2018-nji ýylyň ilkinji birža söwdalarynda metal önümleri, nah ýüplügi we buýan köki hasaba alyndy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 7-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna BAE-den, Serbiýadan we Owganystandan gelen telekeçiler metal önümlerini, buýan köküniň erginini we guradylan buýan köküni, nah ýüplügi satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 4 million 100 müň dollaryna barabar boldy.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin bahasy 234 müň manatdan gowrak pagta süýümini satyn aldylar.