desgalary 2020-nji ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

Sport

Annamämmet Annamämmedow bilýard boýunça dünýä Kubogynyň «Erkin piramida» görnüşinde baýrakly orny eýeledi

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Do­wam­ly köp aý­law­ly ýa­ryş­la­ryň bar­şyn­da türk­men tür­ge­ni bäs­deş­le­rin­den yzy­gi­der­li üs­tün çyk­ma­gy ba­şar­dy. 1/16 fi­nal­da onuň bäs­de­şi hök­mün­de uk­rain bil­ýard­çy­sy çy­kyş et­di, şun­da A. An­na­mäm­me­dow 6:4 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­zan­dy. Se­kiz­den bir fi­nal­da ol şeý­le ha­sap bi­len rus­si­ýa­ly bäs­de­şin­den üs­tün çyk­dy.

Ykdysadyýet

Ýanwar-fewral aýlarynyň görkezijileri milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşiniň subutnamalarydyr

Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 4 göterim artdy. Bölek satuw-haryt dolanyşygy 2017-nji ýylyň degişli döwrüne garanyňda 18,1 göterim köpeldi. Sarp ediş harytlarynyň we ilata edilýän hyzmatlaryň nyrhlarynyň jemleýji görkezijileri durnukly saklanyldy. Harytlaryň we önümleriň eksporty 18 göterim artdy.

Resmi habar

Ýaş hünärmenleri işe ýerleşdirmek ulgamyny kämilleşdirmegiň Maksatnamasy tassyklanyldy

Resminamada ýakyn geljekde bu ulgamda hereket edýän kanunçylygy seljermek hem-de oňa zerur üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek; ýaş hünärmenleri işe ýerleşdirmek barada döwlet statistika hasabatlylygyny ornaşdyrmak göz öňünde tutulýar. Ýurdumyzda ýaşlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak, olaryň netijeli we önjeýli zähmet çekmegi üçin giň mümkinçilikleri hem-de has oňaýly şertleri döretmek, ýaşaýyş jaýyny gurmak ýa-da satyn almak üçin ýeňillikli karzlaşdyryş ulgamyny işläp taýýarlamak meýilleşdirilýär.