Habarlar 7 march 2018

Hyzmatdaşlyk

Bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň mejlisi

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bellän wezipeleri nazara alnyp kesgitlenen mejlisiň gün tertibine söwda ulgamynda, nebitgaz pudagynda, senagatda, oba hojalygynda, ylymda, bilimde, saglygy goraýyşda, derman senagatynda, daşky gurşawy goramak, medeniýet we syýahatçylyk ulgamlarynda uzak möhletleýin esasda özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegiň meseleleri girizildi.

Sport

Ýurdumyzyň toparlary AFK-nyň Kubogy ugrundaky ýaryşlara girişdiler

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Türkmenistanyň häzirki çempiony — Aşgabadyň “Altyn Asyr” topary Oş şäherinde Gyrgyzystanyň “Alaý” toparynyň garşysyna ilkinji duşuşygy geçirdi. Bu topar hem sportuň şu görnüşinde öz ýurdunyň çempionydyr. Oýun toparlaýyn tapgyryň ilkinji oýunlarynda iň netijelisi boldy.

Ykdysadyýet

Dokma pudagynyň önümçilik düzümleri giňeldilýär

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, egirme, dokma, boýag we tikin önümçiligini öz içine aljak senagat toplumy ýylda inçe süýümli pagtanyň 5 müň tonnasyny, ondan “kompakt-penýe” belgili nah ýüplügiň 3 müň 650 tonnasyny öndürmäge niýetlenen önümçiligi, 12 million inedördül metr matany hem-de 1 million 200 müň taýýar önümi öndürmäge niýetlenen önümçilik bölümlerini öz içine alýar.

Medeniýet

Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk konserti

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Bu bahar baýramy Türkmenistanda milli däp-dessurlara laýyklykda bellenilýär, şol däp-dessurlar halkymyzyň aýal-gyzlara, ilkinji nobatda bolsa, enelere goýýan belent sarpasyny beýan edýär.

Jemgyýet

Halkara baýramyň öň ýanynda türkmen zenanlaryny hormatlamak dabaralary

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Ajaýyp waka bagyşlanan maslahatyň barşynda gadymy döwürlerden bäri türkmenleriň zenanlara söýgi we aýratyn hormat bilen garandygy bellenildi. Olar maşgalanyň esasy binýady hasaplanyp, gözellik baradaky düşünjeler hem zenanlaryň ady bilen baglanyşdyrylypdyr. Müňýyllyklaryň dowamynda zenanlar dünýäde özleriniň belent ruhy-ahlak häsiýetleri — Watana bolan söýgüsi, zähmetsöýerligi, ruhubelentligi bilen, maşgala abadançylygyny hem-de maşgala ojagyny wepalylyk bilen goraýjylar, el işleriniň ajaýyp ussatlary hökmünde şöhratlanypdyrlar.

Resmi habar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyny dakmak hakynda

Ösüp gelýän nesillerimizi ata Watanymyza hem-de mähriban halkymyza wepalylyk ruhunda terbiýelemekde, sagdyn hem-de ruhubelent adamlar edip ýetişdirmekde mährem enelerimiziň hyzmaty örän uludyr. Özleriniň mukaddes maşgala ojagyny gorap saklamakda, ata-babalarymyzyň durmuş tejribesi esasynda ogul-gyzlaryna edep-terbiýe bermekde bitirýän işleriniň bahasy ýokdur. Watansöýüjilik, ynsanperwerlik, halallyk we zähmetsöýerlik ýaly asylly häsiýetleri eziz perzentleriniň gursagyna guýýan, ýürekleri mähirden doly, yhlasly zähmeti bilen Garaşsyz Watanymyzyň gülläp ösmegine uly goşant goşýan enelerimiziň ýurdumyzda abraý-mertebesi hemişe belentdir.

Resmi habar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmakda, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda, ykdysadyýetiň ulag pudagyny yzygiderli ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde, ulag serişdelerini netijeli peýdalanmakda, ýolagçylara hyzmat etmegiň derejesini gowulandyrmakda, has täze tehnikalary we tehnologiýalary özleşdirmekde, önjeýli döwlet we jemgyýetçilik işinde uly üstünlikleri gazanandyklary üçin hem-de Garaşsyz döwletimiziň we mähriban halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlaryny, köp ýyllaryň dowamynda çeken halal, yhlasly we göreldeli zähmetini, hünär ussatlygyny nazara alyp, şeýle hem Ulaglar we aragatnaşyk toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli, karar edýärin:

Hyzmatdaşlyk

GDA-nyň synçylary okrug we uçastok saýlaw toparlarynyň alyp barýan işleri bilen tanyşdylar

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Duşuşygyň barşynda GDA-nyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary we mümkinçilikleri barada pikir alşyldy, döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek meselelerine aýratyn üns berildi. Myhman oňyn bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň netijeli häsiýetini nygtap, bu Toparyň alyp barýan işleriniň ugurlary, onuň işiniň guralyşy barada habar berdi.

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmen Lideri Ulaglar we aragatnaşyk toplumynyň işgärlerini gutlady

Ýurdumyzyň ynamly ösüşine, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagyna ulaglar we aragatnaşyk toplumy saldamly goşant goşýar. Türkmenistanda döwrebap demir ýol, awtomobil, howa, deňiz-derýa ulaglarynyň düzümini we häzirki zaman telekommunikasiýa ulgamyny kemala getirmek üçin uly möçberde maýa goýum serişdeleri gönükdirilýär. Bu ugurlarda ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek üçin berk binýat döredilýär. Ýurt we sebit ähmiýetli täze ýollar gurulýar, içerki we halkara gatnawlar açylýar, häzirki zaman kuwwatly ulaglar satyn alynýar. Toplumyň pudaklaryna innowasion tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar, täze kärhanalar we iş ýerleri döredilýär. Toplumyň ähli pudaklarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny düýpli döwrebaplaşdyrmaga ...