HHR-da bilim alýan türkmen talyplary “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitap bilen tanyşarlar

Pekiniň nebit we gaz uniwersitetiniň maslahatlar zalynda Hytaýyň paýtagtynyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplarynyň gatnaşmagynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynyň tanyşdyryş dabarasy guraldy.

Türkmenistanyň HHR-däki Ilçihanasy tarapyndan Pekiniň nebit we gaz uniwersiteti hem-de Hytaýyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplarynyň Geňeşi bilen bilelikde guralan çärä hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin Pekine gelen Türkmenistanyň dürli ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri, ýerli habar beriş serişdeleriniň habarçylary hem gatnaşdylar.

Dabaranyň barşynda ýurtlaryň arasynda söwda-ykdysady we medeni gatnaşyklary, şol sanda köpasyrlyk türkmen-hytaý gatnaşyklaryny berkitmekde Beýik Ýüpek ýolunyň taryhyny hem-de Türkmenistanyň ornuny açyp görkezmekde döwlet Baştutanymyzyň bu işiniň aýratyn ähmiýeti bellenildi.

Talyplar türkmen, türk, iňlis we hytaý dillerinde çykyş edip, türkmen halkynyň ruhy mirasynyň mysalynda ýaş nesli ýokary ahlak we watançylyk ruhunda terbiýelemekde Türkmenistanyň Prezidentiniň kitabynda gürrüňi edilýän meseleleriň möhümdigini bellediler. Dabara gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, “Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitap türkmen halkynyň milli-medeni özboluşlylygy, däpleri bilen çuňňur tanyşdyrmak hem-de onuň dünýä siwilizasiýasyna goşandyna çuňňur düşünmek babatda ösüp gelýän nesil üçin ýol görkeziji bolup durýar.

Çykyşlar Türkmenistanyň hem-de Beýik Ýüpek ýolunyň gadymy we häzirki gatnaşyklary barada wideo filmleriň görkezilmegi bilen utgaşyp gitdi. Çäräniň ayhyrynda oňa gatnaşyjylara üç dilde çap edilen täze kitabyň nusgalary gowşuryldy.