Yklymyň logistika merkezine öwürmekdäki hoşniýetli Türkmenistanyň möhüm orny

Ozal habar berlişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 29-njy noýabrda Serhetabat (Türkmenistan) stansiýasyndan Turgundy (Owganystan) stansiýasyna çenli täze demir ýoluň gurluşygyna badalga berdi.

Häzirki wagtda türkmen demir ýol gurluşykçylary bu desgadaky gurluşyk işleriniň möçberleriniň ýarysyny ýerine ýetirdiler.

Türkmenistanyň Owganystanyň çägindäki demir ýoly diňe bir öz serişdeleriniň hasabyna gurman, eýsem özüniň işgärler we maddy serişdelerini – işçileri, inženerleri, tehnikasyny – ýol gurluşyk enjamlaryny,gurluşyk serişdelerini we beýlekileri peýdalanlanýandygyny aýratyn bellemek gerek.

Bu demir ýoluyň gurluşygy Turgundynyň üstünden haryt dolanyşygyny artdyrmak, Owganystanda öndürilýän önümleri daşarky bazarlara eksport etmek üçin amatly şertleriň döredilmegi, şeýle hem Owganystana zerur bolan harytlary ibermek işlerini ep-esli çaltlandyrmak üçin möhüm ähmiýetli taslama bolup durýar diýip, Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani türkmen liderine iberen hatynda nygtaýar. Doganlyk ýurduň baştutany hemmetaraplaýyn goldaw, Owganystan bilen Türkmenistanyň arasynda dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna goşýan uly goşandy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa çuňňur hoşallygyny beýan etdi.

Aşgabatda Owganystan boýunça sebit ykdysady hyzmatdaşlygyň 7-nji Konferensiýasynda (RECCA VII) Owganystanyň durmuş-ykdysady taýdan dikeldilmegine ýardam berýän Türkmenistanyň başlangyjy boýunça amala aşyrylýan iri düzümleýin taslamalaryň orny bellenildi.

Owganystan – Türkmenstan – Azerbaýjan – Gruziýa – Türkiýe – “Lýapis Lazuli” halkara ulag geçelgesini döretmek barada bäştaraplaýyn ylalalaşyga gol çekilmegi maslahatyň möhüm netijesi boldy. Bu geçelge Merkezi we Günorta Aziýa, Hazar we Garadeňiz ýakalaryny, Ortaýer deňzi sebitlerini öz içine alýan giň geoykdysady çäklerde hyzmatdaşlygyň pugtalanydrylmagyna ýardam berýär.

Şondan iki hepde geçenden soňra biziň ýurdumyz bu wekilçilikli maslahatyň görkezmelerini iş ýüzünde ýerine ýetirmäge girişdi – türkmen demir ýolçulary Owganystanyň Turgundy şäherine çenli demir ýoluň gurluşygyna başladylar, Owganystanyň ykdysadyýetinde we haryt dolanyşygynda onuň ähmiýeti ep-esli ýokarlanar. Sebäbi bu demir ýol şahasy boýunça goňşy ýurt öz önümlerini daşarky bazarlara çykarmak hem-de zerur bolan daşary ýurt harytlaryny getirmek üçin has amatly usula eýe bolýar.

Türkmenistanda bar bolan demir ýol we awtoulag ýollary eýýäm bu ulag geçelgesiniň ep-esli bölegini düzýär hem-de oňa Turgundynyň goşulmagy, ozaly bilen üstaşyr logistikanyň amatlaşdyrylmagyna, Owganystanyň ykdysady goşulyşmagyna hem-de sebitde söwdanyň möçberleriniň artdyrylylmagyna gönükdirilendir.

Şeýlelikde, Serhetabat – Turgundy demir ýol şahasy Owganystanyň ykdysadyýetiniň ösdürilmegi üçin goşmaça mümkinçilikleri döreder, bu ýurtda kiçi we orta telekeçiligiň işjeňleşmegi üçin mümkinçilikleri açar, owgan harytlaryny goňşy döwletleriň bazarlaryna çykarmak üçin amatly şertleri emele getirer.

Türkmenistan gunortadaky goňşy ýurdumyz Owganystanda parahatçylygyň we durnuklylygyň emele gelmegine hemmetaraplaýyn ýardam berýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şunda diňe syýasy – diplomatik, söwda –ykdysady we ynsanperwerlik ýollarynyň herekete getirilmeginiň zerurdygyny belleýär.

Biziň ýurdumyz Owganystany dikeltmek meselelerinde işjeň orny eýelemek bilen, möhüm başlangyçlaryň birnäçesini öňe sürdi. Olaryň ählisi owgan meselesini çözmäge, şol sanda gepleşikleri geçirmek üçin öz syýasy giňişligini bermek ýoly bilen özara ylalaşykly çemeleşmeleriň işlenip taýýarlanylmagyna gönükdirilendir.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň belent münberinden Owganystandaky ýagdaýyň durnuklaşdyrylmagy üçin düýbünden täzeçe gurallaryň işlenip taýýarlanylmagynda tagallalary birleşdirmek boýunça başlangyçlary öňe sürdi. Hususan-da, BMG-niň howandarlygynda bu ýurduň ykdysadyýetini dikeltmek boýunça uzakmöhletleýin maksatnamany işläp taýýarlamak baradaky teklip öňe sürüldi.

Owganystanyň Balh welaýatynyň Mazari-Şerif şäheride “Türkmenistan” bilelikdäki söwda öýüniň açylmagy OYR bilen ykdysady hyzmatdaşlyk babatynda döwletimiziň durmuşa geçirýän ähmiýetli çäreleriniň biri boldy. Bu taslamany Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi iki ýurduň döwlet düzümleriniň ýardam bermeginde owgan hususy kompaniýalary bilen bilelikde amala aşyrdy.

Dükanyň iki gatynda ýerleşdirilen tekçelerde Türkmenistanda öndürilýän dürli görnüşli azyk we senagat harylary hödürlenilýär. Dünýäde ýokary islege eýe bolan dokma, däp bolan haly önümlerinden başga-da olar biziň ýurdumyz üçin täze, türkmen telekeçileri tarapyndan ynamly özleşdirilýän pudaklardyr. Daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek hem-de ýurdumyzyň eksport kuwwatyny ýokarlandyrmak boýunça döwlet maksatnamalarynyň çäklerinde häzirki wagtda işjeň kemala gelýän elektron senagatyny olaryň hatarynda görkezmek bolar.

Türkmen öndürijileriniň azyk önümleri hem daşarky bazarlarda öz ornuny pugtalandyrýar. Owganystanyň sarp edijileri eýýäm ýurdumyzda öndürilen azyk önümleriniň tagamynyň hiline baha bemäge ýetişdiler. “Türkmenistan” söwda oýünde şeýle hem süýji-köke önümleriniň, şireleriň, gaplanylan gök-miwe önümleriň we beýlekileriň dürli görnüşleri hödürlenilýär.

Türkmenistan şeýle hem Owganystana iberilýän elektrik energiýasynyň möçberlerini artdyrýar, dürli welaýatlarda durmuş ähmiýetli desgalary gurýar. Mysal üçin, Hyratda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça çaga dogrulýan öý bina edildi. Bu lukmançylyk edarasynyň göwnejaý işini ýola goýmak hem-de ýerli ýaşaýjylaryň hasabyna degişli işgärleri taýýarlamak üçin, milli Liderimiziň tabşyrygy boýunça Owganystana lukmanlaryň we şepagat uýalarynyň topary, şeýle hem zerur bolan lukmançylyk enjamlary we kömekçi serişdeler ugradyldy.

Bilelikdäki söwda merkeziniň açylmagy Owganystanyň halkynyň asuda durmuşyny ýola goýmak işinde Türkmenistanyň ýene bir nobatdaky ädimidir. Bu babatda ähli döwürlerde bolşy ýaly, söwda durmuş-ykdysady abadançylygyň hem-de ähli ugurlarda halkara hyzmatdaşlygynyň ýola goýulmagynda netijeli gural bolup çykyş edýär.

Söwda üçin bolsa ulag geçelgeleri möhümdir. Türkmenistan ulag düzümlerini işjeň ösdürmek bilen, polat ýollaryň möhüm çatrygyna, Ýewraziýanyň iri logistiki merkezine öwrülýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Serhetabat – Türgundy demir ýolunyň gurluşygyna badalga bermek dabarasynda belleýşi ýaly, ulag geçelgeleriniň ösdürilmegi häzirki wagtda netijeli halkara hyzmatdaşlygynyň örän möhüm şertleriniň biri bolup durýar. Bu babatda türkmen halky gadymy döwürlerden bäri ýollaryň gurulmagyny sogaply iş hasaplap, bu däbi mynasyp dowam etdirýär. Ýurdumyzda awtomobil we demir ýollar çekilýär, olar halkara öçleglerine doly laýyk gelýär we biziň ulag düzümimizi sebitiň logistika ulgamyna goşmaga mümkinçilik berýär.

Halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň, Türkmenistanyň multimodal ulgamynyň sazlaşykly ösdürilmeginde demirýol ulgamynyň ähli kuwwatynyň herekete getirilmegine möhüm orun degişlidir. Şol sebäpli hem onuň düzümleriniň giňeldilmegine we döwrebaplaşdyrylmagyna aýratyn üns berilýär.

Muňa mysal hökmünde Gazagystan-Türkmenistan-Eýran, Kerki (ozalky Atamyrat) – Ymamnazar – Akina demir ýollaryny getirip bolar. Türkmenistan – Owganystan – Täjigistan demir ýolunyň gurluşygynyň başlangyç tapgyry bolan bu demir ýoluň ulanmaga berilmegi bilen biziň döwletlerimiziň ütaşyr – ulag kuwwatyny netijeli durmuşa geçirmek üçin täze mümkinçilikler döredildi, olaryň häzirkizaman halkara ykdysady gatnaşyklar ulgamyna işjeň goşulyşmagy üçin hem amatly şertler emele geldi. Taslama gatnaşyjy döwletler täze bazarlara çykalga eýe bolýarlar, mundan başga-da Owganystan üçin bu durmuş-ykdysady ösüşiň, täze şäherleri, kärhanalary gurmagyň, iş orunlaryny döretmegiň açarydyr.

Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeldýän bu demirýol biziň özygtyýarly ýurdumyzyň ulag-üstaşyr geçirijilik kuwatynyň artdyrylmagyna, Ýewropa, Aziýa – Ýuwaş ummany we Günorta Aziýa ugry boýunça halkara geçelgesiniň möhüm bölegine öwrülmegine ýardam berer. Bu ýoluň baş maksady sebitiň döwletleri bilen netijeli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna ýardam bermekden, millionlarça adamlaryň bähbidine, ählumumy parahatçylyga we abadançylyga gulluk etmekden ybaratdyr.

Gadymy döwürlerde ýurdumyzyň çäklerinden geçen Beýik Ýüpek ýoly täze keşbe eýe bolýar. Häzirki wagtda Türkmenistanda paýtagtymyzyň Halkara howa menzili ýaly ägirt uly taslamalar durmuşa geçirildi. Türkmenbaşynyň deňiz menziliniň, Aşgabat-Türkmenbaşy ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň we beýlekileriň gurluşygy tamamlanyp barýar.

Ýurdumyzda demirýol, awtomobil ýoly, howa we suw ulagyny herekete getirmek bilen amatly we howpsuz halkara ulag geçelgeleri döredilýär, munuň özi sebitde durnukly ösüşi – halklaryň arasynda hoşniýetli gatnaşyklary giňeltmäge, syýasy we medeni hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, söwda haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmaga mümkinçilik berýär. Bular hem-de guluşygy meýilleşidrilýän beýleki ugurlar hem sebitiň ýurtlarynyň arasynda netijeli gatnaşyklar olaryň ykdysady kuwwatyny artdyrmak üçin täze mümkinçilikleri açýar.

Ýurdumyzyň başlangyjy boýunça gurulýan Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan halkara gaz geçirijisi barada hem aýtmak gerek. Bu taslamanyň çäklerinde şeýle hem elektrik geçiriji hem-de optika-süýümli aragatnaşyk ulgamlaryny çekmek meýilleşidrilýär. Munuň özi sebitiň okgunly ösüşinde bu ýoluň ornuny güýçlendirýär.

Türkmenstanyň serhedinden Owganystanyň Turgundy şäherine çenli demir ýolunyň gurluşygynyň taslamasy goňşy ýurduň abadançylygy üçin ýene bir möhüm ädimdir. Onuň gurluşygy tamamlaýjy tapgyra gadam basdy.

Soňra bolsa demir ýololar we awtomobil ýollary Hyrat welaýatynyň Turgundy şäherini we Aşgabat şäheri bilen birleşdirer, ondan soňra Hazar deňzindäki Türkmenbaşy menzili bilen birleşdirer. Bu geçelge Hazaryň üsti bilen Bakuwa, Tbilisiniň üsti bilen Ankara hem-de soňra Stambula çenli dowam etdiriler.

Häzirki wagtda gaýtadan dikeldilýän Owganystan öz öndürýän oba hojalyk önümlerini ýerlemek üçin täze bazarlary hem-de söwda – üstaşyr ugurlary işjeň gözleýär. Türkmenstan bolsa dostlukly ýurda nobatdaky kömegini berýär: Türgundy nokadynyň hem-de Serhetabat birikme stansiýasyna çenli döwrebaplaşdyrylan ýoluyň işe girizlmegi ýurdumyzyň demir ýol ulgamynyň üsti bilen sebitiň beýleki döwletlerinden hem-de onuň çäklerinden daşky ugurlara çykalga açýar, Owganystanyň gök önümleriniň, miweleriniň hem-de gury miweleriniň hasabyna alynýan girdeji köp esse artar. Şeýlelikde, köp maşgalalaryň abadançylygy ýokarlanar.

Türkmenistan tarapyndan maliýeleşidrilýän hem-de durmuşa geçirilýän bu taslama sebitde halkara ýük gatnawlarynyň möçberleriniň artdyrylmagyna, şeýle hem ýurdumyzyň sebitiň we yklymyň möhüm ulag – logistika merkezi hökmünde ykrar edilmegine ýardam berer.

Türkmen demirýolçulary gurluşyk işlerini bellenilen möhletlerde tamamlamagy niýet edinýärler, munuň üçin özleriniň ähli tejribesini we tagallalaryny jemleýärler, ýene bir ulag düzüminiň öz wagtynda işe girizilmegi üçin güýç-gaýratlaryny gaýgyrmaýarlar, bu ýol iki döwleti birleşdirer we biziň günortadaky goňşymyz üçin durmuş-ykdysady ösüşiň hem-de daşary söwda gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek üçin täze mümkinçilikleri açar.