„Ýeňijilere şöhrat!“ atly sirk çykyşlaryna gatnaşyjylar hünär syrlarynyň käbirini açýarlar

Surata düşüren: Ýuriý ŞKURIN

„Ýeňijilere şöhrat!“ atly sirk çykyşlaryna gatnaşyjylar Täze ýyl baýramyny aşgabatlylar we paýtagtymyzň myhmanlary bilen bile garşylarlar. Türkmenistanyň döwlet sirkindäki çykyşlarda boş ýer tapylmaýar. Russiýaly sirk artistleriniň çykyşlaryna tomaşa edenler we olara indi syn etjekler üçin artistleriň özleri hem-de çykyşlary baradaky gürrüňleri gyzykly bolsa gerek.

«Русичи» atly akrobatlar toparynyň ýolbaşçysy, Russiýanyň at gazanan artisti Igor MAÝOROW:

-«Русичи» atly çykyşymyzň döränine 30 ýyl boldy. Onda gulluk borjuny ýerine ýetirip gelenlerem bar, käsi bolsa 25 ýyl işländen soň hormatly dynç alyşa gitdiler. Sirkde käbir çykyşlar 30, 40, 50 ýylam ýerine ýetirilýär. Batutda folklor çykyşyny döretmek pikiri 1980-nji ýylda kelläme gelipdi, emma 7 ýyllap men onuň detallary barada pikirlendim, oňa gatnaşjaklary saýladym, egin-eşikleriň çyzgysyny taýýarladym. Çaryk örmäni öwrendim, ony beýleki akrobatlara-da öwretdim.

Birinji çykyşlarymyz şowlandan soň biz „Halas edijiler“ atly ikinji gülküli çykyş taýýarladyk. Men bigörk gyzyl burunly kapitan bolup çykyş etdim. Onda gülküli ýagdaýlar bolup geçýär, olar tomaşaçylaryň göwnünden turýar.

Biz Täze Zelandiýadan başlap tutuş dünýä aýlanyp, çykyşlarymyzy ýene şol ýurtda tamamladyk. Näme üçin Täze Zelandiýadan başlap hasap ýöredýäris? Sebäbi meniň pikirime görä, ol Zemindäki iň üýtgeşik ýer. Biz gezend e durmuşymyzda köp zatlary gördük. Mysal üçin, 1990-njy ýylda Germaniýada çykyş edýän döwrümiz Günorta we Günbatar Germaniýanyň arasyndaky diwar ýykyldy.

ABŞ-da dört gezek bolduk, her gezek bir sebäplere görä garaşylmaýan ýakymsyz ýagdaýlar bolýardy. Birinji gezek daban damarym üzüldi. Zoraýakdan manežden çykan dessime hassahana gitmeli boldum.

Indiki gezek gelenimizde „Katrina“ tupany turdy, Gowy ýeri, toparymyzy harasatdan öň myhmanhanadan äkidipdiler, çünki biziň ýaşan 35 gatlyk jaýymyzyň 8 gatyna zeper ýetipdi. Ýüklerimiz welin tutuş zaýa boldy. Kyn ýagdaýdan çykmak üçin bankdan karz alyp, bir hepdede rekwizitlerimizi dikeldip, çykyşlarymyzy dowam etdik.

2001-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda Nýu-Ýorkdaky türgenleşik geçýän ýerimizdedik. Biz bir ýyllyk şertnama baglaşypdyk, oňa laýyklykda biz ýene bir hepdeden Waşingtona gitmelidik. Elbetde, biz tüsseläp duran goşa binanyň golaýyna bardyk hem elhenç terrorçylygyň pidalarynyň hatyrasyna gül desselerini goýduk.

2009-njy ýylda akrobatlar toparymyz Monte Karloda geçirilen sirk gözden geçirilişine gatnaşdy. Ol seni haýran edýär, çünki oňa dünýä sirk sungatynyň ägirtleri ýygnanýarlar. Biz ýörüte baýraga mynasyp bolduk.

Sirke gelşim barada aýtsam, men çagalykdan sport gimnastikasy bilen meşgullanýardym. Kakam meniň tälimçimdi. Soňra Moskwanyň sirk ýörüte orta mekdebimi tamamladym we 1977-nji ýyldan bärem çykyş edip gelýärin. Oglum «Русичи» toparynyň akrobaty, iki ýaşly agtygym eýýäm öňe aşmany başarýar. Men ykbalymdan müňde bir razy: aşa çylşyrymly, üýtgeşik çykyşlaryň ikisini taýýarlap, olar bilen dünýä ýurtlarynyň köpüsinde üstünlikli çykyş etmek miýesser etdi.

Agyr daşlaryň žonglýory Sergeý ÇUŽOÝ:

-Meniň sirke gelmegime... söýgi sebäp boldy. Permiň söwda tehnikumynda okaýan döwrüm bile okaýan gyzlarymyň birini halaýardym. Bir gezek oglanlaryň biri 16 kilogramlyk daş getirdi. Ony menden hemem ýene bir biçäre oglandan beýlekileriň hememsi göterdi. Men utanjymdan ýere giräýjek bolýardym, çünki göwün beren gyzymam lellimligimi görüpdi. Şol pursatdan başlap, özüme dözümli darap ugradym-da, Permiň «Молодость» halk sirkiniň studiýasyna ýazyldym.

Dogrusy, çagalykdan saglygym gowşakdy. Ýöne sportuň dürli görnüşleri- agyr daş götermek, gimnastika, akrobatika bilen meşgullanyp ugranymdan daýanyp gitdim, beýlekileriň başarmaýanyny edip bilýändigim üçin özüme ynamym artdy.

Bir gezek Permiň halk sirkindäki çykyşlarymy gören Ýuriý Nikulin olara ýokary baha berýär. Emma kän wagt geçmän gaýtadan gurmak döwri başlandy, beýleki adamlaryň köpüsi ýaly menem telekeçilige baş urdum... Eger Moskwanyň Reňbe-reň bulwardaky sirkinde işlemäge Ýuriý Nikulinden çakylyk gelmedik bolsa, soňky durmuşymyň nähili bordy -- şony welin bilmeýärin. Şertnama boýunça men 6 aýlap halk artistiniň aýlygynda işledim. Ol maňa ykbalyň eçilen peşgeşidi, sebäbi Moskwa sirkiniň arenasy meniň hünär taýdan ösmegim üçin gowy mekdep boldy.

Soň men Russiýanyň döwlet şirkine geçip, tutuş Russiýa aýlanyp çykdym. Nižnyý Nowgorodda «Шатрица», syganlar toparynyň tansçylary bilen tanşyp, 1997-nji ýylda olar bilen işläp başladym. Men şol zehinli adamlardan köp zat öwrendim—olara mahsus göçgünliligi, bir sazdan beýlekisine çalt geçmegi öwrendim. «Шатрица» topary bilen dünýä ýüzüne aýlanyp çykdyk, baran ýerimizde-de üstünlik hemramyz boldy.

Aýalym bilen tanyş bolşum, durmuşymdaky iň gowy waka boldy. Bir gezek 17 ýaşly bir gyz söhbetdeşlik guramak barada haýyş bilen ýüz tutdy. Ol şol wagt Moskwa döwelt uniwersitetine girmäge dalaşgärdi. Tans barada gürrüň edilende Kristinanyň ondan gowy baş çykarýandygyny bilip galdym, şonda ol balet mekdebini tamamlandygyny aýtdy. Biz soň hat alşyp ugradyk: ol döwürler bir-birege göwün berenler hat ýazyşýardylar. Kristina MDU-ny we M.Gorkiý adyndaky Edebiýat institutyny tamamlady. Maşgala guranymyzdan soň ol hem özüni sirke bagyşlady. Şo sebäplem Kristina Çužaýanyň ýokary ynsanperwer ylymlarynyň iksini alan dünýäde ýeke-täk howa gimnastikaçysydygyny anyk aýdyp biljek.

Hemişe onuň çykyşlarynda, aýratynam boýnuna syrtmak atyp çykyş edende gaty alada galýaryn. Ony etme diýip ýalbarýanam welin, ony pälinden dändirip bolýarmy näme! Onuň bilen bilekide çykyş etmek isleýäris. Muny amala aşyrmagyň pikirini edýäris.

Golaýda men sirkde çykyş edip başlanymyň 35 ýyllygyny belledim, ykbalymyň şeýle ýola atarany üçin özümi bagtly saýýaryn. Söwer aýalym ýanymda, sungatym bolsa, adamlara şatlyk paýlaýar.

Täsin haýwanlara tilsim öwrediji Marina RUDENKO:

-Aslynda men ozal howa gimanstikaçysydym. Emma onda ýaş çäklendirmesi bar-da. Manežsiz oňmagyň kyn boljagyny bilemsoň deslapdan özümi täze ugra--täsin haýwanalra tilsim bermäge taýýarlap ugradym.

Ilki tanyşlarymyň kömegi bilen 10 ýyl mundan ozal bars edindim. Oňa Leo diýip at dakdym. Özüme öwrenşenden bir aý soň ony kapasadan çykaryp, çykyş taýýarlap ugradym. Şondan 3 aý soň Rostowyň haýwanat bagynda ene bars çagasyny almandyr. Men ony alyp, geçi süýdi bilen ekledim, onuň bilen bir ýatalgada ýatyp-turdum. Sirkde çykyş edýän gyzym: „ Joýy mendenem gowy görýäň“—diýip öýkelärdi. Men: „ Ikiňizem deň derejede gowy görýän“—diýip ony köşeşdirerdim.

Joý öte zehinli bars. Biz onuň bilen hiňňildikdäki tilsim taýýarladyk. Bars üçin bu howplydy, sebäbi belelntlikdäki bat almak onda bökmäge isleg döredip biljekdi.

Soňra ullakan ýylan—piton peýda boldy, häzir onuň agramy 60 kilograma ýetensoň maňa çykyşlarda birneme kynçylyk döretse-de, bu çykyşy tomaşaçyalar şowhunly garşylaýarlar.

Soňra Nil krokodilini edindim, oňa has meşhur at berdik—Gena diýdik. Biraz wagt geçensoň ony gözden geçiren hünärmen onuň urkaçydygyny aýdany bäri oňa Gennadýewna diýýäris. Ondan soň ýene bir krokodil – çykyşlarymda agzyny giňden açýan kiçijik Maşenkany aldyk.

Krokodiller horan bolýar. Dogrusy, olar hepdede bir gezek naharlanýarlar. Her duşenbede olara towuk, towşan etiniň, balygyň hersinden 3 kilogram iýmit berýärin.

Süýrenjiler maýyl howany halaýarlar, gunduzly teňňeleri olaryň tenini artyk Gün şöhlesinden gorasa-da, sowukdan goragy bolmansoň men krokodillerdir pitonlary ýörüte wannalarda hemişe 28 gradus ýylylykda saklaýaryn.

Elbetde, men pitonlardyr krokodillere salto aşmagy ýa-da togalanmagy öwredip bilmerin: çünki bu olaryň tebigatyna ters gelýär. Adam bilen pitondyr krokodiliň bile çykyş etmeginiň özem tomaşaçylary haýran edýär. Şonuň üçinem, men çykyşymy Gadymy Müsüre syýahat ýaly gurnadym, onda her ädimde meniň täsin haýwanlarym gabat gelýär.