TÜRK­ME­NIS­TA­NYŇ KA­NU­NY
«Türk­me­nis­tan­da In­ter­net to­ru­nyň ösü­şi­ni we in­ter­net-hyz­mat­la­ry­ny et­me­gi hu­kuk taý­dan düz­gün­leş­dir­mek ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny­na üýt­get­me­ler gi­riz­mek ha­kyn­da

I. 2014-nji ýy­lyň 20-nji de­kab­ryn­da ka­bul edi­len «Türk­me­nis­tan­da In­ter­net to­ru­nyň ösü­şi­ni we in­ter­net-hyz­mat­la­ry­ny et­me­gi hu­kuk taý­dan düz­gün­leş­dir­mek ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny­na (Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň Mag­lu­mat­la­ry, 2014 ý., № 4, 160-njy mad­da) şu üýt­get­me­le­ri gi­riz­me­li:

5-nji mad­da­nyň 1-nji ben­din­de «düz­gün­leş­dir­ýän döw­let do­lan­dy­ry­şy­nyň yg­ty­ýar­ly» di­ýen söz­le­ri «düz­gün­leş­dir­mek ba­bat­da yg­ty­ýar­ly döw­let» di­ýen söz­le­re çal­şyr­ma­ly;

7-nji mad­da­nyň 5-nji ben­din­de, 13-nji mad­da­nyň bi­rin­ji bö­le­gin­de, 16-njy we 17-nji mad­da­lar­da «we do­lan­dy­ryş» di­ýen söz­le­ri aýyr­ma­ly;

10-njy mad­da­nyň ikin­ji bö­le­gi­niň bi­rin­ji te­si­min­de «döw­let do­lan­dy­ryş» di­ýen söz­le­ri «ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji hä­ki­mi­ýe­tiň» di­ýen söz­le­re çal­şyr­ma­ly;

31-nji mad­da­nyň üçün­ji bö­le­gin­de «yg­ty­ýar­ly döw­let do­lan­dy­ryş» di­ýen söz­le­ri «ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji hä­ki­mi­ýe­tiň yg­ty­ýar­ly» di­ýen söz­le­re çal­şyr­ma­ly.

II. Şu Ka­nun res­mi taý­dan çap edi­len gü­nün­den güý­je gir­ýär.

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti
Gurbanguly Berdimuhamedow.


Aş­ga­bat şä­he­ri. 2017-nji ýy­lyň 25-nji no­ýab­ry.