Habarlar 18 may 2018

Jemgyýet

Döwletliler köşgündäki baýramçylyk dabarasy

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Türkmenistanlylaryň ösüp gelýän nesli barada hemmetaraplaýyn alada etmek milli Liderimiziň durmuş syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzda körpeleriň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertler döredildi. Şu günki dabara hem munuň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Bu dabara Milli parlamentiň, syýasy we jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Medeniýet

Garold Neýmark öz 80 ýaş toýuny we skripkaçylar toparynyň 40 ýyllygyny sungat muşdaklarynyň arasynda garşylady

Tamara GLAZUNOWA

Konsertden öň bolan söhbetdeşligimizde Garold Isaakowiç 60 ýyl mundan ozal 20 ýaşly gür buýra saçly ýigit wagty Odessanyň ýörüte orta sazçylyk mekdebini tamamlap, eli skripkaly we uly işleri niýetläp Aşgabada gelen döwrüni ýatlady, bu şäher onuň ikinji watanyna, soňra “Mukam” skripkaçylar topary onuň ikinji maşgalasyna öwrüldi.

Medeniýet

Şanly sene mynasybetli konsert

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Bu baýramçylyk halkymyzyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan gadymy däpleriniň - parahatçylyk döredijiligiň, dostanalygyň we ynsanperwerligiň dabaralanýandygyny alamatlandyrýar, demokratik hukuk döwletiň mizemez esaslaryny, jemgyýetiň jebisligini hem-de ählumumy ösüşiň bähbidine hyzmatdaşlyk etmek üçin ýurdumyzyň açykdygyny ýüze çykarýar.

Wakalaryň jümmüşinde

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabaraly çärelere gatnaşdy

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Watanymyzyň mukaddes nyşanlary bolmak bilen, Konstitusiýamyz hem-de ýaşyl Tugumyz türkmen halkynyň mizemez jebisligini, onuň parahatçylygyň, ynsanperwerligiň we döredijiligiň belent maksatlaryna üýtgewsiz ygrarlylygyny beýan edýär.

Resmi habar

Resmi habarlar

* * * “Harby borçlulyk we harby gulluk hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunynyň 41-nji maddasynyň 1-nji böleginiň 1-nji bendine laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, podpolkownik Orazmämedow Röwşen Nazarowiç işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin Türkmenistanyň goranmak ministriniň orunbasary — Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Baş raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň başlygy wezipesinden boşadyldy.

Wakalaryň jümmüşinde

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow agzaçar sadakasyny berdi

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Bu çäräniň sahawatly Oraza aýynyň ilkinji günlerinde, şeýle hem muňa gabat gelen Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününde geçirilýändiginiň çuňňur manysy bardyr. Ynsana diňe bir beden arassalygyny we ahlak päkligini peşgeş bermän, bu gadymy däp-dessur Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe täze üstünlikler gazanmak hem-de belent sepgitlere ýetmek üçin güýç-kuwwat berýär. Bu däpde aýratyn parasatlylyk we çuňňur many jemlenendir. Onda rehim-şepagatlylyga we kalbyň päkligine ymtylýan milletiň ruhy ýörelgesi beýan edilýär.

Hyzmatdaşlyk

Astrahan oblastynda Türkmenistanyň Prezidentiniň sowgady bolan Magtymguly Pyragy adyndaky mekdep açyldy

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Çärä Astrahan oblastynyň gubernatory A.Žilkin, Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministriniň orunbasary G.Karasin hem-de Russiýa Federasiýasynyň bilim we ylym ministriniň orunbasary P.Zenkowiç, “Ýedinaýa Rossiýa” partiýasynyň Astrahan sebit bölüminiň we oblast dumasynyň wekilleri, şeýle hem wise-premýer, ýurdumyzyň daşary işler ministri R. Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň resmi wekiliýeti gatnaşdy. Dabara köp sanly ýerli ýaşaýjylar ýygnandylar, Astrahanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary hem geldiler.

Resmi habar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky (Er-Riýad şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Orazmuhammet Atajanowiç Çaryýewi şol bir wagtda Türkmenistanyň Iordaniýa Haşimit Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemeli.

Resmi habar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

Orazdurdy Meýlisowiç Suhanowy Türkmenistanyň awtomobil ulaglary ministri wezipesine bellemeli.

Wakalaryň jümmüşinde

Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Milli Liderimiz mejlisi açyp, 18-nji maýda ýurdumyzyň uly baýramy — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününi ilkinji gezek döwlet derejesinde giňden belleýändigini aýtdy.

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmenistanyň Prezidenti türkmen halkyny Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni bilen gutlady

Sizi berkararlygyň we bagtyýarlygyň, ruhubelentligiň hem-de rowaçlygyň ak ýolunda belent maksatlara ruhlandyrýan Milli baýram — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilen ýylda ilkinji gezek döwlet derejesinde bellenýän bu ajaýyp baýramyň şanyna geçiriljek dabaralaryň agzybirlik suprasynyň başynda jem bolan mähriban halkymyzy beýik işlere galkyndyryp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda gazanylýan ajaýyp üstünliklere buýsanç duýgularyny has-da artdyrjakdygyna berk ynanýaryn!