Habarlar 19 july 2018

Ykdysadyýet

Daşoguzyň örtgi serişdelerini öndürýän zawody önümçiligini giňeldýär

Wladimir KOMAROW

Daşoguzly ussatlar müşderilere dürli görnüşli, olçegli we reňkli ýol hem-de ýoda plitkalarynyň ýedi görnüşini teklip edýärler. Mundan başga-da, kärhanada binalaryň daşky we içki diwarlary, daş peçler, ýadygärlikler, pola ýazmaga, penjire öňüler, basgançaklar, şeýle hem agaç sütünjikler, güldanlar, beýleki bezeg elementleri we kiçi görnüşli binalar üçin plitkalary ýasamaga tabşyryk berip bolýar. Kärhanada ýol jähekleri, lagym gapaklary, kafel we beýleki önümleriň önümçiligi özleşdirilen. Bularyň bary sementden, çägeden, ýelimden we duzlardan arassalanan suwdan termiki taýdan işlenilmän we üstüni goşmaça ýalpyldatman, ploimer goşundylar ulanman öndürilýär.

Jemgyýet

Hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy Türk­me­nis­ta­nyň sag­ly­gy go­raý­şy­nyň in­no­wa­si­ýa ýo­lu­dyr

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Mak­sat­na­ma sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­ny tä­ze de­re­jä çy­kar­ma­ga we mil­li sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­nyň ke­ma­la gel­me­gi­niň esa­sy bo­lup dur­ýar. Sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni or­naş­dyr­mak, ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak, öň­de­ba­ry­jy in­no­wa­si­ýa­la­ry or­naş­dyr­mak ama­la aşy­ry­lyp, sag­ly­gy go­ra­ýyş bo­ýun­ça hal­ka­ra hyz­mat­daş­lyk ýo­la go­ýul­ýar.

Jemgyýet

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Gurbanguly Berdimuhamedow: Ýo­ka­ry de­re­je­de ösen luk­man­çy­lyk döw­le­tiň kuw­wa­ty­nyň ny­şa­ny­dyr

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow şeý­le des­ga­la­ryň gur­lu­şy­gy­nyň bar­şy­na ola­ryň äh­li mö­hüm tap­gyr­la­ryn­da, şol san­da des­ga­lar gur­lan­da we en­jam­laş­dy­ry­lan­da hut özi gö­zeg­çi­lik ed­ýär. Hu­su­san-da, ge­çen ýy­lyň 23-nji ýan­wa­ryn­da mil­li Li­de­ri­miz ýur­du­my­zyň gün­do­gar we­la­ýa­ty­na iş sa­pa­ry­nyň bar­şyn­da Türk­me­na­ba­dyň gü­nor­ta bö­le­gin­dä­ki gur­lu­şyk meý­dan­ça­syn­da iş­le­riň ýag­da­ýy bi­len ta­nyş­dy. Bu ýer­de Mer­ke­zi Azi­ýa­da we ýur­du­myz­da örän uly kö­pu­gur­ly we­la­ýat has­sa­ha­na­sy gu­rul­ýar­dy.