Iň soňky habarlar

Umarowlaryň maşgalasynda zehinli-ukyply dört nakgaş bar

MEDENIÝET   / 19.02.2018

Paýtagtymyzyň sergi merkezinde Umarowlaryň maşgalasynyň žiwopis we amaly-haşam işleriniň özbaşdak sergisi açyldy, oňa Rahman we Dilber Umarowlaryň, şeýle hem olaryň gyzlary Hijrandyr Jeýranyň zehinine sarpa goýýanlar ýygnandy. Rahman Umarowyň eserleri goýlan bölüm nakgaşyň döredijiliginiň dürli tapgyrlary bilen tanyşdyrýar, bu bolsa onuň özüne ...

Minskide halkara ýaryşynda türkmen samboçylary 5 medal gazandylar

SPORT   / 18.02.2018

Minskide Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň baýragyny almak ugrundaky sport we söweş sambosy boýunça geçirilen açyk çempionatda biziň türgenlerimiz üç kümüş we iki bürünç baýragy gazandylar. Biziň ýygyndy toparymyzyň hasabynda söweş sambosy boýunça gazanylan medallaryň dördüsi hasaba alyndy. 100 kilogramdan gowrak has ýokary agram ...


Maslahata gatnaşyjylar Beýik Ýüpek ýolunyň täze şertlerde dikeldilmeginde Türkmenistanyň orny barada pikir alyşdylar

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Beýik ýüpek ýolunyň diplomatiýasy: parahatçylygyň, dostlugyň we hyzmatdaşlygyň dabaralanmagy” atly halkara maslahaty geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň diplomatik toparynyň wekilleri, ýurdumyzda işleýän diplomatik ...

DHÇMB söwdalarynda geleşikleriň bahasy ABŞ-niň 45 million dollaryna barabar boldy

YKDYSADYÝET   / 17.02.2018

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirliklerinden gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awiakerosini satyn aldylar. Şeýle hem daşary ýurt walýutasyna Russiýadan, Beýik ...

«Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy» žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy

“Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” ylmy-amaly žurnalyň geçen ýylyň soňky çärýeginde ýurdumyzyň daşary syýasatynda bolup geçen möhüm wakalara bagyşlanan nobatdaky sany çapdan çykdy. Žurnal wagt yzygiderliliginde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary ýurtlaryň ýolbaşçylary bilen ...

Türkmen samboçylarynyň Minsk şäherindäki ýaryşda ilkinji medaly

SPORT   / 16.02.2018

Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň baýragyny almak ugrunda sport we söweş sambosy boýunça Açyk çempionatynyň birinji gününde aşgabatly Ýusup Ismailow (52 kilograma çenli agram derejede) kümüş medala mynasyp boldy. Şu agram derejede Russiýadan, Ukrainadan, Mongoliýadan gelen türgenler we ýer eýeleri bäsleşdiler. Ýaryşy Belarus Respublikasynyň ...

Boks boýunça Türkmenistanyň çempionaty tamamlandy

SPORT   / 16.02.2018

Olimpiýa şäherçesinde şu gün boks boýunça ýurdumyzyň çempionatynyň erkekleriň we zenanlaryň arasyndaky final duşuşyklary geçirildi, olarda ähli agram derejelerinde altyn we kümüş medallara mynasyp bolanlar kesgitlenildi. Bürünç medallar ugrunda bäsleşikleri bolsa düýn geçirildi, olarda ýarym final ýaryşlarynda ýeňlen boksçylar bäsleşdiler. Ýaryşlary ...

Milli boks çempionatynyň finalçylarynyň atlary belli boldy

SPORT   / 15.02.2018

Paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherjiginde dowam edýän Türkmenistanyň boks boýunça çempionatynyň çäklerinde ýarym final duşuşyklary geçirildi. Ýurdumyzyň güýçli boksçylary finala çykmak ugrunda bäsleşdiler, bu gün ýeňilenler bolsa, üçünji orunlar hem-de bürünç medallary bilen oňmaly boldular. Ringde duşuşyklaryň ähmiýetini nazara alanyňda, olar ...

2017-nji ýylyň ýyl ýazgysy: Senagat

YKDYSADYÝET   / 15.02.2018

Türkmenistanyň halk hojalyk toplumyny senagatlaşdyrmaga, ýurdumyzy dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna çykarmaga tarap ugrunyň üstünlikli amala aşyrylmagy bilen baglylykda 2017-nji ýylda milli ykdysadyýetimiziň esasy senagat pudaklary öz ösüşinde kuwwatly itergä eýe boldular. Olar himiýa we dokma senagaty, gurluşyk, materiallary ýaly ulgamy düzýän ugurlar bolup durýar. ...

Ýakyn geljekde nobatdaky täze gurluşyklar Aşgabadyň binagärlik keşbini bezär

JEMGYÝET   / 15.02.2018

Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan ähli özgertmeleriň gözbaşynda ak mermerli paýtagtymyz durýar. Aşgabat häzirki zaman uly şäherine öwrülmek bilen, sebitde we dünýäde iň owadan hem-de ýaşamak üçin has oňaýly şäherleriň birine öwrülýär. Soňky ýyllarda türkmen paýtagtynyň okgunly özgerýän binagärlik keşbini ajaýyp binalaryň ...

Martda geçiriljek saýlawlarda GDA, BMG, DIAHBE, ŞHG, YHG synçylarynyň gelmegine garaşylýar

JEMGYÝET   / 14.02.2018

Türkmenistanda Mejlisiň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriniň agzalarynyň 25-nji martda geçiriljek saýlawlaryna taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Häzirki wagtda dalaşgärleri bellige almak we hödürlemek işleri dowam edýär. Ähli saýlaw okruglarynda Demokratik partiýanyň, Senagatçylar we telekeçiler ...

Dünýä boksunyň ýyldyzlary milli çempionatymyzyň guramaçylygyna ýokary baha berdiler

SPORT   / 14.02.2018

Paýtagtyň Olimpiýa şäherjiginde boks boýunça ýurdumyzyň çempionatynyň ikinji güni tamam boldy. Paýtagtymyzyň we welaýatlarymyzyň güýçli boksçularynyň çärýek finaldaky duşuşygy boldy. 54 kilograma çenli agramlyk derejede çykyş edýän zenanlaryň arasynda Lebap welaýatynyň toparyna wekilçilik edýän Selbi Kywyşewa ...