Aziýa-Ýuwaş umman teleradio gepleşikler birleşiginiň Baş Assambleýasy

Düzüminde Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň wekilleri bolan türkmen wekiliýeti Hytaý Halk Respublikasynyň Syçuan şäherinde geçirilen Aziýa- Ýuwaş umman teleradio gepleşikler birleşiginiň (ABU) 54-nji Baş Assambleýasyna gatnaşdy. Forumyň işine birleşige agza bolan teleradio kompaniýalaryň we beýleki köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň 200-den gowragynyň wekilleri gatnaşdy.

Mejlisiň esasy wezipeleri iri sport ýaryşlaryndan we halkara çärelerinden göni ýaýlymda alyp görkezmegi guramak, işgärleri taýýarlamak we beýlekiler babatda tejribe alyşmakdan, hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini kesgitlemekden, işgärleri taýýarlamakdan we beýlekilerden ybarat boldy.

ABU-nyň Baş Assambleýasynyň çäklerinde programmalary alyşmakda, teleradio ýaýlymlarynda häzirki zaman tehnikalaryny we öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmak meseleleri boýunça birleşigiň toparynyň maslahatlary, okuw maslahatlary we bilelikdäki mejlisleri geçirildi. Sport toparlarynyň duşuşyklarynda iri çäreleri beýan etmekde täze ýagdaýlar bilen tanyşmak we özara pikir alyşmak geçirildi.

Bu ýere ýygnananlarda “Aşgabat 2017” oýunlarynyň üstünlikli geçirilendigi, şonuň bilen birlikde-de ýaryşlaryň habar beriş serişdelerinde beýan edilendigi baradaky hasabatlar uly gyzyklanma döretdi. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilen ýeri hökmünde Türkmenistanyň saýlanylmagynyň kesgitleýji şertleriniň biri hökmünde ösen sport düzüminiň hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň jemgyýetimiziň mundan beýläkki ösüşiniň möhüm ýagdaýy bolan sport ulgamyna berýän uly ünsüniň bolandygy nygtaldy.

Uly möçberli işleriň geçirilmeginiň netijesinde häzir paýtagtymyz sebitde halkara ölçeglerine kybap gelýän we ýaryşlary iň ýokary derejede guramaga mümkinçilik berýän täsin sport desgalaryna eýedir. “Aşgabat 2017” oýunlarynda ildeşlerimiziň gazanan ajaýyp netijeleri hem munuň nobatdaky aýdyň subutnamasy boldy. Ilkinji günlerden başlap, olar umumytoparlaýyn birinji orny eýeläp, ýaryşyň öňdäki hataryna çykdylar. Türkmen türgenleri jemi medallaryň 245-sini, şol sanda 89 altyn, 70 kümüş we 86 bürünç medal gazandylar!

Aziada—2017 parahatçylygyň we ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe barýan Türkmenistan hem-de halkara jemgyýetçilik üçin aýratyn ähmiýetli taryhy wakalaryň hataryna girdi. Aziýa yklymynyň iň owadan we rowaç şäherleriniň birine öwrülen Aşgabatda geçirilen Aziýa oýunlary Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy bolan Watanymyzyň bütin dünýä açykdygyny ýene-de bir gezek aýdyň görkezdi.

Umuman, Merkezi Aziýada ilkinji bolup, biziň ýurdumyza Aziýa oýunlaryny geçirmek hukugynyň berlen döwründen bäri örän uly işleriň, şol sanda hukuk ulgamynda uly işleriň geçirilendigi nygtaldy. “Bedenterbiýe we sport hakynda”, “Ýokary derejeli sport hakynda” we “Meýletinçilik hakynda” Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi. Esas dörediji resminamalaryň hatarynda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sport ulgamynda daşary ýurtly hünärmenleri işe çagyrmagyň meseleleri baradaky karary bar.

Öz nobatynda, ABU-nyň dürli toparlarynyň ýolbaşçylary Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň ýokary derejede geçirilendigini belläp, bu iri sport ýaryşlarynyň dünýä jemgyýetçiligini ýurdumyz bilen tanyşdyrmaga mümkinçilikleri döredendigini, Türkmenistanda sport hereketiniň ösdürilmegine uly itergi berendigini nygtadylar.

Aşgabatdaky Aziýa oýunlaryny beýan etmäge gönüden-göni gatnaşan Aziýanyň we Ýewropanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri žurnalistleriň, telehabarçylaryň işlemegi üçin bu ýerde ähli şertleriň döredilendigini nygtadylar. Maglumat üpjünçiliginiň häzirki zaman önümçilik-tehniki binýady, iň täze aragatnaşyk tehnologiýalary olaryň ygtyýarynda boldy.

Forumda çykyş eden türkmen tarapynyň wekilleri Türkmenistanda ähli ulgamlary öz içine alýan iri möçberli özgertmeleriň durmuşa geçirilýändigini bellediler. Ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, habar beriş ulgamynda amala aşyrylýan anyk işlere hem-de yzygiderli çärelere aýratyn üns berildi.

Öňdebaryjy dünýä tejribesiniň, ähli ugurlarda häzirki zaman maglumat tehnologiýalarynyň öwrenilmegi we ornaşdyrylmagy, hünär derejeli işgärleriň taýýarlanylmagy döwlet Baştutanymyzyň başyny başlan özgertmeleriniň möhüm bölekleriniň biridir. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurda ýurdumyzyň öňdebaryjy halkara we sebit düzümleri bilen ýygjam hyzmatdaşlyk alnyp barýandygy bellenildi. “Türkmenistan-Sport” teleýaýlymynyň halkara ýaryşlaryny ýaýlyma bermek babatda daşary ýurtly kompaniýalar bilen alyp barýan hyzmatdaşlygy munuň mysalydyr.

Şeýle hem Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň strategiýasynyň durmuşa geçirilişiniň barşy, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan ösüşlere beslenen özgertmeler syýasatynyň ähmiýeti barada giň mazmunly çykyşlar diňlenildi. Amala aşyrylýan özgertmeleriň Aşgabadyň barha görkanalaşýan keşbinde öz beýanyny tapýandygy bellenildi. Soňky ýyllarda paýtagtymyzyň hakyky bezegine öwrülen belent binalaryň we desgalaryň köp sanlysy guruldy. Aşgabat ak mermerli binalaryň dünýäde iň köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.

Daşary ýurtly žurnalistler Türkmenistana ýene-de gelip görmäge uly gyzyklanma bildirdiler. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça 2018-nji ýylda Aziýa-Ýuwaş umman teleradio gepleşikler birleşiginiň 55-nji Baş Assambleýasyny Aşgabatda geçirmegiň milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda parahatçylyk söýüjilikli we döredijilikli netijeli daşary syýasat strategiýasyny amala aşyrýan türkmen döwletiniň barha artýan abraýynyň nobatdaky subutnamasy bolup durýandygy nygtaldy.

Umuman, ABU–nyň 54-nji Baş Assambleýasynyň ähmiýeti barada aýdyp, oňa gatnaşyjylar onuň hünär gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyna, öňdebaryjy maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryň ýaýradylmagyna ýardam berjekdigine, şeýle hem oňa agza ýurtlaryň arasynda has ýygjam gatnaşyk etmäge täze usullary işläp taýýarlamaga mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdiler.

Aziýa-Ýuwaş umman teleradio gepleşikler birleşigi—ýa-da onuň atlandyrylyşy ýaly, “Aziýaweşaniýe” her gün dünýäniň esasy teleýaýlymlary hem-de Internet boýunça täzelikleri ýaýradýar. Aziýanyň we Okeaniýanyň ýurtlarynyň 60-syndan ýaýlyma beriş guramalary onuň düzümine girýär. Türkmenistan 2012-nji ýylda ABU-nyň doly hukukly agzasy boldy.

Häzirki wagtda bu birleşige syn edýänleriň hakyky möçberi 3 milliard adama barabardyr. Mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmegiň meýilnamalary Türkmenistanyň hem-de Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlarynyň syýasy, ykdysady, durmuş we medeni-ynsanperwer durmuşy barada maglumatlary, seljeriş häsiýetli habarlary yzygiderli alyşmakdan, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleriniň hünär derejelerini ýokarlandyrmak babatda tejribeleri alyşmakdan we beýlekilerden ybaratdyr.

Forumyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň agzalary Aziýa-Ýuwaş umman teleradio gepleşikler birleşiginiň 6-njy telewizion festiwalyna gatnaşdylar. Onda beýleki daşary ýurtlaryň artistleri bilen bir hatarda, biziň aýdymçylarymyz öz ýerine ýetirijilik ussatlygyny görkezdiler. Bu ýerde, şeýle hem dürli görnüşler boýunça tele we radiogepleşikleri taýýarlap, has tapawutlanan žurnalistleri sylaglamak dabarasy boldy.