TÜRK­ME­NIS­TA­NYŇ KA­NU­NY
«Ne­şir­ýat işi ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny­na üýt­get­me­ler gi­riz­mek ha­kyn­da

I. 2014-nji ýy­lyň 8-nji no­ýab­ryn­da ka­bul edi­len «Ne­şir­ýat işi ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny­na (Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň Mag­lu­mat­la­ry, 2014 ý., № 4, 142-nji mad­da) şu üýt­get­me­le­ri gi­riz­me­li:

3-nji mad­da­nyň bi­rin­ji bö­le­gi­niň 4-nji ben­di­ni şu gör­nüş­de be­ýan et­me­li:

«4) mil­le­ti­ne, te­ni­niň reň­ki­ne, jyn­sy­na, ge­lip çy­ky­şy­na, em­läk hem we­zi­pe ýag­da­ýy­na, ýa­şa­ýan ýe­ri­ne, di­li­ne, di­ne ga­raý­şy­na, sy­ýa­sy ynam-yg­ty­ka­dy­na ýa-da gaý­ry ýag­daý­la­ry­na ga­ra­maz­dan aw­tor­lar hök­mün­de ra­ýat­la­ra öz-özü­ňi aň­lat­mak üçin müm­kin­çi­lik­ler dö­ret­mek.»;

4-nji mad­da­da:

bi­rin­ji bö­le­giň 1-nji ben­di­ni şu gör­nüş­de be­ýan et­me­li:

«1) ra­ýat­la­ryň ka­nun­da ga­da­gan edil­me­dik usul­da mag­lu­ma­ty er­kin göz­le­mä­ge, al­ma­ga we ýaý­rat­ma­ga bo­lan kons­ti­tu­sion hu­ku­gy­ny dur­mu­şa ge­çir­mä­ge;»;

ikin­ji bö­le­giň 2-nji ben­din­de «we do­lan­dy­ryş» di­ýen söz­le­ri aýyr­ma­ly;

15-nji mad­da­nyň bi­rin­ji bö­le­gi­niň bi­rin­ji te­si­min­de «we do­lan­dy­ryş» di­ýen söz­le­ri aýyr­ma­ly;

27-nji mad­da­nyň 4-nji ben­di­ni şu gör­nüş­de be­ýan et­me­li:

«4) şu Ka­nun we ne­şir­ýat işi ba­bat­da Türk­me­nis­ta­nyň beý­le­ki ka­da­laş­dy­ry­jy hu­kuk na­ma­la­ry bi­len onuň yg­ty­ýa­ry­na de­giş­li edi­len gaý­ry me­se­le­le­ri çöz­ýär.».

II. Şu Ka­nun res­mi taý­dan çap edi­len gü­nün­den güý­je gir­ýär.

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti
Gurbanguly Berdimuhamedow.


Aş­ga­bat şä­he­ri. 2017-nji ýy­lyň 25-nji no­ýab­ry.