Habarlar 19 may 2018

Sport

Türkmenistanyň Ilçihanasynyň topary Hytaýda ýerleşýän diplomatik wekilhanalaryň arasynda geçirilen futbol ýaryşynyň ýeňijisi

Ýaryşa Türkmenistanyň, Beýik Britaniýanyň, Russiýanyň, Gazagystanyň, ABŞ-nyň, Italiýanyň, Polşanyň, GAR-nyň, Ýaponiýanyň, Koreýanyň, Şwesiýanyň, Awstraliýanyň, Wengriýanyň, Maldiwleriň Ilçihanlaryna, şeýle hem Hytaýyň DIM-ne we Bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirligine wekilçilik edýän 16 topar gatnaşdy.

Wakalaryň jümmüşinde

Döwlet baştutany 30 kilometr aralyk boýunça welosipedli ýörüşi amala aşyrdy

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Häzirki wagtda Türkmenistanda barha giň gerime eýe bolýan sport hereketi jemgyýetimizde möhüm ähmiýetli ugra öwrülýär, munuň özi ajaýyp eýýamyň esasy maksatlarynyň biridir. Sagdyn durmuş ýörelgesiniň işjeň tarapdary hem-de wagyzçysy bolan hormatly Prezidentimiz watandaşlarymyza, ozaly bilen bolsa, ýaşlara şahsy görelde görkezýär. Ine, şu gün hem milli Liderimiz işiniň juda köpdügine garamazdan, sport bilen meşgullanmak üçin wagt tapdy hem-de ýene-de örän ýokary beden taýýarlygyny görkezdi.

Ykdysadyýet

Birža täzelikleri

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirliklerinden gelen telekeçiler we beýlekiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini we polipropileni satyn aldylar. BAE-den we Owganystandan gelen işewürler Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen (“Türkmengaz” DK) awtobenzini, şeýle hem tehniki kükürdi satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt walýutasyna Rusiýadan, BAE-den, Türkiýeden, Özbegistandan, Gyrgyzystandan, Ukrainadan gelen telekeçiler nah ýüplük, portlandsement satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 41 million 36 müň dollaryndan gowrak boldy.

Resmi habar

Türkmenistanyň Prezidenti Kuba Döwlet Geňeşiniň we Ministrler Geňeşiniň Başlygyna gynanç bildirdi

Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna çuňňur gynanjyny hem-de medet beriji sözlerini beýan etdi, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini aýtdy.

Resmi habar

Oraza aýy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gutlaglar gelip gowuşýar

Owganystanyň Hökümetiniň we halkynyň adyndan, hem-de öz adymdan mukaddes Oraza aýynyň gelmegi mynasybetli Siziň Alyhezretiňize we türkmen halkyna tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy beýan etmek mende örän uly şatlyk duýgusyny döredýär.

Sport

Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň agyr atletika sport mekdebi pälwanlary taýýarlaýan merkez hasaplanýar

Batyr ÖRÄÝEW

Mekdebiň beýleki bir okuwçysy Şerzat Rustambaýew ýaşlaryň arasynda Ürgençde geçirilen Aziýa çempionatynda 77 kilograma çenli agramda bürünç medala mynasyp boldy. Dürli ýyllarda milli ýygyndy toparyň hatarynda çykyş eden agyr atletikaçylaryň ençemesi şu sport mekdebinde ussatlygyň ilkinji tilsimlerini öwrenipdiler. Olaryň arasynda Olimpiýa oýunlarynyň dördüsine gatnaşan halkara derejeli sport ussady Ümürbek Bazarbaýew, Olimpiýa oýunlarynyň ikisine gatnaşan Tolkunbek Hudaýbergenow, London Olimpiadasyna gatnaşan Mansur Rejebow, halkara ýaryşynyň bürünç baýragynyň eýesi Maksut Rejebow dagy bar.