Habarlar 14 june 2018

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň başynda ertir — 15-nji iýunda ýurdumyzda mukaddes Oraza baýramynyň giňden bellenilýändigini aýtdy. Halkymyzyň durmuşynda bu baýramyň möhüm ähmiýeti bardyr. Adamlary bir-birine ýakynlaşdyrýan, haýyr-sahawatyň we ýagşylygyň, agzybirligiň hem-de ynsanperwerligiň baýramy bolan Oraza baýramy adamzadyň beýik ruhy gymmatlyklaryny özünde jemleýär. Oraza baýramynyň many-mazmunynda merdana halkymyzyň beýik medeniýeti, gadymyýetden gözbaş alyp gaýdýan däp-dessurlary, ynanç-adatlary öz beýanyny tapýar. Şoňa görä-de, bu baýramy halkymyz giňden belläp geçýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we ýygnananlary, olaryň üsti bilen halkymyzy bu mukaddes baýram bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de berk jan ...

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmenistan BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň agzalygyna saýlanyldy

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Milli Liderimiz ildeşlerimizi bu şanly waka bilen gutlap, Garaşsyz hem Bitarap döwletimiziň häzirki döwrüň wajyp wezipelerini çözmäge işjeň gatnaşmaga ygrarlydygyny, parahatçylygyň, döredijiligiň we tutuş adamzadyň durnukly ösüşiniň bähbidine özüniň ägirt uly kuwwatyny gönükdirmäge taýýardygyny tassyklady.

Resmi habar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Oraza baýramyny bellemek hakynda

1. Türkmen halkynyň milli baýramy bolan Oraza baýramyny 2018-nji ýylyň 15-nji iýunynda bellemeli we şol güni iş güni däl diýip yglan etmeli.

Resmi habar

Ykdysadyýet

Galla oragynyň depgini: Mary welaýaty

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Galla oragynyň oňat depginleri Sakarçäge etrabynda hem saklanýar. Ol oba hojalyk önümlerini öndürmek boýunça ýurdumyzda öňdäki orunlaryň birini eýeleýär. Oragyň beýleki öňdebaryjylarynyň hatarynda Oguzhan we Ýolöten etraplarynyň daýhan birleşikleri bar.

Resmi habar

Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampy gutlady

Doglan günüňiz mynasybetli meniň ýürekden çykýan gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy kabul ediň!