Habarlar 12 june 2018

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyzy ösdürmegiň meselelerine bagyşlanan maslahaty geçirdi

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Milli Liderimiz maslahata gatnaşyjylara ýüzlenip, soňky ýyllarda paýtagtymyzy ösdürmäge uly üns berilýändigini belledi. Aşgabat şäherini ösdürmäge köp mukdarda maýa goýum serişdeleri gönükdirilýär, şäheriň çäkleri giňeldilýär. Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzda gurulýan täze binalaryň arasynda durmuş maksatly desgalaryň örän köpdügini belläp, olaryň hatarynda ýokary okuw mekdepleriniň binalarynyň, muzeýleriň, hassahanalaryň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, sport desgalarynyň, söwda merkezleriniň, ýaşaýyş jaýlarynyň we başga-da köp sanly durmuş maksatly desgalaryň bardygyny aýtdy. Binagärlik taýdan özboluşly desgalar gurulýar. Olaryň käbiri Ginnesiň rekordlar kitabyna hem girizildi. Hatda Aşgabat şäheriniň ...

Ykdysadyýet

Galla oragynyň depgini: Lebap welaýaty

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Amyderýa jülgesiniň orak möwsüminde ýokary öndürijilikli galla hasylyny ýygnaýan kombaýnlaryň 400-den gowragy, awtoulaglaryň we beýleki ulag serişdeleriniň 2 müňden gowragy işledilýär. Galla oragynyň öňüsyrasynda Lebap welaýatynyň mehanizatorlary galla orýan ýokary öndürijilikli täze kombaýnlaryň 70-den gowragyny hem-de bugdaý daşamak üçin niýetlenen täze awtoulaglaryň 47-sini aldylar. Munuň özi galla oragynyň ilkinji günlerinden bugdaý ýygnamak we hasyly harmanlara daşamak işiniň depginini çaltlandyrmaga mümkinçilik berdi.

Ylym

Türkmen ylmynyň ýaş nesli — bäsleşigiň ýeňijileri

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan döredilen ylmy işleriň her ýylky gözden geçirilişi türkmen ylmynyň ösdürilmegine, ýaş alymlaryň ylmy-barlaglarynyň höweslendirilmegine, olaryň milli ykdysadyýete goşandynyň artdyrylmagyna ýardam edýär. Hut şu wezipeler Türkmenistanyň 2015 — 2020-nji ýyllar üçin Döwlet ýaşlar syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna girizildi. Ylymlar akademiýasynyň hem-de Ýaşlar guramasynyň ýanynda döredilen Ýaş alymlaryň merkezi bu hereketiň utgaşdyryjy guramasy bolup durýar. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde bolsa ýaş alymlaryň geňeşleri hereket edýär. Bu ylym-bilim düzümleri ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan ýaşlaryň ylmy bähbitlerini hem-de başlangyçlaryny ...

Resmi habar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ýaşlarymyzyň ylymly, bilimli nesiller bolup ýetişmegi we häzirki zaman ylmynyň gazananlaryna mynasyp goşandyny goşmagy üçin ähli şertler döredilýär. Eziz Diýarymyzyň röwşen geljegi üçin ýokary bilimli, giň dünýägaraýyşly, hünärine ussat, başarnykly ýaşlary kemala getirmek biziň baş maksatlarymyzyň biridir. «Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşik geçirmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň 6-njy fewralynda çykaran 14109-njy Kararyna laýyklykda, ata Watanymyzyň zehinli ýaşlaryny ylymda, bilimde we täze tehnologiýalar boýunça has ähmiýetli we tutumly işlere höweslendirmek maksady bilen, şeýle hem Ylymlar güni mynasybetli, ...

Ylym

Ylymlar güni mynasybetli halkara forum

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Maslahata ýaş türkmen alymlaryndan, mugallymlaryndan başga-da, 30-dan gowrak ýurduň ylmy toparlarynyň wekilleri, şol sanda Russiýanyň, ABŞ-nyň, Ýaponiýanyň, Koreýa Respublikasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Beýik Britaniýanyň, Fransiýanyň, Germaniýanyň, Italiýanyň, Ispaniýanyň, Bangladeşiň, Türkiýäniň, Eýranyň, Finlýandiýanyň, Bolgariýanyň, Azerbaýjanyň, Belarusuň, Gruziýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Ermenistanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Latwiýanyň, Estoniýanyň, Ukrainanyň we beýlekileriň wekilleri gatnaşýar.

Wakalaryň jümmüşinde

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ylmy jemgyýetçiligine hem-de «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara

Sizi «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip atlandyrylan ýylda jemgyýetimizi jebisleşdirýän hem-de ösüşe ruhlandyrýan ajaýyp baýram — Ylymlar güni, şeýle hem bu ajaýyp baýrama bagyşlanyp geçirilýän «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Ylymlar gününe bagyşlanan baýramçylyk dabaralarynyň siziň kalbyňyzda Türkmenistanda gazanylan üstünliklere buýsanç duýgularyny döretjekdigine, bu halkara ylmy maslahatyň bolsa ylym ulgamyny kämilleşdirmäge, öňdebaryjy ylmy usulyýetleri, iň gowy tejribeleri ornaşdyrmaga, köptaraply halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge oňyn täsir etjekdigine ...

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerine

Sizi güneşe baý bereketli tomus paslynyň ilkinji günlerinde giňden we dabaraly bellenýän Ylymlar gününe gabatlanyp, Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşikde gazanan üstünligiňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Ylym we tehnologiýalar Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň umumy ösüşiniň esasyny düzýär. Şoňa görä-de, «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilen ýylda Ylymlar gününe bagyşlanan dabaralaryň mähriban ýaşlarymyzy beýik üstünliklere galkyndyryp, eziz Watanymyza bolan beýik söýgimizi has-da pugtalandyrjakdygyna berk ynanýaryn.