Türkmenistanda Mali Respublikasynyň ilçisi işe başlady

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa Mali Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçi jenap Tiýefing Konateden ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan myhmany jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de iki ýurduň arasynda dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugalandyrmak işinde üstünlik arzuw etdi. Maliniň doly ygtyýarly wekili soňky ýyllarda Türkmenistanda amala aşyrylýan ägirt uly özgertmeleriň netijelerine ýokary baha berip, öz ýurdunyň ýolbaşçy düzüminiň tutuş türkmen halkyna we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda myhman döwlet syýasatynyň möhüm ugurlary bilen tanyşdyryldy. Dünýäniň ähli ýurtlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy onuň esasy ugyr bolup durýar. Şeýle hem diplomat döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň möçberli özgertmeler we maksatnamalar bilen tanyşdy.

Bellenilişi ýaly, dünýä bileleşigi Türkmenistanyň durmuşa geçirýän parahatçylyk söýüjilik syýasatyna we döwlet Baştutanymyzyň tutuş ýer ýüzünde durnuklylygyň we sazlaşykly ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen tagallalaryna ýokary baha berýär. hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň islendik gapma-garşylyklary gepleşikleriň üsti bilen çözmek babatda öňe sürýän başlangyçlary giň goldawa eýe bolýar.

Şeýle hem guşuşygyň dowamynda Mejlisiň kanun çykaryjylyk işi we ýurdumyzda amala aşyrylýan demokratik özgertmeleriň çäklerinde onüň eýeleýän orny barada aýratyn gürrüň edildi. Şunda, ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmegiň möhüm ugry bilen göni parlamentara gatnaşyklary ýola goýmak boýunça teklipler aýdyldy.

Öz ýurdunyň Türkmenistan bilen söwda-ykdysady we medeni gatnaşyklary işjeňleşdirmäge uly gyzyklanma bildirýändigini belläp, jenap Tiýefing Konate türkmen-mali gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdürilmegi ugrunda ähli tagallasyny gaýgyrmajakdygyny nygtady.

Duşuşygyň ahyrynda diplomat iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki döwrüň ýagdaýyna we ikitaraplaýyn gyzyklanmalara laýyk gelýän derejä çykaryljakdygyna ynam bildirdi.

***

Aşgabada bolmagynyň çäklerinde diplomat Daşary işler ministrliginde kabul edildi. Duşuşykda Türkmenistan bilen Mali Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklary ähli ugurlar boýunça giňeltmegiň mümkinçiliklerine garaldy.