TÜRK­ME­NIS­TA­NYŇ KA­NU­NY
Türk­me­nis­ta­nyň kä­bir ka­nun­çy­lyk na­ma­la­ry­na üýt­get­me­ler we goş­ma­ça­lar gi­riz­mek ha­kyn­da

I. Türk­me­nis­ta­nyň şu ka­nun­çy­lyk na­ma­la­ry­na üýt­get­me­le­ri we goş­ma­ça­la­ry gi­riz­me­li:

1. 1997-nji ýy­lyň 12-nji iýu­nyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny bi­len tas­syk­la­nan, 2010-njy ýy­lyň 10-njy ma­ýyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny bi­len re­je­le­nen gör­nüş­de tas­syk­la­nan Türk­me­nis­ta­nyň Je­na­ýat ko­dek­si­niň (Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň Mag­lu­mat­la­ry, 2010 ý., № 2, 28-nji mad­da, № 4, 72-nji mad­da; 2011 ý., № 1, 20-nji mad­da, № 3, 55-nji mad­da; 2012 ý., № 3, 66-njy mad­da; 2013 ý., № 4, 77-nji mad­da; 2014 ý., № 1, 44-nji mad­da, № 2, 77-nji mad­da, № 4, 145-nji mad­da; 2015 ý., № 1, 9-njy mad­da, № 4, 144-nji mad­da; 2016 ý., № 2, 98-nji mad­da, № 4, 163-nji mad­da; 2017 ý., № 1, 29-njy mad­da, № 2, 75-nji mad­da, № 3, 106-njy mad­da) 108-nji mad­da­sy­nyň ikin­ji bö­le­gi­niň sank­si­ýa­sy­ny şu gör­nüş­de be­ýan et­me­li:

«zäh­me­te hak tö­le­me­giň or­ta­ça aý­lyk möç­be­ri­niň ýig­ri­mi­sin­den el­li­si­ne çen­li möç­ber­de je­ri­me sa­lyn­ýar ýa-da iki ýy­la çen­li möh­le­te dü­ze­diş iş­le­rin­de iş­let­mek ýa-da bäş ýy­la çen­li möh­le­te azat­lyk­dan mah­rum et­mek je­za­sy be­ril­ýär.».

2. 2010-njy ýy­lyň 12-nji mar­tyn­da ka­bul edi­len «Güm­rük gul­lu­gy ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny­nyň (Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň Mag­lu­mat­la­ry, 2010 ý., № 1, 15-nji mad­da; 2011 ý., № 4, 80-nji mad­da; 2016 ý., № 4, 165-nji mad­da; 2017 ý., № 2, 76-njy mad­da) 15-nji mad­da­sy­nyň 132-nji ben­din­de «baş­lan­gyç hü­när bi­li­mi ha­kyn­da dip­lom» di­ýen söz­le­ri «güm­rük taý­dan res­mi­leş­dir­mek bo­ýun­ça hü­när­me­niň hü­när şa­ha­dat­na­ma­sy­ny» di­ýen söz­le­re çal­şyr­ma­ly.

3. 2011-nji ýy­lyň 25-nji mar­tyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny bi­len tas­syk­la­ny­lan Türk­me­nis­ta­nyň Je­na­ýat-ýe­ri­ne ýe­ti­riş ko­dek­si­niň (Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň Mag­lu­mat­la­ry, 2011 ý., № 1, 8-nji mad­da; 2013 ý., № 3, 58-nji mad­da; 2014 ý., № 1, 42-nji mad­da; 2015 ý., № 4, 125-nji mad­da; 2016 ý., № 4, 164-nji mad­da; 2017 ý., № 1, 14-nji mad­da) 130-njy mad­da­sy­nyň bi­rin­ji bö­le­gi­ni güý­jü­ni ýi­ti­ren di­ýip ha­sap et­me­li.

4. 2013-nji ýy­lyň 29-njy aw­gus­tyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny bi­len tas­syk­la­nan Türk­me­nis­ta­nyň Ad­mi­nist­ra­tiw hu­kuk bo­zul­ma­la­ry ha­kyn­da ko­dek­sin­de (Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň Mag­lu­mat­la­ry, 2013 ý., № 3, 52-nji mad­da, № 4, 76-njy mad­da; 2014 ý., № 1, 45-nji mad­da, № 2, 79-njy mad­da, № 4, 162-nji mad­da; 2015 ý., № 1, 10-njy mad­da, № 3, 104-nji mad­da, № 4, 124-nji we 143-nji mad­da­lar; 2016 ý., № 1, 6-njy, 29-njy we 62-nji mad­da­lar, № 4, 140-njy we 162-nji mad­da­lar; 2017 ý., № 1, 12-nji we 30-njy mad­da­lar, № 2, 74-nji mad­da; № 3, 105-nji mad­da, № 4, 147-nji mad­da):

1) 4-nji mad­da­nyň üçün­ji bö­le­gin­de «we do­lan­dy­ryş» di­ýen söz­le­ri aýyr­ma­ly;

2) 28-nji mad­da­ny şu gör­nüş­de be­ýan et­me­li:

«28-nji mad­da. Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň de­pu­tat­la­ry­nyň, Ada­lat­çy­nyň we onuň orun­ba­sa­ry­nyň, we­la­ýat, et­rap, şä­her halk mas­la­hat­la­ry­nyň we Ge­ňeş­le­riň ag­za­la­ry­nyň ad­mi­nist­ra­tiw jo­gap­kär­çi­li­gi

1. Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň ra­zy­ly­gy bol­ma­sa, Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň de­pu­ta­ty ta­ra­pyn­dan edi­len ad­mi­nist­ra­tiw hu­kuk bo­zul­ma­la­ry üçin ol ad­mi­nist­ra­tiw jo­gap­kär­çi­li­ge çe­kil­mä­ge de­giş­li däl­dir.

2. Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň ra­zy­ly­gy bol­ma­sa, Ada­lat­çy we onuň orun­ba­sa­ry ta­ra­pyn­dan edi­len ad­mi­nist­ra­tiw hu­kuk bo­zul­ma­la­ry üçin olar ka­zy­ýet ter­ti­bin­de ad­mi­nist­ra­tiw jo­gap­kär­çi­li­ge çe­kil­mä­ge de­giş­li däl­dir.

3. Halk mas­la­hat­la­ry­nyň we Ge­ňeş­le­riň ra­zy­ly­gy bol­ma­sa, we­la­ýat, et­rap, şä­her halk mas­la­hat­la­ry­nyň we Ge­ňeş­le­riň ag­za­la­ry ta­ra­pyn­dan edi­len ad­mi­nist­ra­tiw hu­kuk bo­zul­ma­la­ry üçin olar ka­zy­ýet ter­ti­bin­de ad­mi­nist­ra­tiw jo­gap­kär­çi­li­ge çe­kil­mä­ge de­giş­li däl­dir.»;

3) 29-njy mad­da­nyň üçün­ji bö­le­gin­de «Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ser­he­di­niň düz­gün­le­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ser­he­di­niň üs­tün­den ge­çi­riş ýer­le­rin­dä­ki düz­gün­ler» di­ýen söz­le­ri «Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ser­he­di­niň düz­gü­ni, ser­het düz­gü­ni we gö­zeg­çi­lik-ge­çi­riş ýer­le­ri­niň düz­gü­ni» di­ýen söz­le­re çal­şyr­ma­ly;

4) 92-nji mad­da­dan soň şu maz­mun­ly mad­da­ny goş­ma­ly:

«921-nji mad­da. Al­da­mak ýa-da ynam­dan hy­ýa­nat­ly peý­da­lan­mak ar­ka­ly mad­dy zy­ýan ýe­ti­ril­me­gi

Al­da­mak ýa-da ynam­dan hy­ýa­nat­ly peý­da­lan­mak ar­ka­ly za­dyň eýe­si­ne ýa-da oňa eýe­lik ed­ýän baş­ga şah­sa mad­dy zy­ýan ýe­ti­ril­se, eger bu he­re­ket­ler­de em­lä­gi ogur­la­ma­gyň ala­ma­ty bol­ma­sa — bin­ýat­lyk muk­da­ryň bi­ri­sin­den on bä­şi­si­ne çen­li möç­ber­de je­ri­me sa­lyn­ma­gy­na ýa-da on bäş gi­je-gün­di­ze çen­li möh­le­te ad­mi­nist­ra­tiw taý­dan tus­sag edil­me­gi­ne elt­ýär.»;

5) 175-nji mad­da­nyň bi­rin­ji bö­le­gin­de «ýer­li hä­ki­mi­ýet» di­ýen söz­le­ri «hä­ki­mi­ýe­tiň ýer­li» di­ýen söz­le­re çal­şyr­ma­ly;

6) 388-nji mad­da­ny şu gör­nüş­de be­ýan et­me­li:

«388-nji mad­da. Ser­het se­bi­ti­ne gel­me­giň we on­da bol­ma­gyň ka­da­la­ry­nyň bo­zul­ma­gy

Ser­het se­bi­ti­ne gel­me­giň we on­da bol­ma­gyň ka­da­la­ry­nyň bo­zul­ma­gy — duý­du­ryş be­ril­me­gi­ne ýa-da bin­ýat­lyk muk­da­ryň 0,2 bö­le­gin­den 0,5 bö­le­gi­ne çen­li möç­ber­de je­ri­me sa­lyn­ma­gy­na elt­ýär.»;

7) 388-nji mad­da­dan soň şu maz­mun­ly mad­da­ny goş­ma­ly:

«3881-nji mad­da. Türk­me­nis­ta­nyň ser­het gö­zeg­çi­li­gi zo­la­gyn­da, çäk deň­zin­de we içer­ki suw­la­ryn­da ser­het düz­gü­ni­niň ka­da­la­ry­nyň bo­zul­ma­gy

Türk­me­nis­ta­nyň ser­het gö­zeg­çi­li­gi zo­la­gyn­da, çäk deň­zin­de we içer­ki suw­la­ryn­da, ser­het der­ýa­la­ryn­da, köl­le­rin­de we baş­ga suw how­dan­la­ryn­da ser­het düz­gü­ni­niň ka­da­la­ry­nyň bo­zul­ma­gy — bin­ýat­lyk muk­da­ryň bi­ri­sin­den iki­si­ne çen­li möç­ber­de je­ri­me sa­lyn­ma­gy­na elt­ýär.»;

8) 389-njy mad­da­ny şu gör­nüş­de be­ýan et­me­li:

«389-njy mad­da. Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ser­he­di­niň düz­gü­ni­niň bo­zul­ma­gy

Adam­la­ryň, ulag se­riş­de­le­ri­niň Döw­let ser­he­din­den geç­me­gi­niň hem-de ýük­le­riň we zat­la­ryň ser­he­diň üs­tün­den ge­çi­ril­me­gi­niň, Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ser­he­din­de ho­ja­lyk we beý­le­ki işi alyp bar­ma­gyň ka­da­la­ry­nyň bo­zul­ma­gy — bin­ýat­lyk muk­da­ryň bi­ri­sin­den iki­si­ne çen­li möç­ber­de je­ri­me sa­lyn­ma­gy­na elt­ýär.»;

9) 389-njy mad­da­dan soň şu maz­mun­ly mad­da­ny goş­ma­ly:

«3891-nji mad­da. Gö­zeg­çi­lik-ge­çi­riş ýer­le­ri­niň düz­gü­ni­niň bo­zul­ma­gy

Gö­zeg­çi­lik-ge­çi­riş ýer­le­ri­niň düz­gü­ni­niň bo­zul­ma­gy — bin­ýat­lyk muk­da­ryň bi­ri­sin­den iki­si­ne çen­li möç­ber­de je­ri­me sa­lyn­ma­gy­na elt­ýär.»;

10) 413-nji mad­da­nyň bi­rin­ji bö­le­gin­de «ýer­li hä­ki­mi­ýet» di­ýen söz­le­ri «hä­ki­mi­ýe­tiň ýer­li» di­ýen söz­le­re çal­şyr­ma­ly;

11) 446-njy mad­da­nyň bi­rin­ji bö­le­gin­de «92-nji,» di­ýen san­dan soň «921-nji,» di­ýen sa­ny goş­ma­ly;

12) 452-nji mad­da­nyň maz­mu­ny­ny şu gör­nüş­de be­ýan et­me­li:

«Türk­me­nis­ta­nyň ser­het gul­lu­gy eda­ra­la­ry şu Ko­dek­siň 388—3891-nji mad­da­la­ryn­da göz öňün­de tu­tu­lan ad­mi­nist­ra­tiw hu­kuk bo­zul­ma­la­ry ba­ra­da iş­le­re se­red­ýär­ler. Türk­me­nis­ta­nyň ser­het gul­lu­gy eda­ra­la­ry­nyň adyn­dan yg­ty­ýar­lyk­la­ry­nyň çä­gin­de gör­ke­zi­len iş­le­re se­ret­mä­ge we ad­mi­nist­ra­tiw tem­mi­si­ni ber­mä­ge şu aşak­da­ky we­zi­pe­li adam­la­ryň hu­ku­gy bar­dyr:

1) Türk­me­nis­ta­nyň ser­het we­kil­le­ri, ola­ryň orun­ba­sar­la­ry, ser­het bi­rik­me­le­ri­niň baş­lyk­la­ry we ser­het go­rag gä­mi­le­ri­niň ser­ker­de­le­ri;

2) ser­het gö­zeg­çi­lik eda­ra­la­ry bo­ýun­ça: aý­ra­tyn gö­zeg­çi­lik-ge­çi­riş ýer­le­ri­niň baş­lyk­la­ry, ola­ryň orun­ba­sar­la­ry, gö­zeg­çi­lik-ge­çi­riş ýer­le­ri­niň baş­lyk­la­ry.»;

13) 514-nji mad­da­nyň ikin­ji bö­le­gi­niň 2-nji ben­di­ni şu gör­nüş­de be­ýan et­me­li:

«2) ser­het go­şun­la­ry we ser­het gö­zeg­çi­li­gi eda­ra­la­ry — ser­het gö­zeg­çi­li­gi zo­la­gyn­da, ser­het se­bi­tin­de ser­het düz­gü­ni­ni, gö­zeg­çi­lik-ge­çi­riş ýer­le­ri­niň düz­gü­ni­ni we Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ser­he­di­niň düz­gü­ni­ni üp­jün et­mek üçin bel­le­ni­len ka­da­la­ryň bo­zul­ma­la­ry ýü­ze çy­ka­ry­lan­da;»;

14) 515-nji mad­da­nyň ikin­ji bö­le­gi­ni şu gör­nüş­de be­ýan et­me­li:

«2. Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ser­he­di­niň düz­gü­ni­ni, ser­het düz­gü­ni­ni ýa-da gö­zeg­çi­lik-ge­çi­riş ýer­le­ri­niň düz­gü­ni­ni bo­zan adam tes­wir­na­ma düz­mek üçin üç sa­ga­da çen­li tu­tup sak­la­ny­lyp bil­ner, hu­kuk bo­zu­jy­nyň şah­sy­ýe­ti­ni anyk­la­mak we hu­kuk bo­zul­ma­nyň ýag­daý­la­ry­ny ta­kyk­la­mak ze­rur bo­lan ha­lat­la­ryn­da bol­sa — üç gi­je-gün­di­ze çen­li tu­tup sak­la­ny­lyp bil­ner, şun­da bu ba­ra­da onuň tu­tup sak­la­ny­lan pur­sa­dyn­dan ýig­ri­mi dört sa­ga­dyň do­wa­myn­da pro­ku­ro­ra ýaz­ma­ça ha­bar be­ril­ýär ýa-da eger hu­kuk bo­zu­jy­nyň şah­sy­ýe­ti­ni tas­syk­la­ýan res­mi­na­ma­la­ry bol­ma­sa, pro­ku­ro­ryň sank­si­ýa­sy bi­len ol on gi­je-gün­di­ze çen­li tu­tup sak­la­ny­lyp bil­ner.»;

15) 591-nji mad­da­nyň maz­mu­nyn­da «Türk­me­nis­ta­nyň ra­ýat iş ýö­re­diş ka­nun­çy­ly­gyn­da» di­ýen söz­le­ri «Ýe­ri­ne ýe­ti­riş önüm­çi­li­gi we ka­zy­ýet ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji­le­ri­niň hu­kuk ýag­da­ýy ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­nyn­da» di­ýen söz­le­re çal­şyr­ma­ly.

II. Şu Ka­nun res­mi taý­dan çap edi­len gü­nün­den güý­je gir­ýär.

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti
Gurbanguly Berdimuhamedow.


Aş­ga­bat şä­he­ri. 2017-nji ýy­lyň 25-nji no­ýab­ry.