Iň soňky habarlar

Türkmen milletiniň gadymy genji-hazynasy ilkinji gezek Ýewropada görkezilýär

MEDENIÝET   / 24.04.2018

Şu gün Germaniýanyň paýtagtynyň merkezinde, meşhur Muzeý adasynda ýerleşýän Täze muzeýde “Margiana —–Türkmenistanyň çäklerindäki bürünç asyrynyň şalygy” atly sergi açyldy. Sergide ýurdumyzyň muzeýlerinden getirilen gymmatlyklar daşary ýurtlarda ilkinji gezek görkezilýär. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly ...

Türkmen-özbek işewürler maslahaty

Şu gün “International Hotel Tashkent” myhmanhanasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasyna amala aşyrýan döwlet saparyna gabatlanyp, türkmen-özbek işewürler maslahaty geçirildi. Özbegistanyň Maýa goýumlar baradaky döwlet komiteti hem-de iki ýurduň Söwda-senagat edaralary tarapyndan guralan işewürlik duşuşygy netijeli söwda-ykdysady ...

Türkmen agyr atletikaçylary Aziýa çempionatynda şowly badalga aldylar

SPORT   / 24.04.2018

Ürgenç şäherinde (Özbegistan) badalga alan agyr atletika boýunça ýaşlaryň arasyndaky Aziýa çempionatynda şu ýyl Argentinada geçiriljek III Ýetginjekler olimpiýa oýunlaryna ýollanmalar ugrunda bäsleşilýär. 50 kilograma çenli agram derejesinde Lebap welaýatyndan türgen Ali Babamyradow kümüş medala mynasyp boldy. Ol silkip we itekläp götermekde ...

Türkmenistanyň diplomatik wekilhanasy Er-Riýadda kiçi futbol boýunça ýaryş gurnady

SPORT   / 23.04.2018

Türkmenistanyň Saud Arabystanyndaky Ilçihanasynyň başlangyjy bilen Er-Riýadyň diplomatik şäherçesinde kiçi futbol boýunça ýaryş geçirildi. Ýaryşa Er-Riýadda ýerleşýän ilçihanalaryň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň toparlary, şeýle hem bu ýerde ýaşaýan türkmenleriň wekilleri gatnaşdylar. Ýaryşdan öň çärä ...


Hazarýaka döwletleriň ygtyýarly wekilleriniň duşuşygy

Paýtagtymyzda Hazarýaka döwletleriň ygtyýarly wekilleriniň nobatdaky mejlisi öz işine başlady. Oňa Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň we Türkmenistanyň ugurdaş ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri gatnaşýarlar. Bu ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň, Deňiz we derýa ulaglary ...

Özbegistanyň paýtagtynda giň möçberli sergi açyldy

Şu gün bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasyna amala aşyrýan döwlet saparyna gabatlanyp guralan Türkmenistanyň Milli sergisi öz işine başlady. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen “Uzeksposentr” Milli sergi kompaniýasynyň bilelikde guran ýöriteleşdirilen ykdysady gözden geçirilişiň baş maksady dostlukly ...

Daşoguz welaýatynda durmuş-medeni ähmiýetli binalaryň sany artýar

JEMGYÝET   / 22.04.2018

Türkmenistanyň demirgazyk sebitiniň administratiw merkezinde köp otagly ýaşaýyş jaýlarynyň dördüsi gurulýar. Olaryň üçüsini, degişlilikde on alty, ýirgimi dört we otuz iki öýli jaýlary “Atalyk gurluşyk” hususy kärhanasynyň, ýene bir - 32 öýli jaýy bolsa.“Gölli baý” şahsy kärhanasynyň işgärleri bina edýärler. Otaglarynyň ...

Birža täzelikleri

YKDYSADYÝET   / 21.04.2018

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda baglaşylan geleşikleriň jemi 134-e deň boldy. Daşary ýurt puluna Russiýadan, ABŞ-dan, Beýik Britaniýadan, Germaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Gazagystandan, Owganystandan, Panamadan, Gyrgyzystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen we ...

Saz sungatynyň çeşmelerine bagyşlanan halkara forumy tamamlandy

MEDENIÝET   / 19.04.2018

Paýtagtymyzda “Aýdym-saz sungatynyň gadymy çeşmeleri” atly halkara ylmy maslahat we festiwal tamamlandy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça guralan wekilçilikli foruma dünýäniň 13 ýurdundan alymlar we sungat ussatlary gatnaşdylar. Ylmy maslahatyň bölümleýin mejlislerinde 50-den gowrak çykyşlar diňlenildi we ara alnyp ...

Pudaklaýyn žurnalyň täze sanynda ekologiýa medeniýetiniň dürli ugurlary beýan edilýär

JEMGYÝET   / 19.04.2018

“Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak” ylmy-populýar žurnalynyň täze sanynyň esasy temasy— ylmyň ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge goşýan goşandyna bagyşlanypdyr. Žurnal Oba hojalyk uniwersitetiniň wekilleri D.Reýimowyň we Ö. Sopyýewiň ýurduň durmuş-ykdysady ösüşiniň jähtinden “Howply ...

Döwrebap ýaşaýyş jaý toplumy Balkanabadyň durmuş düzüminiň üstüni ýetirer

JEMGYÝET   / 19.04.2018

Balkan welaýatynyň administratiw merkezinde iri ýaşaýyş jaý toplumynyň gurluşygyna başlanyldy. “Türkmendöwlettaslama” Institutynyň hünärmenleriniň binagärlik ideýalaryny Senagat ministrliginiň “Türkmendemirbetonönümleri” önümçilik birleşiginiň gurluş bölümi bolan Türkmenabadyň “Zergerdemirbetonönümleri” zawodynyň ...

Türkmenistanda aýdym-saz medeniýetine bagyşlanan halkara forum geçirilýär

MEDENIÝET   / 18.04.2018

Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde “Aýdym-saz sungatynyň gadymy çeşmeleri” atly halkara ylmy maslahatyň we festiwalyň açylyş dabarasy boldy. Medeniýet ministrligi tarapyndan guralan çärä gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasynyň, ABŞ-nyň, Fransiýanyň, Saud Arabystanynyň, Ýaponiýanyň, Koreýanyň, Hindistanyň, ...