Aşgabatda diplomatik wekilhanalaryň toparlarynyň arasynda ýaryş geçirildi

Halkara Bitaraplyk güni we BMG-nyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň döredilmeginiň 10 ýyllygy mynasybetli Daşary işler ministrligi Türkmenistanda ýerleşýän ilçihanalaryň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň arasynda kiçi futbol, woleýbol we stol üstünde oýnalýan tennis boýunça ýaryş gurnady, oňa ýurdumyzyň daşady syýasat edarasynyň topary hem gatnaşdy. Bu barada DIM-niň saýtynda habar berilýär.

„Galkynyş“ we „Türkmenistan“ sport toplumlarynda geçirilen kiçi futbol boýunça ýaryşa jemi 10 topar: BMG-nyň Wekilhanasynyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň, ABŞ-nyň, Täjigistanyň, Ukrainanyň ilçihanalarynyň, Kataryň we ÝeHHG-nyň bielelşen, şeýle hem Türkmenistanyň DIM-niň toparlary gatnaşdylar. Birinji orny Russiýa Federasiýasynyň ilçihanasynyň topary, ikinji ýeri gazak diplomatlary, üçünji orny ABŞ-nyň ilçihanasynyň topary eýelediler.

Kiçi futbol boýunça ýaryşyň ýeňijisine BMG-nyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň göçme Kubogy gowşuryldy. Ýaryşyň iň ökde derwezebanyna we hüjümçisine ýörüte baýraklar berildi. Şeýle hem daşary ýurt ilçihanalarynyň we DIM-niň wekilleriniň gatnaşmagynda dostluk oýny guraldy.

DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň sport toplumynda geçirilen woleýbol ýaryşynda Saud Arabystanynyň ilçihanasynyň topary öňe saýlandy, russiýaly diplomatlar—ikinji, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň işgärleri üçünji orny eýelediler.

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň sport toplumynda gurnalan stol üstünde oýnalýan tennis boýunça ýaryşda ABŞ-nyň ilçihanasynyň weikili ýeňiş gazandy, Russiýanyň ilçihanasynyň işgäri—ikinji, türk diplomaty üçünji orny eýelediler.

Ýaryşa gatnaşanlary ählisine BMG-nyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň baýraklary gowşuryldy. Baýrakly orunlary eýelän toparlara we oňa gatnaşanlara Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň Hormat hatlary gowşuryldy.