RECCA VII: owgan meselesiniň çözülmegine ylalaşykly çemeleşmeleriň işlenilip düzülmegi

Şu gün paýtagtymyzda Owganystan boýunça 7-nji sebit ykdysady hyzmatdaşlyk maslahatynyň iş toparlarynyň duşuşygy boldy. Maslahatyň işçi toparlarynyň gepleşikleriniň çäklerinde ertir Aşgabat forumynyň ministrler derejesindäki mejlisi bolar. Ol owgan meselesiniň oňyn çözgüdine özara ylalaşykly çemeleşmeleri işläp taýýarlamak, Owganystanyň galkynmagyna we parahatçylykly ösüşine hem-de sebit we sebitara möçberindäki ykdysady ýagdaýlara goşulyşmagyna goldaw bermek boýunça umumy tagallalaryň mundan beýläk-de utgaşdyrylmagyna gönükdirilendir.

Maslahata daşary ýurtlaryň onlarça döwletinden wekiller gatnaşýar. Olaryň hatarynda Aziýa, Ýewropa, Demirgazyk we Günorta Amerika, Okeaniýa ýurtlarynyň, halkara guramalarynyň 28-siniň, şol sanda BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary hem-de düzümleri, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bar.

Mälim bolşy ýaly, Owganystan boýunça 1-nji sebit ykdysady hyzmatdaşlyk maslahaty 2005-nji ýylda Kabulda geçirildi. Şu geçen ýyllaryň dowamynda bu wekilçilikli forum möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin açyk binýat hökmünde ykrar edildi. Olaryň çözgüdi oňyn syýasy gatnaşyklary pugtalandyrmak, ykdysadyýetiň dürli ulgamlarynda özara peýdaly gatnaşyklary ýola goýmak we höweslendirmek arkaly netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdiirilendir.

Sebitleýin ykdysady gatnaşyklary özüniň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlän Bitarap Türkmenistan bu ugurda ählumumy abadançylygyň we durnukly ösüşiň maksatlaryna kybap gelýän iri taslamalary öňe sürýär. Owganystan Yslam Respublikasy bilen däp bolan dostluk we hoşniýetli goňşyçylyk gatnaşyklary berkitmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän döredijilik syýsatynyň möhüm ugrydyr.

Goňşy döwletdäki ýagdaýyň parahatçylykly, syýasy-diplomatik serişdeler arkaly kadalaşdyrylmagy ugrunda yzygiderli çykyş edýän Türkmenistan Owganystanyň durmuş-ykdysady we medeni taýdan ösüşine netijeli goldaw berýär. Döwlet Baştutanymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň we beýleki halkara maslahatlarynyň belent münberinden öňe sürýän hem-de bu ýurtdaky ýagdaýyň durnuklaşdyrylmagy üçin täze gurallary işläp taýýarlamaga, onyň ykdysadyýetiniň dikeldilmegi boýunça yzygiderli çäreleriň kabul edilmegine gönükdirilen başlangyçlary munuň aýdyň subutnamasydyr. Owganystanyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň öňe sürýän giň möçberli düzümleýin taslamalary muňa anyk mysal bolup biler.

7-nji sebit maslahatynyň iş toparlarynyň duşuşygynyň umumy mejlisinde türkmen tarapynyň wekiliniň çykyşynda bellenilişi ýaly, dünýä geosyýasy ýagdaýlarynyň ösüş tapgyrynda sebit hyzmatdaşlygyň ugurlary diňe bir ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň guraly hökmünde däl, eýsem, durnuklylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmagyň möhüm şerti hökmünde has-da ähmiýetlidir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tutuş dünýäde parahatçylygy, ählumumy howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça halkara bileleşiginiň tagallalaryna hemmetaraplaýyn goldaw bermegiň Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugrudygyny bellemegi milli Liderimiziň ýurdumyzyň halkara giňişligindäki netijeli gatnaşyklarynyň özenini düzýän bitewülik we umumy howpsuzlyk boýunça işläp taýýarlan syýasatynyň wajyp ugrudyr.

Mälim bolşy ýaly, Owganystan meselesi sebit möçberden çykyp, tutuş dünýä bileleşiginiň durnukly ösüşiniň geljekki ugurlaryny öz içine alýar. Şunda, Bitarap Türkmenistan goňşy döwletdäki ýagdaýyň kadalaşdyrylmagyna syýasy-diplomatik çemeleşmeleriň işlenip taýýarlanylmagynyň zerurdygy baradaky esasy ugra eýerýär. Ýurdumyz bu ugur boýunaça dünýä bileleşiginiň tagallalaryna işjeň goşulmak bilen, parahatçylygyň hem-de howpsuzlygyň sebitiň we onuň ýurtlarynyň, şol sanda Owganystanyň halkynyň gülläp ösüşiniň möhüm şerti bolup durýandygyna ynanýar.

Şunuň bilen baglylykda, türkmen-owgan gatnaşyklaryny giň halkara hyzmatdaşlygynyň çäklerindäki yzygiderli esasda görmeli. Geçen döwrüň içinde ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda üstünlikli ösdürilýän döwletara gatnaşyklaryň ygtybarly kadalaşdyryjy-hukuk binýady döredildi. Türkmenistan goňşy ýurduň umumy sebit boýunça ýola goýulýan tagallalaryna, şol sanda dürli taslamalara işjeň goşulmagyny isleýär. Bu bolsa, öz gezeginde, Owganystanda parahatçylygyň işjeň ýola goýulmagyna mümkinçilik berer.

Häzirki döwürde ýurdumyz şu ýörelgelere daýanmak bilen, owgan tarapynyň gatnaşmagynda birnäçe iri durmuş-ykdysady taslamalary öňe sürýär we olary yzygiderli durmuşa geçirýär. Olaryň hatarynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň, Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýolunyň, Owganystana we onuň üsti bilen üçünji ýurda elektrik geçirijiler ulgamynyň gurluşyklary bar. Bu taslamalaryň durmuşa geçirilmegi sebitiň döwletleriniň durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de kuwwatlanmagyny gürrüňsiz şertlendirer. Bu bolsa durnuklylygyň we howpsuzlygyň baş kepili bolup durýar.

Şunuň bilen birlikde, ýurdumyz ynsanperwer ulgamda Owganystanyň Hökümeti bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Munuň özi goňşy döwletiň çäginde durmuş maksatly binalaryň gurluşygynda, ýurdumyzyň lukmançylyk we bilim edaralarynda owgan talyplarynyň bilim almagynda, ynsanperwer ýükleriň yzygiderli ugradylmagynda hem-de beýleki görnüşdäki kömeklerde öz beýanyny tapýar. Şunuň bilen baglylykda,Türkmenistanyň ýörite işlenip taýýarlanylan maksatnama laýyklykda, owgan halkyna yzygiderli hemmetaraplaýyn goldaw bermäge meýillidigi tassyklandy.

Şeýlelikde, Aşgabatda Owganystan boýunça 7-nji sebit ykdysady hyzmatdaşlyk maslahatynyň geçirilmegi türkmen tarapynyň bu ugurdaky tagallalarynyň dowamy bolup durýar hem-de sebit ykdysady gatnaşyklary berkitmegiň we giňeltmegiň ýolunda möhüm ädime öwrüldi.

Owganystan Yslam Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary hanym Adele Raz öz çykyşynda öňi bilen myhmansöýerlik bildirilendigi, maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesi we netijeli bilelikdäki iş ugrunda ähli zerur şertleriň döredilendigi üçin Türkmenistanyň Hökümetine tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Bu netijeli gatnaşyklary ösdürmek üçin sebitiň ähli ýurtlaryny özaralarynda baglanyşdyrmak bilen ygtybarly binýat bolup durýan sebit ykdysady hyzmatdaşlyk maslahatynyň ähmiýeti uludyr. Häzrrki döwürde energetika, ulag, söwda we beýleki pudaklardaky köpsanly taslamalaryň durmuşa geçirilmeginde uly ösüşler gazanyldy. Şunuň bilen baglylykda, hanym Adele Raz Owganystan boýunça 7-nji sebit ykdysady hyzmatdaşlyk maslahatyna gatnaşýan döwletleriň wekiliýetlerine özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge goşýan goşantlary üçin hoşallyk bildirdi.

Owganystanyň DIM-niň ýolbaşçysynyň orunbasary sebitiň ähli gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlary bilen işjeň gatnaşyklary ýola goýmaga taýýardygyny belläp, Jemleýji resminamanyň ähmiýetini aýratyn nygtady. Oňa taraplaryň sebit we sebitara hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklaýan Aşgabat maslahatynyň jemleri boýunça gol çekiler.

Şeýle hem owgan tarapynyň wekili öňde goýlan maksatlara ýetmekde umumy bähbitlere laýyk gelýän iri düzümleýin maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek boýunça özara ylalaşykly bilelikdäki tagallalary işjeňleşdirmegiň zerurdygyny belledi.

Hanym Adele Raz iş toparlarynyň şu günki duşuşyklarynyň özara bähbitli gatnaşyklary pugtalandyrmaga ägirt uly goşant goşjakdygyna ynam bildirip, Owganystan boýunça sebit ykdysady hyzmatdaşlyk maslahatynyň çäkerinde şu ýyl işlenip taýýarlanan hem-de ykdysady hyzmatdaşlykda, telekeçilikde, maslahatyň söwda edarasyny döretmekde we ylym ulgamynda sebit gatnaşyklary höwewlendirmekde zenanlaryň mümkinçileriniň giňeltdilmegine gönükdirilen täze taslamalaryň üçüsine aýratyn ünsi çekdi. Bellenilişi ýaly, bu taslamalaryň durmuşa geçirilmegi Owganystan üçin bolşy ýaly, tutuş Merkezi we Günorta Aziýa üçin örän ähmiýetlidir.

Owgan tarapynyň wekili sebitiň sazlaşykly ösüşi we netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny aýdyp, ykdysady taýdan goşulyşmak boýunça mundan beýläk-de netijeli çäreleri durmuşa geçirmegiň zerurdygyny belledi. Bu bolsa möhüm durmuş wezipelerniň oňyn çözülmegini, ählumumy abadançylygyň, ösüşiň maksatlaryna kybap gelýän täze taslamalary taýýarlamak üçin zerur şertleri üpjün eder.

Owganystan boýunça 7-nji sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maslahatynyň iş toparlarynyň umumy mejlisi tamamlanandan soň, ol mowzuklaýyn görnüşde dowam etdi. Tebigy serişdeler, sebit energiýa düzümleri, söwdany ösdürmegiň geljekki ugurlary, Owganystany Aziýa sebitinde hususy pudagyň netijeli gatnaşyklary ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we olar boýunça pikir alyşmalar guraldy.

Maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň öňe sürýän hem-de Owganystanda milli ylalaşygyň döredilmegine, ýurduň sebit ykdysady ýagdaýlara maksatnamalaýyn esasda goşulmagyna, ilkinji nobatdaky durmuş meseleleriniň çözgüdine gönükdirilen döredijilik başlangyçlarynyň aýratyn ähmiýete eýedigini nygtadylar.

Şeýle hem şu gün 7-nji sebit ykdysady hyzmatdaşlyk maslahatynyň çäklerinde oňa gatnaşyjy ýurtlaryň ugurdaş pudak düzümleriniň we işewür toparlarynyň gatnaşmagynda bilelikdäki işewürler maslahaty we söwda sergisi guraldy.

Ertir paýtagtymyzda Owganystan boýunça ministrler derejesindäki 7-nji sebit ykdysady hyzmatdaşlyk maslahatynyň mejlisi geçiriler. Aşgabat maslahatynyň jemleri boýunça degişli Jemleýji resminamany kabul etmek göz öňünde tutulýar.