Futzal boýunça milli birinjiligiň ýeňijisi belli boldy

Futzal boýunça Türkmenistanyň çempionaty „Talyp sporty“ toparynyň ýeňşi bilen tamamlandy. Jemleýji tapgyrda talyplar topary Ahal welaýtynyň „Ak bugdaý“ toparyny 11:2 hasabynda utdy.

Çempionatda ýaryşyň sebit tapgyrlaryndan üstünlikli geçen güýçli toparlaryň sekizisi çykyş etdi. Olar iki topara bölünip, aýlaw görnüşli ýaryşda ýarym finala çykmak ugrunda bäsleşdiler.

„A“ toparda Döwlet migrasiýa gullugynyň topary Balkanyň „Deňizçi“ toparyny 2:0, gündogar sebitiň „Lebap“ toparyny 7:2 hasabynda utup, möhletinden öň ýarym finala çykdy. Jemleýji oýunda toparyň öňbaşçysy Ahal welaýatynyň „Ak bugdaý“ komandasy bilen duşuşdy. Oýun deň tamamlandy, bu bolsa klublaryň ikisine-de ýarym finala çykmaga mümkinçilik berdi.

„B“ toparda üç gezek ýeňiş gazanan Aşgabadyň „Galkan“ kluby öňe saýlandy. „Talyp sporty“ ikinji orny eýeledi. Paýtagtly klublara mynasyp garşylyk görkezmegi başarmadyk daşoguzly we maryly futzalçylar bir utuk bilen toparlaýyn tapgyrdan çykyp bilmediler.

Ýarym final duşuşyklar garaşylmaýan netije berdi: „Talyp sporty“ „A“ toparyň ýeňijisi- migrasiýa gullugynyň komandasyny 8:0 hasabynda ýeňdi, „Galkan“ bolsa, 2:5 hasabynda „Ak bugdaý“ toparyndan utuldy.

Üçünji orun ugrundaky paýtagtly toparlaryň duşuşygynda migrasiýa gullugynyň komandasy 6:1 hasabynda üstün çykdy.

Aýgytlaýjy duşuşykda „Ak bugdaý“ topary bilen duşuşan „Talyp sporty“ sazlaşykly, hüjümli oýnap, garşydaşlarynyň derwezesine 11 pökgi geçirdi we özüniňkä bary – ýogy iki top goýberdi. Talyplar komandasyndan garşydaşlarynyň derwezeine 8 pökgi salan Mülkaman Annagulyýew milli birinjilikde iň köp top geçiren oýunçy diýlip yglan edildi.