Habarlar 12 july 2018

Jemgyýet

Suw hojalygy pudagynyň hünärmenleri suwdan rejeli peýdalanmagyň wezipelerini ara alyp maslahatlaşdylar

Ýelena DOLGOWA

Duşuşyga gatnaşanlar suwdan peýdalanmagyň ylmy taýdan esaslandyrylan usulýetlerine, olaryň ykdysady we ekologiýa netijeliligine seljerme berdiler. Şunuň bilen baglylykda 10-dan gowrak çykyşlar bolup, olar boýunça pikir alşyldy. Hususan-da, akýan we senagat suwlaryny arassalamagyň tehnologiýasy, zeýakaba – zeýkeş suwlaryny dowardarçylygyň ot-iým binýadyny berkitmek üçin şora durnukly ösümlikleri-- galofitleri ýetişdirmekde we “Altyn Asyr” Türkmen kölüniň Esasy zeýakaba suw ýygnaýjysynyň golaýyndaky şorlaşan öri meýdanlarynyň ýagdaýyny gowulandyrmak üçin gaýtadan ulanmak, meliorasiýa işlerini kämilleşdirmek barada gürrüň edildi.Ýygnananlar geljekki nesiller üçin agrobioköpdürlüligi saklamap galmaga, ekologiýa zelelsiz ...

Jemgyýet

Türkmenistan intellektual eýeçilik ulgamynyň kuwwatyny artdyrýar

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Bu Gulluk intellektual eýeçiligiň desgalarynyň hukuk goraglylygy babatdaky ýöriteleşdirilen bölümçe bolup durýar. Onda ýokary hünärli işgärler zähmet çekýärler. Intellektual eýeçiligiň desgalaryny hukuk taýdan goramagyň netijesinde ýüze çykýan eýeçilik we eýeçiligi bolmadyk gatnaşyklary kadalaşdyrýar. Ol Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň kuwwatlanmagynda we durnukly ösüşinde möhüm orun eýeleýär.

Ykdysadyýet

Demirgazyk sebitde alysdaky ilatly ýerleri gazlaşdyrmak boýunça wezipe üstünlikli çözülýär

Batyr ÖRÄÝEW

Meselem, Daşoguz welaýatynyň alys sebitleriniň biri bolan S. Türkmenbaşy etrabynda orta basyşly täze gaz geçirijileriň birbada birnäçesi çekilýär. Aşyr Kakabaýew adyndaky daýhan birleşiginiň obalaryna çekilýän täze gaz geçirijileriniň ikisiniň umumy uzynlygy iki kilometr alty ýüz metrden-de geçýär. “Türkmengazüpjünçilik” birleşiginiň Daşoguz direksiýasynyň ýörüteleşdirilen edaralarynyň tagallasy bilen has ýokary geçirijiligi we berkligi bilen tapawutlanýan täze turbalardan “Görelde”, “Gurbansoltan eje” we “Dostluk” geňeşliklerinde şu günler dürli aralyklara orta basyşly täze gaz geçirijiler çekilýär. Umuman, etrabyň täze gurlan jaýlaryna eýýäm kommunikasiýalaryň ýedi kilometre golaýy çekildi. ...

Ykdysadyýet

Türkmen teleporty hemra aragatnaşygy hyzmatlarynyň çägini has giňelder

Wladimir KOMAROW

Aragatnaşyk toplumy üçin ýokary tehnologiýaly enjamlar Belgiýanyň NEWTEC kompaniýasy, ABŞ-nyň, Germaniýanyň, Kanadanyň, Beýik Britaniýanyň, Koreýanyň, Hytaýyň kompaniýalary ýaly dünýäde öňdebaryjy hemra enjamlaryny öndürijilerden alyndy.

Jemgyýet

Awçylar we balykçylar jemgyýeti ýakyn geljege iş ugurlaryny kesgitledi

Ýelena DOLGOWA

1998-nji ýylda kabul edilen “Türkmenistanda aw awlamak we aw hojalygyny ýöretmek hakynda” Kanuny kämilleşdirmek barada teklip aýdyldy. Kanuny alymlar we Jemgyýetiň amaly iş alyp barýan işgärleri GIZ bilen hyzmatdaşlygyň esasynda işläp taýýarladylar, onda döwrebap aw hojalyklaryny guramak jähtinden täzelikleriň birnäçesi bolup, ilkinji guramalar ýa-da şahsy taraplar döwlet tarapyndan gözegçilik astynda uzak möhletleýin şertnama esasynda ondan jogapkär peýdalanyjylar bolup bilerler.