Habarlar 25 may 2018

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän mejlisine, ilki bilen, wise-premýer E.Orazgeldiýewi çagyrdy. Wise-premýer ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy hakynda hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde welaýatlarda gowaça ideg etmek işi dowam edýär, hatarara bejergi geçirilýär. Gögeriş gazanylan ýerlerde ýekelemek hem-de mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri alnyp barylýar.

Jemgyýet

Mekdeplerde “Soňky jaň” baýramy mynasybetli dabaralar geçirildi

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Şu gün mekdebi tamamlap, özbaşdak durmuş ýoluna gadam goýýan ýetginjekleriň we gyzlaryň 85 müňden gowragy üçin has-da dabaraly hem-de tolgundyryjy boldy. Olar mekdep ýyllarynyň dowamynda dünýägaraýşyny giňeltmek, häzirki zaman ylmynyň gazananlaryny özleşdirmek üçin ygtybarly binýady emele getiren köptaraply bilim aldylar. Olaryň hatarynda sport bäsleşiklerinde we dürli dersler boýunça geçirilen olimpiadalarda ýeňiji bolanlar, döredijilik bäsleşiklerine, çeper höwesjeňleriň gözden geçirilişine gatnaşyp, öz mekdepleriniň abraýyny goran okuwçylar bar.

Resmi habar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky (Pekin şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Çynar Täjiýewna Rustemowany şol bir wagtda Türkmenistanyň Koreýa Halk Demokratik Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemeli.

Resmi habar

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmenistanyň orta mekdepleriniň uçurymlaryna, mugallymlaryna we ähli bilim işgärlerine

Sizi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwlet derejesinde giňden bellenilýän «Soňky jaň» dabarasy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.