TÜRK­ME­NIS­TA­NYŇ KA­NU­NY
«Döw­let pen­si­ýa äti­ýaç­lan­dyr­ma­sy ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny­na üýt­get­me­ler we goş­ma­ça gi­riz­mek ha­kyn­da

I. 2012-nji ýy­lyň 31-nji mar­tyn­da ka­bul edi­len «Döw­let pen­si­ýa äti­ýaç­lan­dyr­ma­sy ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny­na (Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň Mag­lu­mat­la­ry, 2012 ý., № 1, 38-nji mad­da; 2013 ý., № 4, 91-nji mad­da; 2014 ý., № 3, 113-nji mad­da; 2015 ý., № 3, 114-nji mad­da) şu üýt­get­me­le­ri we goş­ma­ça­ny gi­riz­me­li:

1.19-njy mad­da­nyň bä­şin­ji bö­le­gi­niň 2-nji ben­di­ni şu gör­nüş­de be­ýan et­me­li:

«2) äti­ýaç­lan­dy­ry­lan şah­syň şol bir wagt­da te­le­ke­çi­lik işin­den, hü­när­men­lik hyz­mat­la­ry­ny ýe­ri­ne ýe­tir­mek­den, oba ho­ja­lyk önü­mi­ni ön­dür­mek­den goş­ma­ça gir­de­ji­le­ri bar bol­sa, on­da onuň gir­de­ji­le­ri­niň bir gör­nü­şi şu bent­de gör­ke­zi­len gir­de­ji­le­riň yzy­gi­der­li­li­gi­ne la­ýyk­lyk­da ha­sa­ba alyn­ma­ga de­giş­li­dir.».

2. 20-nji mad­da­nyň bi­rin­ji bö­le­gin­de:

2-nji ben­di şu gör­nüş­de be­ýan et­me­li:

«2) ýu­ri­dik şah­sy dö­ret­mez­den te­le­ke­çi­lik işi­ni ama­la aşyr­ýan fi­zi­ki şahs­la­ra-hu­su­sy te­le­ke­çi­le­re, hü­när­men­lik hyz­mat­la­ry­ny et­mek bo­ýun­ça işi ama­la aşyr­ýan fi­zi­ki şahs­la­ra äti­ýaç­lan­dy­ry­lan şahs hök­mün­de ha­sa­ba al­nan­dan baş­lap — öz­le­ri üçin:

a) ha­sa­bat döw­rün­de umu­my gir­de­ji­si­niň möç­be­ri Türk­me­nis­tan bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň ka­nun­çy­ly­gyn­da bel­le­ni­len iň pes zäh­met ha­ky­nyň otuz es­se­sin­den az möç­ber­de bo­lan­la­ra — ha­sa­bat döw­rü­niň her aýy üçin Türk­me­nis­tan bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň ka­nun­çy­ly­gyn­da bel­le­ni­len iň pes zäh­met ha­ky­nyň 10 gö­te­ri­min­den az bol­ma­dyk möç­ber­de;

b) ha­sa­bat döw­rün­de umu­my gir­de­ji­si­niň möç­be­ri Türk­me­nis­tan bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň ka­nun­çy­ly­gyn­da bel­le­ni­len iň pes zäh­met ha­ky­nyň otuz es­se­si we şon­dan köp, ýö­ne üç ýüz es­se­sin­den az möç­ber­de bo­lan­la­ra — ha­sa­bat döw­ri üçin şol dö­wür­dä­ki umu­my gir­de­ji­si­niň 2 gö­te­ri­min­den az bol­ma­dyk möç­ber­de;

ç) ha­sa­bat döw­rün­de umu­my gir­de­ji­si­niň möç­be­ri Türk­me­nis­tan bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň ka­nun­çy­ly­gyn­da bel­le­ni­len iň pes zäh­met ha­ky­nyň üç ýüz es­se­si we şon­dan köp möç­ber­de bo­lan­la­ra — ha­sa­bat döw­ri üçin Türk­me­nis­tan bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň ka­nun­çy­ly­gyn­da bel­le­ni­len iň pes zäh­met ha­ky­nyň üç ýüz es­se­si­niň 2 gö­te­ri­min­den az bol­ma­dyk möç­ber­de;»;

4-nji ben­diň «b)» ki­çi ben­di­ni şu gör­nüş­de be­ýan et­me­li:

«b) öz­baş­dak iş bi­len meş­gul­lan­mak­dan gir­de­ji­si bo­lan, Türk­me­nis­ta­nyň Pen­si­ýa gaz­na­sy­nyň ýer­li eda­ra­sy bi­len pen­si­ýa äti­ýaç­lan­dyr­ma­sy ha­kyn­da şert­na­ma­ny bag­la­şan äti­ýäç­lan­dy­ry­lan şahs hök­mün­de ha­sa­ba al­nan şahs­la­ra ha­sa­bat döw­rün­den baş­lap — öz­le­ri üçin;».

3. 31-nji mad­da­nyň üçün­ji bö­le­gi­niň 2-nji ben­din­den soň şu maz­mun­ly ben­di goş­ma­ly:

«3) äti­ýaç­lan­dyr­ýan Türk­me­nis­ta­nyň Pen­si­ýa gaz­na­sy­nyň ýer­li eda­ra­syn­da pen­si­ýa ga­tanç­la­ry­ny tö­leý­ji hök­mün­de ha­sa­ba dur­ma­sa.».

4. 43-nji mad­da­ny şu gör­nüş­de be­ýan et­me­li:

«43-nji mad­da. Bank ta­ra­pyn­dan Türk­me­nis­ta­nyň Pen­si­ýa gaz­na­sy­nyň ýer­li eda­ra­sy­nyň äti­ýaç­lan­dyr­ýa­nyň ha­sap­la­ry bo­ýun­ça amal­la­ry tog­tat­mak hem-de ak­sept­siz tö­leg ta­lap­na­ma­sy­ny goý­mak ba­ra­da­ky çöz­gü­di­niň ýe­ri­ne ýe­ti­ril­män­di­gi üçin ma­li­ýe je­ri­me­le­ri

1. Şu Ka­nu­nyň 6-njy mad­da­syn­da gör­ke­zi­len fi­zi­ki we ýu­ri­dik şahs­la­ryň (ola­ryň aý­ry­baş­ga­la­nan dü­züm bir­lik­le­ri­niň) ha­sap­la­ry bo­ýun­ça amal­la­ry tog­tat­mak, ak­sept­siz tö­leg ta­lap­na­ma­sy­ny goý­mak ba­ra­da Türk­me­nis­ta­nyň Pen­si­ýa gaz­na­sy­nyň ýer­li eda­ra­sy­nyň çöz­gü­di­ni boz­mak bi­len, bank ta­ra­pyn­dan ola­ryň ha­sap­la­ry bo­ýun­ça çyk­da­jy amal­la­ry­nyň ge­çi­ril­me­gi, şol ha­sap­lar­dan ha­sap­dan öçü­ri­len äh­li pul se­riş­de­le­ri­niň 10 gö­te­ri­mi möç­be­rin­de ban­ka ma­li­ýe je­ri­me­le­ri­niň sa­lyn­ma­gy­na ge­tir­ýär.

2. Şu mad­da­nyň birinji böleginde bel­le­ni­len­ler zäh­met ha­ky­ny tö­le­mek üçin be­ril­ýän bank karz­la­ry bi­len bag­ly amal­la­ra de­giş­li däl­dir.».

5. 47-nji mad­da­nyň maz­mu­ny­ny şu gör­nüş­de be­ýan et­me­li:

«Şu Ka­nu­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi­ne gö­zeg­çi­li­gi yg­ty­ýar­ly döw­let eda­ra­la­ry öz yg­ty­ýar­lyk­la­ry­nyň çäk­le­rin­de, şeý­le hem Türk­me­nis­ta­nyň Pen­si­ýa gaz­na­sy Türk­me­nis­ta­nyň Zäh­met we ila­ty dur­muş taý­dan go­ra­mak mi­nistr­li­gi ta­ra­pyn­dan bel­le­nen ter­ti­be la­ýyk­lyk­da ama­la aşyr­ýar­lar.».

II. Şu Ka­nu­nyň I bö­le­gi­niň 2-nji ben­din­de «Döw­let pen­si­ýa äti­ýaç­lan­dyr­ma­sy ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny­nyň 20-nji mad­da­sy­nyň bi­rin­ji bö­le­gi­niň 2-nji ben­di­ne gi­ri­zil­ýän üýt­get­me­le­re la­ýyk­lyk­da, şol bent­de gör­ke­zi­len şahs­la­ryň 2018-nji ýy­lyň 1-nji ýan­wa­ry­na çen­li tö­le­nil­me­dik pen­si­ýa ga­tanç­la­ry meý­le­tin ýag­daý­da tö­le­nil­ýär.

III. Şu Ka­nun 2018-nji ýy­lyň 1-nji ýan­wa­ryn­dan güý­je gir­ýär.

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti
Gurbanguly Berdimuhamedow.


Aş­ga­bat şä­he­ri. 2017-nji ýy­lyň 25-nji no­ýab­ry.