Habarlar 23 may 2018

Sport

“Altyn asyr” topary - AFK 2018-iň kiçi Kubogynyň eýesi

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

“D” toparçanyň, şeýle hem “Merkezi zolakda” ýeňiji Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň “Altyn asyr” futbol toparyna ýakynda Aşgabatda iş sapary bilen bolan, AFK-nyň baş sekretary Dato Windzor Jon sertifikat we kiçi Kubok gowşurdy. Türkmenistanyň topary Aziýa — 2019 Kubogynyň final bölegine çykmak bilen, ilkinji gezek şeýle ýokary netijeleri gazandy. Şeýle üstünlik türkmen futbolynyň barha ösýändiginiň subutnamasydyr.

Resmi habar

Marokkonyň Patyşasy türkmen liderini Oraza aýynyň gelmegi bilen gutlady

Mukaddes Oraza aýy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, bagt, halkyňyza bolsa mundan beýläk-de abadançylyk we rowaçlyk baradaky arzuwlarymy ibermäge şatdyryn.

Hyzmatdaşlyk

Türkmenistan ählumumy maglumatlar ulgamyna goşulýar

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Soňky ýyllarda biziň ýurdumyz hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda dünýä ýüzünde giňden wagyz edilmegine mynasyp üstünlikleri gazandy. Milli Liderimiziň işjeň syýasaty, ýurdumyzyň ägirt uly ykdysady we durmuş ösüşi Türkmenistany dünýäniň sazlaşykly ösýän döwletleriniň hataryna çykardy we oňa halkara bileleşigiň ünsi güýçlendi.

Ykdysadyýet

“Demirgazyk - Günorta” ulag geçelgesi - sebitiň ýük akymlarynyň “altyn halkasy”

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Türkmenistanyň demir ýol ulgamynyň sebit logistika ulgamyna girizilmegi ýurdumyzyň geografiýa taýdan amatly ýerleşýändigi hasaba alnanda, ykdysadyýetimizi ösdürmegiň wezipelerine laýyk gelýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow multimodal düzümiň kemala gelmegine gönükdirilen iri möçberli ulag taslamalaryny öňe sürüp, döwletimiziň üstaşyr mümkinçilikleriniň giňeldilmeginiň durmuş-ykdysady hem-de tehnologiýa ösüşiniň, Türkmenistanyň dünýä hojalyk gatnaşyklaryna goşulyşmagynyň möhüm şertleriniň biri bolup durýandygyny hemişe belleýär.

Ykdysadyýet

Awazada IX halkara Gaz kongresi açyldy

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýangyç-energetika syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýän hem-de uglewodorod serişdelerini ugratmagyň köp şahaly ulgamyny we dünýä bazarlarynda energiýa serişdeleriniň üstaşyr howpsuzlygynyň ygtybarly guralyny döretmek ugrunda çykyş edýän türkmen gazçylary ähli gyzyklanma bildirýän ýurtlary we kompaniýalary özara peýdaly esasda ýola goýulýan hyzmatdaşlyga çagyrýar. Ýurdumyzyň indi dokuz ýyldyr gaz pudagyndaky özara hyzmatdaşlyklaryň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin dünýäniň bilermenleriniň duşuşyk geçirýän ýerine öwrülmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Şonda döwletara gatnaşyklaryň, maýa goýum işiniň dürli ugurlary, uglewodorod serişdelerini ...

Hyzmatdaşlyk

Türkmenistanyň Mejlisinde bolan duşuşyk

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Söhbetdeşligiň barşynda myhman şu ýylyň martynda geçirilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn syýasaty bilen baglanyşyklylykda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanda amala aşyrylýan demokratik özgertmeleriň täze tapgyry bolan Mejlisiň VI çagyrylyşynyň deputatlarynyň saýlawlarynyň ähmiýetlidigini belledi.

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmenistanyň IX halkara Gaz kongresine gatnaşyjylara

Ilki bilen siziň ähliňizi Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda dokuzynjy gezek geçirilýän halkara Gaz kongresiniň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglyk, kongresiň işine bolsa üstünlik arzuw edýärin.

Ykdysadyýet

«Türkmenmaşyngurluşyk» konserni elektrotehniki önümleriň we durmuş tehnikasynyň çykarylyşyny artdyrýar

Wladimir KOMAROW

Toguň üýtgemeginiň öňüni alýan, tok öçürýän, tok aýyrýan enjamlar, keramiki izolýatorlar, bölüji şkaflar, trawersler ýaly elektrotehniki önümlere we elektrik ulgamlaryny abadanlaşdyrmaga niýetlenen beýleki önümlere ýurduň energetikleri uly isleg bildirýärler.