Russiýanyň kinofilmleriniň günleri türkmenistanlylary ussat režisýorlaryň we aktýorlaryň sungaty bilen tanyşdyrdy

Suratda: Wadim DAWIDOWIÇ

10-njy noýabrda Russiýanyň kinofilmleriniň Aşgabatda, Maryda we Daşoguzda geçirilen Türkmenistandaky günleri tamamlandy. Paýtagtymyzda kinofilmler „Türkmenistan“ we „Aşgabat“ kinoteatrlarynda görkezildi. Hepdeligiň maksatnamsyny düzenler türkmen tomaşaçylaryna dürli mowzukdan we žanrdan düşürilen häzirkizaman russiýa kinosungatynyň eserlerini görkezdiler.

Hepdeligi „Anna Karenina. Wronskiniň taryhy“ atly kinofilm açdy. Karen Şahnazarow Lew Tolstoýyň dünýä belli ronanynyň özüçe dowamyny teklip edýär. Şahnazarowa Annanyň pyjygaly ölümi ýaramaýan borly, şonuň üçinem ol Wronskini gazaply jeza uçratmak isläp, ony Ýapon urşunda wepat bolan edip görkezýär. Munuň üçin režisýor „Anna Kareninany“ Wikentiý Weresaýewiň „Ýapon urşunda“ eseri bilen sepleşdiripdir. Režisýoryň şeýle beýan edişini tomaşaçylaryň hersi özüçe kabul edip biler. Ýöne Annanyň düşen gününden soňam Wronskiniň ýokary gatlakda durmudan lezzet alyp ýaşaýşyny göz öňüne getrimegem aňsat däl... Karen Şahnazarowyň filmine tomaşa edenden soň, belki tomaşaçylaryň romanyň dowamyny özüçe düzesi geler. Şeýle hem, hyýaly ýaly bolup görünse-de, hakykatdanam älem giňişliginde bolan wakalar barada düşürilen film hem tomaşaçylarda uly gyzyklanma döredýär. Onda iki kosmonawt howply ýagdaýdan çykalga gözleýär.

„Birinji synpda okaýanyň ejesiniň gündeligi“ filminde çaganyň durmuşyndaky esasy wakalar gündelikde beýanyny tapýar. Okuw ýyly tamamlanandan soň ejesi gündeligi okanda Wasýajygyň egnine şunça meseläniň düşenliginiden bihar galanyna haýran bolýar. Režisýor Andreý Silkin, ozaly bilen, ýaş ata-enelere mekdebe gatnap ugran çagalaryny goldamalygyny ýatladýar.

Nikolaý Homerikanyň „Buz döwüji gämi“ filminde buz gatlakalrynyň arasynda galanlar barada gürrüň berilýär. Janyňy alyp barýan aldajy aýaz, ýangyjam gutarmagyň bär ýanynda, damarlar tanap ýaly dartylan, her pursadyň soňky bolmagy hem mümkin... Ýöne ol oýlanylyp tapylan däl-de, hakykatdanam bolan wakadyr.

Moskwanyň aeroporty söýgi hakda kinonowellalaryň üçüsi üçin wakalaryň bolup geçýän esasy ýerine öwrülýär. Sowet Soýuzy bireýýäm dargasa-da, işjeň durmuşy halaýanlar ýaşyna, milletine we ýaşaýan ýerine garamazdan, aşyk bolýarlar. Režisýorlar Rezo Gigineişwiliniň, Karen Oganesýanyň, Roman Prygunowyň „Serhet ýok“ filminde ýagşy umytlar, täzeçillik duýulýar.

Hepdeligiň çäklerinde 2015-2017-nji ýyllarda düşürilen filmleriň görkezilmegi häzirkizaman Russiýa filmleri barada düşünje berýär. Günleriň çäklerinde Russiýa medeniýetiniň wekilleri bilen döredijilik duşuşyklary geçirildi.