Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplar topary ýokary okuw mekdepleriniň arasynda geçirilen olimpiadada öňe saýlandy

Surata düşüren: Hasan MAGADOW

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda ýokary okuw mekdepleriniň arasynda ders olimpiadasynyň jemlerini jemlemek dabarasy boldy.

Aň-paýhas bäsleşikleri iki derejeli ugurlarda 14 ders boýunça geçirildi. Paýtagtymyzdaky dürli ýokary okuw mekdeplerinde Türkmenistanyň taryhy, ekologiýa we daşky gurşawy goramak, türkmen, rus we iňlis dilleri, himiýa, biologiýa, ykdysadyýet, matematika, fizika, häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary, inženerçilik grafikasy, nazary mehanika, materiallaryň garşylygy ýaly dersler boýunça bäsleşikler geçirildi.

Oguzhan adyndaky inžener-tehnologiýalary uniwersitetinde ýurdumyzyň taryhy, ekologiýa we daşky gurşawy goramak, oba hojalyk we lukmançylyk uniwersitetlerinde, ulag we aragatnaşyk institutynda we Goranmak ministrliginiň institutynda diller boýunça bäsleşikler gurnaldy.

Kompýuter tehnologiýalaryna we takyk ylymlara ökdeler maliýe institutynda, Halkara nebit we gaz uniwersitetinde, medeniýet institutynda we D. Azady adyndaky milli dünýä dilleri institutynda, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde bolsa, ykdysadyýet boýunça güýçlini kesgitledilr.

Ykdysadyýet we dolandyryş, şeýle hem binagärlik - gurluşyk institutylarynda himiýaçylar hem-de biologiýaçylar bäsleşdiler. Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda, Çeperçilik akademiýasynda hem-de Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde inženerçilik grafikasy, nazary mehanika we materiallaryň garşylygy ýaly dersler boýunça bäsleşikler geçirildi.

Dört güne çeken bäsleşik öňbaşçyny kesgitledi. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplar topary onda öňe saýlandy. Ikinji orny oba hojalyk institutynyň, üçünji ýeri Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň toparlary eýelediler. Nebit we gaz, inžener-tehnologiýalary we oba hojalyk uniwersitetleriniň, energetika, dünýä dilleri, halkara gatnaşyklary we harby-deňiz institutlarynyň talyplar toparlary güýçlileriň onlugyna girdiler. Olaryň ählisi üstünlik gazananlary mübäreklemek dabarasyna gatnaşdyalr. Mejlisler zalynda olara olimpiadanyň guramaçylarynyň döreden degişli derejedäki diplomlary, hormat hatlary we baýraklary gowşuryldy.

Ýeňijilere Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň „Paýhas çeşmesi“, „Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi“, „Sport dostluga, saglyga we gözellige tarap ýoldur“, „Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy“ atly kitaplary, şeýle hem Döwlet Baştutanynyň redaksiýasy bilen neşir edilen Türkmen diliniň orfografik sözlügi sowgat berildi.

Olimpiadada talyplaryň jemi 327-si baýraklara mynasyp boldular: olaryň 76-sy birinji, 108-si ikinji hem 143-si üçünji orunlary eýelediler. Häzirki täze ýylyň öň panyndaky günlerde olaryň okaýan ýokary okuw mekdeplerinde ýeňijileri mübäreklemek dabaralary geçirilýär.

Ötüp barýan ýylyň ýaşlar aň-paýhas bäsleşikleriniň tapgyryny jemlän ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky ders olimpiadasy ýaşlaryň barha artýan mümkinçilkleriniň, olaryň ylmy we jemgyýetçilik işjeňliginiň, täzeçil pkirlenýändikleriniň we maksada okgunlydyklarynyň subutnamasy boldy.