Türkmenistan “suw diplomatiýasynyň” esasy ugurlaryny döredýär

Merkezi Aziýanyň suw serişdelerini durnukly dolandyrmak babatda hyzmatdaşlyk etmek — Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň Ýerine ýetiriji komitetinde 2017—2019-njy ýyllarda Türkmenistanyň başlyklyk etmeginiň çäginde paýtagtymyzda geçirilýän duşuşygyň mowzugy şeýle atlandyrylýar.

Iki günlük forum ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň ýardam etmeginde Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň Ýerine ýetiriji komiteti hem-de Merkezi Aziýanyň sebit ekologiýa merkezi tarapyndan guraldy. Duşuşyga AHHG-niň Ýerine ýetiriji komitetiniň şahamçalarynyň hem-de Gazagystandaky, Gyrgyzystandaky, Täjigistandaky, Türkmenistandaky we Özbegistandaky bölümleriniň wekilleri, şol sanda Durnukly ösüş boýunça döwletara toparynyň (DÖDT) hem-de Döwletara suw hojalyk utgaşdyryjy toparynyň (DSHUT), şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň düzümine girýän edaralaryň, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça german jemgyýetiniň (GIZ), beýleki sebit hem-de halkara guramalaryň wekilleri gatnaşýarlar.

Duşuşykdan öň AHHG-niň Ýerine ýetiriji komiteti bilen Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekmek dabarasy boldy. Bu resminama, hususan-da, “Merkezi Aziýada suw serişdelerini serhetara dolandyrmak” atly maksatnamanyň amala aşyrylmagy bilen baglydyr. Ol suw ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna we dünýä tejribesine esaslanýan netijeli gurallary döretmekde sebitiň ýurtlaryna ýardam etmäge gönükdirilendir.

Mundan başga-da, AHHG-niň Ýerine ýetiriji komiteti bilen Merkezi Aziýanyň sebit ekologiýa merkeziniň arasynda Hyzmatdaşlyk hakynda ähtnama gol çekildi. Ol Türkmenistanda “Suw, bilim we hyzmatdaşlyk” (Smart Waters Project) hem-de “Suw—energiýa—azyk” özara baglanyşygyny güýçlendirmek arkaly köpugurly maliýeleşdirmegiň mümkinçiliklerini peýdalanmak boýunça Merkezi Aziýa gepleşikleri” (Nexus) diýen taslamalaryň ýerine ýetirilmegini göz öňünde tutýar.

ABŞ-nyň Halkara ösüş agentliginiň (USAID) goldaw bermeginde amala aşyrylýan birinji taslama Aral deňziniň sebit ýurtlarynda suw hojalygy pudagynyň ýolbaşçylaryny we hünärmenlerini, ylmy işgärleri okatmak, taýýarlamak hem-de hünär derejesini ýokarlandyrmak bilen baglydyr.

Öz nobatynda, Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän hem-de Tebigaty goramak baradaky Halkara bileleşigi bilen hyzmatdaşlykda RESSA tarapyndan amala aşyrylýan “Nexus” taslamasy Merkezi Aziýa ýurtlarynyň suw, energetika we azyk howpsuzlygyny üpjün etmegiň meselelerini çözmekde hyzmatdaşlygyny berkitmegi ugur edinýär, bu bolsa ekologiýa bilen gös-göni baglydyr. Şu gün geçirilen umumy mejlisiň barşynda duşuşyga gatnaşyjylar iri halkara guramalary bilen ýakyn gatnaşyklaryň, toplanan tejribäniň esasynda sebitiň suw serişdelerini durnukly artdyrmak we rejeli peýdalanmak babatda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek bilen bagly meseleleriň giň toparyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň Araly halas etmegiň Halkara gaznasynda başlyklyk etmeginiň meýilnamasynyň amala aşyrylyşyna aýratyn mejlis bagyşlanyldy. Bu meýilnama hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça işlenip taýýarlanyldy. AHHG-niň Ýerine ýetiriji komitetiniň we onuň şahamçalarynyň ýolbaşçylary ýerine ýetirilen işler hem-de geljek üçin kesgitlenen meýilnamalar barada hasabatlar bilen çykyş etdiler. Olar Aral meselesiniň netijelerini aradan aýyrmak, ekologiýa ýagdaýyny sagdynlaşdyrmak, serhetýaka suw serişdelerini bilelikde dolandyrmagyň usullaryny kämilleşdirmek, Aral ýakasynyň ykdysady we durmuş taýdan ösmegine ýardam etmek ýaly ugurlara aýratyn üns berdiler. AHHG-niň müdiriýetiniň nobatdaky mejlisine hem-de AHHG-ni dörediji döwletleriň Baştutanlarynyň sammitini geçirmäge taýýarlyk görmek hakynda habar berildi. Duşuşygy 2018-nji ýylda Aşgabatda geçirmek göz öňünde tutulýar.

Aral boýunça BMG-niň Merkezi Aziýa suw strategiýasynyň taslamalary we Ýörite maksatnamasy ýygnananlar tarapyndan gyzyklanma bilen ara alnyp maslahatlaşyldy. Olar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde, BMG-niň Durnukly ösüş boýunça “Rio+20” maslahatynda, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisiniň çäklerinde geçirilen BMG-niň Durnukly ösüş boýunça 2015-nji ýyldan soňky döwür üçin sammitinde, Ýaponiýada geçirilen Tebigy heläkçilikleriň töwekgelçiligini azaltmak boýunça Bütindünýä maslahatda hem-de Koreýa Respublikasynda geçirilen VII Bütindünýä suw forumynda beýan eden başlangyçlaryna laýyklykda işlenip taýýarlanyldy.

Duşuşyga gatnaşyjylaryň Türkmenistanyň Baştutanynyň çykyşlaryna salgylanyp belleýşi ýaly, Merkezi Aziýada suw meseleleri möhüm, käbir ýagdaýlarda bolsa sebit özgertmelerini ösdürmegiň kesgitleýji şerti bolup durýar. Şeýle şertlerde diňe sebit ylalaşygy ekologiýa we azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, durnukly energetikanyň toplumlaýyn ulgamyny döretmek, howanyň üýtgemegine uýgunlaşdyrmak maksady bilen sebitiň döwletleriniň netijeli gatnaşyklary üçin kabul ederlikli binýat bolup durýar.

Bularyň hemmesi Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly Tehnologiýalar boýunça sebit merkezini Aşgabatda açmak hakynda milli Liderimiziň teklipleriniň möhümdigine şaýatlyk edýär, “suw diplomatiýasy” onuň işiniň esasy ugry bolar.

Merkezi Aziýanyň sebit ekologiýa merkeziniň, AHHG-niň durnukly ösüş boýunça döwletara toparynyň, Merkezi Aziýanyň sebit daglyk merkeziniň, Döwletara suw hojalyk utgaşdyryjy toparyň ýanynda hereket edýän “Amyderýa” we “Syrderýa” howdan suw hojalyk birleşmeleriniň ýolbaşçylary hem-de bilermenleri degişli mesele boýunça maksatnamalary we taslamalary amala aşyrmagyň tejribesine seljerme berdiler.

Häzirki döwrüň ýagdaýlaryny we ählumumy ekologiýa wezipelerini nazara almak bilen, “Merkezi Aziýada daşky gurşawy goramak boýunça hereketleriň sebit meýilnamasyny” işläp taýýarlamagyň barşy hakynda habarlar diňlenildi.

Sebitiň durnukly ösmegine ýardam etjek çäreleri ara alyp maslahatlaşmak bilen, ýygnananlar üçünji müňýyllygyň ählumumy ösüş maksatlary kesgitlenilen BMG-niň tassyklan “Gün tertibi-2030-a”, dünýäniň 175 döwleti, şol sanda Merkezi Aziýa ýurtlary tarapyndan gol çekilen Howanyň üýtgemegi boýunça Pariž ylalaşygyna aýratyn üns berdiler.

Şunda bellenilişi ýaly, önümçiligiň innowasion, serişde tygşytlaýjy we ekologiýa taýdan zyýansyz tehnologiýalaryna esaslanýan “Ýaşyl ykdysadyýete” geçilmegi adamlaryň durmuş derejesini ýokarlandyrýar hem-de daşky gurşaw üçin töwekgelçilikleri azaldýar diýlip bellenildi. Munuň özi umumydünýä meýli bolup, ol tutuş adamzadyň ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitleýär.

Döwletara hyzmatdaşlygyny has-da berkitmegiň, hökümet, halkara we jemgyýetçilik guramalarynyň, daşky gurşawy goramak babatda işewür toparlaryň arasynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmagyň, suw serişdelerini, durnukly energetikany dolandyrmagyň, döwrebap tehnologiýalary hem-de ady agzalan ugurlarda iň gowy dünýä tejribelerini ornaşdyrmagyň möhümdigi bellenildi.

“Merkezi Aziýada daşky gurşawy goramak we durnukly ösüş babatda hyzmatdaşlyk üçin başlangyç” atly birinji halkara ekologiýa forumy bu ugurda ähmiýetli ädim boldy. Ol şu ýylyň iýun aýynda Aşgabatda Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti hem-de Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologiýa merkezi tarapyndan geçirildi.

Ertir, duşuşygyň jemleýji güni Aral deňzi sebitiniň ýurtlaryna ýardam etmek boýunça hereketleriň üçünji maksatnamasyny amala aşyrmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. Onuň çäklerinde AHHG-ä agza ýurtlarda ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmaga, ilaty durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge hem-de durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen çäreleriň toplumy amala aşyrylar.

Beýleki meseleleriň hatarynda — Durnukly ösüş boýunça döwletara toparynyň ylmy-maglumat merkeziniň işi bolup, ol Aralyň meselelerini çözmekde durmuş-ykdysady, ylmy we ekologik sebit hyzmatdaşlygy boýunça maslahatlary işläp taýýarlaýar.

Şeýle hem halkara guramalary we maliýe düzümleri, şol sanda BMG ÖM, ÝHHG, ÝB, Bütindünýä banky, GIZ we beýlekiler bilen bilelikde milli we sebit derejesinde ýerine ýetirilýän maksatnamalaryň we taslamalaryň netijelerine garamak göz öňünde tutulýar.

Umuman, bularyň hemmesi sebitiň ýurtlarynyň abadançylyk we rowaçlyk ýaly ählumumy maksatlara laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygyny has-da işjeňleşdirmäge ýardam etmelidir.