Habarlar 3 july 2018

Hyzmatdaşlyk

Oleg Tabanýuhow: Türkmenistan – Merkezi Aziýada Belarusyň wajyp strategik hyzmatdaşydyr

3-nji iýul Belarus üçin diňe bir öz ýurdunyň şu gününe buýsanç güni bolman, eýsem geçmiş hakda hatyra günüdir. Ol Belarusy faşizimden azat etmek bilen gönüden-göni baglanşyklydyr. Şonuň üçinem beloruslar parahatçylygyň, erkinligiň we garaşsyzlygyň gadyr-gymmatyny gowy bilýärler.

Jemgyýet

Daşoguzy bagy – bossanlyga öwürmek boýunça işler alnyp barylýar

Batyr ÖRÄÝEW

Türkmenistanyň beýleki şäherlerindäki we obalaryndaky ýaly demirgazyk sebitiň administratiw merkezinde hem şäher gurluşygyna we onuň infrastrukturasyny ösdürmäge, şol sanda bag-seýilgäh toplumlaryny döretmäge uly üns berilýär. Bu ýerde bag ekmek çäreleri geçirilýär, şäheriň binagärlik keşbine sazlaşykly utgaşýan özboluşly landşaft dizaýny döredilýär.

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmenistanyň Prezidenti Rumyniýanyň daşary işler ministrini kabul etdi

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Rumyniýanyň Prezidenti Klaus Werner Ýohannisiň mähirli salamyny hem-de ähli türkmen halkyna abadançylyk we rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Şunda Rumyniýanyň oňyn syýasaty hem-de giň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen döredijilikli başlangyçlary bilen tutuş dünýäde meşhur bolan Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigi nygtaldy.