Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygynyň wezipesine belledi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy Nobatow Meýlis Orazmyradowiçi başga işe geçmegi sebäpli ony bu gullugyň başlygy wezipesinden boşatdy hem-de bu wezipä Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygynyň orunbasary wezipesinde işlän maýor Gurdow Mergen Meretdurdyýewiçi bellemek hakynda Permanlara gol çekdi.