Habarlar 9 june 2018

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty

Gün tertibine laýyklykda parlamentarileriň garamagyna “Türkmenistanyň ulag syýasatynyň esaslary hakynda” Kanunyň taslamasy hödürlendi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyz öz üstaşyr-ulag mümkinçilikleriniň amala aşyrylmagyna möhüm ýagdaý hökmünde uly ähmiýet berýär. Ol milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça wezipeleri üstünlikli çözmäge, degişli ugurlarda netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam edýär.

Jemgyýet

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Dabara gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilen nobatdaky işi türkmen halkynyň edebi genji-hazynasyna bahasyna ýetip bolmajak goşantdyr. Milli Liderimiz kitabynda mähriban käbesi Ogulabat ejäniň durmuş ýoly barada gürrüň berýär. Ogulabat ejäniň durmuş ýoly halkymyzyň ruhy, ahlak gymmatlyklaryna ygrarlydygynyň ajaýyp mysalydyr.

Ykdysadyýet

Birža täzelikleri

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Daşary ýurt puluna Russiýadan, Şweýsariýadan, Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni, awtobenzini, gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny, nebit koksuny, şeýle hem Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen dizel ýangyjyny we nebit ýol bitumyny satyn aldylar. Şweýsariýaly telekeçiler bolsa “Türkmenhimiýa” döwlet konserninde öndürilen “B” kysymly karbamidi satyn aldylar. Bulardan başga-da, Russiýa Federasiýasyndan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystandan, Ermenistandan, Özbegistandan gelen telekeçiler daşary ýurt puluna elektron we kompýuter enjamlaryny, ...

Resmi habar