Azyk bolçulygy—Türkmenistanyň ykdysady strategiýasynyň netijesi

Ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmak, azyk bolçulygyny üpjün etmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanda yzygiderli durmuşa geçirilýän ykdysady syýasatyň möhüm ugrudyr. Oba hojalygynda toplumlaýyn özgertmeleriň amala aşyrylmagy, daşary ýurtlardan getirilýän harytlarynyň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça Döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi, ykdysadyýetiň hususy ulgamynyň, kiçi we orta telekeçiligiň hemmetaraplaýyn goldanylmagy netijesinde bu ulgamda düýpli üstünlikler gazanyldy.

2017-nji ýylyň 11 aýynyň içinde JIÖ-niň umumy möçberinde ýurtda öndürilen oba hojalyk önümleriniň paýy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde 5,1 göterim artdy. Hususan-da, unuň öndürilişiniň ösüş depgini 104,7 göterim, aş önümleriniňki 108,7 göterim, etiňki 101 göterim, gök önümleriňki 101,7 göterim, bakja önümleriniň ösüş depgini 105,3 göterim üpjün edildi.

Şunuň bilen birlikde, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň kärhanalary tarapyndan şu ýylyň 11 aýynda oba hojalyk we azyk önümleriniň 1 milliard 312 million manatlygy öndürilip, 131,9 göterim ösüş depgini gazanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow azyk ulgamyny ösdürmegiň, ilatyň köp görnüşli we ýokary hilli azyk önümlerine bolan islegini kanagatlandyrmagyň meselelerini hemişe üns merkezinde saklaýar. Bu mesele ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň ähli mejlisleriniň diýen ýaly gün tertibine girizilýär. Bu meseleleri netijeli çözmek maksady bilen azyk howpsuzlygyny üpjün etmek baradaky Döwlet topary döredildi.

2015-nji ýylda üçünji müňýyllygyň ösüş maksatlarynyň biri hökmünde azyk howpsuzlygyny üpjün etmek ulgamynda gazanan üstünligi üçin ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) ýörite baýragyna mynasyp bolandygyny ýatlalyň. Täze ýylyň öň ýanyndaky şu günlerde paýtagtymyzdaky hem-de welaýatlardaky söwda merkezleriniň we bazarlaryň tekjelerinde harytlaryň dürli görnüşleriniň bol bolmagy daşary ýurtlardan getirilýän harytlarynyň ornuny tutýan önümleri, şol sanda azyk önümlerini öndürmek boýunça öňde durýan wezipeleriň üstünlikli çözülýändigine şaýatlyk edýär.

Ýurdumyzyň azyk senagaty, döwlet we hususy kärhanalar tarapyndan ýerli tebigy çig maldan öndürilýän önümleriň sanawynda süýt, peýniriň we gatygyň, ýogurtyň we buzgaýmagyň, süzmäniň, aýranyň, dorogyň, suwlaryň, gaýmagyň dürli görnüşleri, dürli et, şöhlat, çörek we çörek önümleriniň süýji önümleri, täze hem-de gaplanan gök we balyk önümleri, şerbetler, miwe suwlary, çaga iýmiti (miwe-gök önüm pýuresi), bal, üwmeç, tomat goýaltmasy we beýlekiler bar.

Obasenagat toplumy ykdysadyýetimiziň möhüm ugurlarynyň biridir. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň önüm öndürijileri ähli taraplaýyn goldamaga gönükdirilen çuň oýlanyşykly strategiýasy bu ulgamyň okgunly ösdürilmegine ýardam berýär. Soňky ýyllaryň dowamynda bäsdeşligiň ýokarlandyrylmagyna, oba hojalygynyň we obasenagat toplumynyň beýleki ulgamlarynyň tehnika we tehnologiýa taýdan täzeden enjamlaşdyrylmagyna gönükdirilen yzygiderli çäreler durmuşa geçirilýär.

Obada täze ykdysady gatnaşyklary kemala getirmek, dürli hojalyk edaralarynyň arasynda bäsdeşlik ýagdaýyny döretmek, ýer-suw serişdelerini tygşytly we başarnykly peýdalanmak, daşky gurşawy goramak, agrar ylmyny, tohumçylygy ösdürmek, innowasiýany, menejmentiň we bazary öwrenişiň täze öňdebaryjy usullaryny giňden ornaşdyrmak, durmuş meselelerini çözmek oba hojalyk özgertmeleriniň çäklerinde amala aşyrylýan giň möçberli möhüm işlerdir.

Bellenip geçilişi ýaly, bu ugurda köp üstünlikler gazanyldy. Her ýylda bugdaýyň bol hasylyny ýygnaýan türkmen gallaçylary ýurdumyzyň diňe bir içerki bazaryny doldurmak we Watanymyzyň azyk garaşsyzlygyny üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, azyklyk bugdaý ýaly strategik oba hojalyk önümini eksport edýän ýurt hökmünde Türkmenistanyň dünýädäki ornuny hem pugtalandyrýarlar. Oba hojalygyny köp ugurly ösdürmek maksady bilen, düýpli çäreler görülýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda gallaçylyk we pagtaçylyk bilen bir hatarda, maldarçylyk, guşçulyk, gök ekerançylyk, bagçylyk, üzümçilik, bakjaçylyk, bal aryçylyk we agrar telekeçiligiň beýleki ugurlary işjeň ösdürilýär.

“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012—2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynyň” üstünlikli durmuşa geçirilmegi hem-de ösüşiň pudaklaýyn maksatnamalarynyň çäklerinde, häzirki zaman talaplaryna kybap gelýän maldarçylyk toplumlarynyň, ýyladyşhana hojalyklarynyň, un üweýän önümçiligiň gurulmagyna, çörek, aş, et we süýt önümleriniň, ösümlik ýagynyň, peýniriň, şöhlatyň dürli görnüşleriniň öndürilmegine uly ähmiýet berilýär.

Bu maksatnamalary durmuşa geçirmäge ykdysadyýetiň hususy ulgamy giňden çekilýär. Oba hojalygynda onuň paýy 90 göterimden geçýär. Türkmenistanda maldarçylyk pudagynda hem döwlet—hususy hyzmatdaşlyk aýratyn üstünlikli ösdürilýär. 2014-nji ýylda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Ahal welaýatynda “Abadan” daýhan birleşiginiň çäginde açylan “Sahabatly” hojalyk jemgyýeti tarapyndan gurlan iri maldarçylyk toplumy munuň aýdyň mysalydyr. Onuň ýylda 2 müň tonna süýt we süýt önümlerini hem-de 30 tonna et önümlerini öndürýän önümçilik kuwwaty bar. Bu desgany gurmak üçin maldarçylyk fermasyna 9 gektar ýer hem-de ýorunja, mekgejöwen, arpa we beýleki iýmlik ekinler ekmek üçin 400 gektar ýer bölünip berildi.

Mundan başga-da, Ahal welaýatynda mallar we guşlar üçin azyklyk goşundylary bilen baýlaşdyrylan iýmleri öndürýän döwrebap kärhana we iri şahly ýaş mallary bakmak üçin maldarçylyk fermasy işe girizildi.

Baharly etrabynda her ýyl 20 müň tonna süýt we 100 tonna et önümlerini öndürýän maldarçylyk toplumy işleýär. Ol ýokary hilli sygyr etini öndürmäge ýöriteleşdirilendir. Bu etrapda kuwwaty ýylda 100 tonna et önümlerini öndürmäge niýetlenen ýene bir mal bakýan hojalyk döredildi.

Şuňa meňzeş toplum Daşoguz welaýatynda hem guruldy. Ol 500 baş tohum maly saklamaga hem-de ýylda 2 müň tonna süýdi we 120 tonna eti gaýtadan işlemäge niýetlenendir.

Ot-iýmlik ekinleri ýetişdirmekden, iýmlik goşundylary öndürmekden we satyn almakdan, et önümlerini hem-de ýarym taýýar önümleri gaýtadan işläp ýerlemäge çenli ähli işlerde ýüze çykýan kynçylyklary has azaltmaga mümkinçilik berýän toplumlaýyn çemeleşmeler täze kärhanalaryň tapawutly aýratynlyklary bolup durýar. Doly önümçilik toplumynyň netijeliligi ýurdumyzyň oba hojalyk ugurly kompaniýalarynyň işiniň esasyny düzýär, munuň özi, bir tarapdan, öndürilýän önümleriň hilini ýokarlandyrmaga, beýleki tarapdan bolsa kärhanalaryň düşewüntliligini artdyrmaga mümkinçilik berýär.

Häzirki wagtda Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda täze maldarçylyk toplumlary gurulýar, olaryň her biriniň ýyllyk kuwwaty 200 tonna önüme deňdir. Bu desgalar Azyk senagaty döwlet birleşiginiň buýurmasy boýunça bina edilýär, olary 2018-nji ýylyň iýunynda ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar.

Şol bir wagtda guşçulyk pudagy hem kuwwatly ösüşe eýe boldy. Şunda ençeme kärhanalary, şol sanda Ahal welaýatynyň çäginde ýerleşýän “Guş toplumy” toplumyny, Balkan welaýatynyň Bereket etrabyndaky hem-de Mary welaýatynyň Baýramaly etrabyndaky guşçulyk toplumlaryny mysal hökmünde getirip bolar. Olaryň önümleri alyjylaryň uly islegine eýedir.

Ekologiýa taýdan arassa önümleriň önümçiliginiň artdyrylmagy, ýurdumyzyň ýaşaýjylarynyň saçaklaryna hatda gyş döwründe hem ýokumly azyk önümlerini ýetirmek ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň ýyladyşhana hojalygynyň baş wezipesi bolup durýar, döwletimiz bu ugry hemmetaraplaýyn goldamak bilen, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini çaltlandyrmak üçin şertleri döredýär, önümçiligiň öňdebaryjy tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagyna, obada maşgala hojalyklaryna iş ýüzünde ýardam berýär, şeýle hem gök önümleri goňşy ýurtlara ibermäge binýat döredýär.

Türkmenistanyň ähli sebitlerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça şäherleriň we obalaryň ilatyny ýylyň dowamynda ter gök önümler bilen üpjün etmäge ukyply ýyladyşhanalaryň gurluşygy ýaýbaňlandyryldy. Olary şeýle işewürlik taslamalarynyň bähbitliligine we ýokary ykdysady netijeliligine: düşewüntlilik, tiz özüni ödemegi hem-de ýokary girdejiligi ýaly taraplaryna mynasyp baha beren ýurdumyzyň telekeçileri gurýarlar. Bölek satuw ulgamynyň düzümleri we jemgyýetçilik iýmiti kärhanalary hem ter we ýokary hilli önümlere uly isleg bildirýärler. Ýylyň dowamynda üznüksiz işleýän ýyladyşhana hojalygy, haýsy möwsümdigine garamazdan, uly girdeji almaga mümkinçilik berýär.

Şu ýyl Daşoguz welaýatynda ýerleşýän “Döwletli” daýhan birleşiginde täze ýyladyşhana hojalygy peýda boldy. Bu iri toplum ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy – “Altyn gala gurluşyk” hususy kärhanasy tarapyndan bina edildi. Bu ýerde dört gektar meýdanda ýylda 800 tonna pomidor, şol sanda bu gök önümiň ýerli we daşary ýurtda ýetişdirilýän görnüşlerini öndürmek göz öňünde tutulýar, olaryň şitilleri ýyladyşhanada ýetişdiriler.

Ahal welaýatynyň Baharly etrabynda üstünlikli işleýän kärhananyň düzüminde gaplanylan gök we miwe önümlerini taýýarlaýan iki zawod, şeýle hem alkogolsyz içgileri we arassa agyz suwuny öndürmek boýunça zawodlar bar. Mürçe daýhan birleşigindäki 100 gektar meýdanda armyt, alma, çereşnýa, ülje, garaly, alça, şetdaly, erik we üzüm agaçlary ekildi. Bu ýerdäki ýyladyşhana hojalygyndan her günde gök önümler paýtagtymyzyň söwda nokatlaryna iberilýär.

Et, süýt, gök we miwe önümleriniň zaýalanman saklanylmagyny üpjün etmek üçin degişli düzümler ähli ýerlerde döredilýär. Täze sowadyjy ammarlarda ähli işler awtomatlaşdyrylandyr we mehanizmleşdirilendir, olar Aşgabat, Daşoguz, Mary we Türkmenbaşy şäherlerinde guruldy. Azyk önümleriniň döwrebap ammarlary ýöriteleşdirilen enjamlar, ýükleýän-düşürýän tehnika we göteriji gurallar bilen üpjün edilendir.

Milli ykdysadyýetimiziň azyk pudagynda daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň möçberlerini artdyrylmagyna balyk hojalygynyň ösdürilmegi hem ýardam berýär, bu pudakda hem ýurdumyzyň telekeçileri öňdäki orunlaryny berkidýärler.

2015-nji ýylyň sentýabr aýynda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmenbaşy etrabynyň merkezinde bekre balyklaryny ýetişdirmek, gara işbili öndürmek we beýleki balyk önümlerini taýýarlamak boýunça Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň “Hazar balyk” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň işe girizilmegi şanly waka öwrüldi. Onuň ýyllyk kuwwaty bekre görnüşli harytlyk balygyň ýylda 100 tonnasyny we bekre işbiliniň 2 tonnasyny, kakadylan we beýleki balyk önümleriniň 170 tonnasyny, şeýle hem gaplanylan önümleriň 10 million şertli birligini öndürmäge deňdir.

Bekre, zagara we lakga görnüşli balyklary ýetişdirmek boýunça ýyllyk kuwwaty degişlilikde 20, 10 we 60 tonna harytlyk balygy öndürmäge deň bolan şunuň ýaly toplum Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda hem üstünlikli işleýär.

Üç ýyl mundan ozal Hazaryň deňiz flotilasynyň üstüniň her biriniň ýük göterijiligi 100 tonna deň bolan, balyk doňduryjy enjamlary bilen üpjün edilen täze senagat-ulag gämileri bilen ýetirilendigi bellemek gerek.

Şeýle hem daýhanlaryň öz kömekçi hojalyklarynda ýetişdirýän azyk önümleriniň möçberleriniň yzygiderli artýandygyny bellemek gerek. Bu babatda ähli welaýatlarda täze nusgaly döwrebap obalaryň bina edilendigi örän buýsançly ýagdaýdyr. Obalardaky her öýüň ýanynda 0,12–0,16 gektar mellek ýeri bar, olarda bag ekmek ýa-da gök önümleri ýetişdirmek mümkindir, hojalyk mallaryny we guşlary saklamak üçin zerur bolan hojalyk jaýlaryny hem gurup bolar. Şeýlelikde, oba ýaşaýjylary öz zerurlyklary üçin hem, bazarlarda ýerlemek üçin hem gök önümleri we miweleri ýetişdirmäge, et we süýt önümlerini öndürmäge mümkinçilik aldylar.

“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018—2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça Maksatnamasyny” durmuşa geçirmegiň barşynda ýurdumyzyň obasenagatynda hil taýdan täze sepgitlere ýetiler, bu maksatnamanyň amala aşyrylmagy Watanymyzyň okgunly ösüşine we abadançylygyna, ilatyň abadançylygynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna ýardam berer.

Şu ýylyň oktýabr aýynda milli parlament “Ýer hakynda” Türkmenistanyň Kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda” Kanuny kabul etdi. Döwlet buýurmalaryna laýyklykda, 5 ýylyň dowamynda oba hojalyk önümlerini ýetişdirmek boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryň ýerine ýetirilmegini üpjün eden daýhanlara ýerleriň uzakmöhletleýin kärendesine berilmegi, bu pudakda oba hojalyk paýdarlar jemgyýetleriniň döredilmegi – bularyň ählisi diňe bir ýerden peýdalanyjylaryň däl-de, eýsem, ýer eýeleriniň, gurply daýhan hojalyklarynyň we birleşikleriniň kemala gelmegine ýardam berer. Obada bazar gatnaşyklaryny ugur edinýän hojalygy ýöretmegiň täze görnüşlerine geçilmegi bazarlary ýurdumyzda öndürilýän dürli görnüşli önümler bilen doly üpjün etmäge, obasenagat toplumynyň eksport kuwwatyny pugtalandyrmaga mümkinçilik berer.

Mahlasy, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek boýunça öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli çözülýändigini bellemek gerek. Milli ykdysadyýetimiziň azyk pudagy okgunly ösdürilýär, ýurdumyzda öndürilýän önümleriň möçberi artýar we hili ýokarlanýar, görnüşleri köpelýär.